Şu gün – 2020-nji ýylyň 15-nji maýynda görnükli türkmen ýazyjysy Atajan Tagan 80 ýaşady. Halypa ýazyjyny ýubileýi bilen gutlap, oňa döredijilik üstünliklerini, jan saglygyny we maşgala abadançylygyny arzuw edýäris!
Halkara ýazyjylar Birleşiginiň agzasy, Türkmenistanyň sungatda at gazanan, Russiýa Federasiýasynyň medeniýetde at gazanan işgäri Atajan Tagan türkmen we daşary ýurt okyjylarynyň iň söýgüli ýazyjysydyr. Onuň örän meşhur “Uruş haçan gutarýar”, “Otly geçip barýar” atly hekaýalaryny okan okyjy öz parahat durmuşyna, döwrüň asudalygyna çyn ýürekden guwanman bilmeýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Açyk gapylar” syýasaty halypa ýazyjynyň döredijilik örüsiniň giňemegine, eserleriniň dünýäniň köp dillerine terjime edilmegine ýol açdy. Onuň kän dile terjime edilip, 850 müň nusgada okyjylara hödürlenen kitaplaryna dürli ýurtlaryň edebiýat hünärmenleri tarapyndan 80-den gowrak oňyn syn ýazyldy. Germaniýanyň “YAM publishing.ru” söwda belgili neşirýaty ýazyjynyň “Keseki” romanyny bütin dünýäniň internet–onlaýn kitap dükanlaryna ýaýratdy. Ony Daşkendiň “Jahon adabiýoty” žurnaly 2014-nji ýyldaky bäş sanynda özbek dilinde doly çap etdi. 2016-njy ýylda bolsa “Uzbekiston” neşirýaty “Begona” ady bilen aýratyn kitap edip, özbek okyjylaryna ýetirdi. “Kesekini” “Izwsestiýa” neşirýaty 265 müň nusga bilen okyja hödürledi. Nýu-Ýorkuň “Dünýäniň sesi” (“Word voise”) hepdelik gazeti romanyň gysgaldylan görnüşi bilen rus dilli okyjylaryny tanyşdyrdy. Türki dilli prozanyň nowellistika žanrynyň ussady hökmünde Berliniň “Halklaryň dostlugy öýünde” 1991-nji ýylda A.Taganyň “Hekaýa agşamy” geçirildi. Ol türkmen edebiýatynyň taryhynda daşary ýurtda amala aşyrylan şeýle çäräniň ilkinjisine öwrüldi. Ýeri gelende bellesek, ýazyjynyň ady agzalan “Keseki” romany bilermenleriň statistikasyna görä, dünýäde iň köp okalýan kitaplaryň sanawyna hem girizilipdi. Häzirki wagtda onuň fransuz diline terjimesi hem tamamlandy.
Okyjylar tarapyndan eserlerine garaşylýan ýazyjy A.Taganyň proza eserlerinden hem öz ssenariýlerinden 5 kinofilm, şol sanda “Tentek” kinokomediýasy döredildi, pýesalaryndan 6 spektakl sahnalaşdyryldy.
30-a golaý kitabyň awtory A.Tagan dünýä edebiýatyndan 6 roman, 3 powest, onlarça hekaýa terjime etmek bilen hem, milli terjimeçilik sungatyna önjeýli goşant goşdy.
30 ýyla golaý döwür bäri gazet-žurnallarda okyjylara ýetirilýän “Kyrk ýylda ýazylan kitap” gündelik-essesi bolsa, türkmen okyjylary üçin bestsellere öwrüldi. Bu kitabyň döreýşi barada ýazyjy şeýle belleýär: “Men 1966-nji ýylyň güýzünden 1994-nji ýylyň güýzüne çenli Moskwada SSSR Ýazyjylar soýuzynyň Prawleniýesinde geňeşçi bolup işledim. Dünýäniň hemme ýurtlary bilen diýen ýaly iş salyşýan, gelim-gidimi kän, abraýly medeniýet ojagynda gulluk etmegim sowet edebiýatynyň wekilleri, daşary ýurt ýazyjylary, edebiýat alymlary bilen ýakyndan tanyşmagyma, olaryň käbirleri bilen dostluk gatnaşygyny saklamagyma getirdi. Men şol adamlaryň köpüsini öz mugallymlarym hasapladym, olaryň özboluşly hem manyly mekdebini geçdim. Şonuň üçin hem meniň şu ýatlama-essämde olaryň atlarynyň, aýdan sözleriniň, hatlarynyň gabat gelmegi tötänlik däldir. Olar hakyky resminamalardyr.
Bu kitaba awtoryň hiç kimiň ýüzüne göni garap aýdyp bilmejek pikirleri-de, durmuş, edebiýat, adamçylyk hakdaky oýlanmalary-da, ýatlamalary-da girizildi. Kitaby edil özüňiz ýaly millionlaryň biri bolan sada adamyň durmuş hakdaky, ömür hakdaky, ynsan gatnaşyklary hakdaky oýlanmasy diýip kabul ediň.
Ýazgylarymyň käbir bölegi ýazyjylar üçin täzelik-de däldir, gyzykly hem bolmasa gerek. Sebäbi beýan edilýän wakalaryň köpüsi ýazyjylaryň dünýäsine degişli, şol dünýäden hem alyndy. Kitaba metbugatda, memuarlarda ozal çap bolan hem döredijilik adamlaryndan eşidilen pikirler-de girizildi. Çünki olar okyjy üçin has-da gyzykly bolar öýdýärin.
«Täzelik ýatdan çykarylan könelikdir» diýen pähim bar. Ozal aýdylan pikirleri, okan hem bolsam, ýatdan çykaranym sebäpli, başganyňky däl-de, özümiňki diýip ýazga goşan bolmagym gaty ahmaldyr. Hem-ä şol, hem-de özümiň özümi gaýtalaýan ýerlerim gabat gelse, ýylgyryp geçiberiň.
Ýene bir zat: Döredijilik adamlarynyň käte juda gödek ýaly bolup görünýän degişmelerini, garagolluklaryny beýan edýän setirleri okap, okyjy ony awtoryň öz galamdaşlarynyň mertebesini kemsitmäge synanyşygy diýip düşünmesin. Gülküsiz, degişmesiz durmuş ýok. Döredijilik adamlarynyň ömri bolsa, köplenç, degişmeden hem joşgundan ybarat.”
A.Tagan öz gündeliginde «Döremek tötänlik, ölmek hökmanlyk» diýip ýazýar. Şol pikirden ugur alyp, onuň şeýle ululykdaky, şeýle çuňlukdaky, şeýle giň diapazondaky ýazyjy derejesine göterilmegi tötänlikmi ýa-da zerur hökmanlykmy diýen sowal döreýär. Jogap hökmünde peýda bolýan kän-kän tötänlikleriň biri hem, onuň otuz ýyl gowrak alysda ýaşap, alysdan synlap türkmeniň gylyk-häsiýetlerini, kämil däp-dessurlaryny, ildeşlerini keseden görüp, guwanyp gezendigi bolsa gerek. «Düýe ýitip semrär» diýleni. Ol türkmende-de ýok däl kemçilikleri görüp agzyna uçuk gaýnadyp ýören bolsa, mähriban topragyna beýle beter üns bermezdi. Belki-de, oňa kalby kireňsiz, il-güniň depesine saýawan, aýagyna çaryk bolup ýören perişdesypat adamlaryň keşplerini döretmek hem başartmazdy.