Selik
15.05.2020 09:07
Zenan diýmek - eneňdir,. Ýary gije ýatandyr,

Daň saz berse dogandyr,
Aňzaklarda doňandyr,
Hor - zar etmejek bolup,
Gije - gündiz eňendir,
Sebäbi, ol eneňdir.

Zenan diýmek - uýaňdyr,
Ýúzúň nury, tuwagy,
Utanjaňdyr, haýaňdyr,
Ýagşy günde begenjiň,
Kyn gúnúňde söýäňdir,
Saňa geljek belanyň,
Öňüňdäki gaýaňdyr,
Sebäbi, ol uýaňdyr.

Zenan diýmek - ýaryňdyr,
Ömürlik ýanýoldaşyň,
Baýlygyňdyr, baryňdyr,
Alawlaýan ojagyň,
Namysyňdyr, aryňdyr,
Keşgiňi deň çekişýän,
Ýakyn howandaryňdyr,
Sebäbi, ol ýaryňdyr.

Zenan diýmek - gyzyňdyr,
Teşne kalbyň gandyrjak,
Aýdymyňdyr, sazyňdyr,
Ömre şatlyk getirjek,
Gül - gunçaly ýazyňdyr,
Ogul bilen deň durjak,
Dowamyňdyr, yzyňdyr,
Sebäbi, ol gyzyňdyr.

Zenan diýmek - dúnýedir,
Adamzada dowamdyr,
Gelip - gidýän demiňdir,
Sorup alýan howaňdyr,
Zenan başy dik bolsa,
Ýaşaýşa gúwäňdir.
Ondan gymmat zat bolmaz,
Tumaryňdyr, dogaňdyr.
Çünki zenan - ýaryňdyr.
Çünki zenan - gyzyňdyr.
Çünki zenan - uýaňdyr.
Çünki zenan - ENEŇDIR.
3
66
Selik
15 May 2020
Мне понравилось
Myhman Myhman
15 May 2020
Su gosgyny aydym edibem aytdylar 8-nji martda
Șeydα
15 May 2020
govy gosgy???
Myhman Myhman
15 May 2020
Sozlerini gowy saylap yazmandyrlar manysy erbet dal yone gowam dal
Myhman Myhman
15 May 2020
Gaty gowy goshgy ????
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.