Dünýä şeýle guralan (hekaýa)2-nji sonky bölümIşannuruň bagtyna, öýleriniň golaýyna baranda, gum gögerçini pisint pasyrdap, Ogulla çykdy. Ýagdaýy eşiden gyz, özünde oňa bolan hiç hili duýgynyň ýokdugyna garamazdan, il-günüň, ýurduň halas bolmagynyň hatyrasyna dolanyp geljegi gümana bolan mert ýigidiň päk söýgüsiniň hormatyna başyndaky öýme ýaglygyny onuň münüp gelen bedewiniň — Garagünäniň boýnuna daňyp, şeýle sözleri gysganman aýtdy:
— Sag-aman gidip gel… Paryzdepe saňa garaşar…
Ol: «Men saňa garaşaryn» diýmän, şäheriň adyny tutdy. Onda-da bu söz — gyz sözi düşnüklidi. Indi ýigide ölüm ýokdy…
Ýigit gidişi ýaly kän eglenmän, mähelläniň arasyna dolanyp bardy. Garry seýis öz gardaşyny ýowuz ýola ugratmaly bolýanyna gynanyp, atynyň boýnuny gujaklady.
— Birinji okdan aman sypsaň, ikinji oka at ýetdirmez. Sag-aman giňlige çyksaň, düýe agynan urpajyk guma ýeteňde öwrüm etgin, halas bolanyňy bilerimiz ýaly. — Soňky sözüni ol pyşyrdap aýtdy: — Ata gamçy çalmagyn…
Mähelläniň bary gözara tarap eňdi. Birhaýukdan kiçijik tüweleý ýaly çalaja tozan dik asmana göterildi. Tozany görüp, indi niçeme günden bäri ýylgyrmak diýlen zat ýat bolan mähelläniň ýüzünde çalaja ýagtylyk göründi. Şol ýagtylyk paryzdepelileriň ýüzünden soň-soňlaram aýrylmady.
Ýow gaýtaryldy. Işannuram, bedew atam iline dolandy. Ýöne gyz sözünden dändi. «Paryzdepäniň aman galmagy üçin şeý diýmeli boldum» diýdi.
Bir gün Ogulla bilen Işannuruň arasynda şeýle gürrüň boldy:
— Öňräkden bäri seni gowy görüp ýörün…
Işannuruň sesi ysgynsyz çykdy.
— Bilýän, ýöne özümiň seni gowy görüp bilmeýänimem bilýän…
— Seniň üçin oda girdim…
— Ýürege giren bolsaň, has gowy bordy.
Şeýle günleriň birinde ýene bir şumluk ýaýrady: «Işannur obadan çykyp gidipdir. Özem, «Söýlüp ýaşalmadyk dünýede, ýaşamak nämä gerek» diýýämişin.
Işannuruň halyna gynansa-da, gyz öz ýüregine emr edip bilmedi. «Eger şol wagt men oňa ýyly söz bermedik bolsam, Paryzdepe heläk bolardy. Men oň aman-sag dolanmagy üçin, il-günüň sag-salamat bolmagy üçin öz ýüregimi aldap, şeý diýmeli boldum. Hak iş üçin ýalan sözläýseňem bor-a» diýip, ol öz göwni bilen jedele girdi.
«Sen söýgi hakda söz açdyň-a» — diýip, göwnem ýeň bermedi.
Ogulla sesini çykarmady. Göwni ýene hüjüme geçdi: «Sen özüňkini dogry edip, paryzdepelileriň ýüzüni ýere salmandygyňa ynamyň barmy?».
Ogulla-da ýeň bermedi: «Bar. Azajygam bolsa, ýürek gozganaýsa, ol däl-dä».
«Näme, ýürek gozganyp-gozganmaz ýaly, söýgem ylymdyr öýdýärmiň?! Ýaşaberseň, söýersiň».
Şol günden başlabam bujurygy çykan günleriň gapysy giňden açyldy. Entek beýle bir güýçli ýel bolup duranokdy, ýöne boljagy ikuçsuzdy. Şonuň üçinem Ogulla gündizlerine ertirki günüň näjüre boljagyny sähranyň ýüzüne seredip biljek bolýardy. Niçikmi, goýun-geçi pyşgyryp, burnuny arçaberse, onuň owadan gaşlary ünjüli çytylýardy. Bu janly tebigatyň üýtgejekdigini aýdýardy. Guşlar hatara düzülip, çöp-çalama münüberselerem, ol ýene kör keýplenýärdi. Bu görnüş harasadyň öňüsyrasyndaky alamatdy.
Gijelerine ol birsyhly Aýa seredýärdi. Aý agyllaberse, onuň ýüregine dowul düşmek bilen bolýardy. Sebäp Aý agyllasa, şemal kybla aýlanýardy. Kybladan öwüsýän şemal has gorkulydy, Ogullanyň ýüregi ýaly geçirimsizdi. Ol hiç bir zada eglişik etmän, öňünde duran zatlaryň baryny süpürip taşlaýardy. Harasat gopjak bolanda, ilki sähra saralyp, agyr dymýardy. Soňam aşyrym-aşyrym ýeller öwsüp başlaýardy. Gyz şeýle ýellerde öýüň jygyldysyna diň salýardy. Göwnüne gara ýel ony göterip, hol beýläk zyňyp goýberjek ýalydy. Öý ikibaka guduraýan ýeliň öňünde, süňňüni saklap bilmän titreýärdi, yranýardy, uklary ýerinden sypaýjak-sypaýjak bolup jygyldaýardy. Ýöne entek ýerindedi.