Dünýä şeýle guralan (hekaýa)1-nji bölümGarry seýsiň sesi ysgynsyz eşidilse-de, düşnüklidi:
— At bir adamyny ýowdan alyp çykar, kimem bolsa biri halas bolmaly. Kim?
Bu söz duşman sütemindenem agyrdy. Onda-da çenini bilýän oguzlara. Haýsy oguz: «Sen gal, men gideýin» diýer. Ýöne halas bolmak üçinem «çüw, atym» diýip, atyň böwrüni debsiläp gidibermeli däldi. Sen bagta töwekgellik, onda-da uly töwekgelçilik edip, ajal bilen ýüzbe-ýüz bolmaly. Eger sen ony başarmasaň, dünýe bilen hoşlaşjak ýeke seniň gara başyň däl. Bütin Paryzdepäniň ykbaly saňa bagly. Hemmäni oýlandyrýan şoldy. Şonuň üçinem mähelle agyr dymýardy. Hatda doýagarna emmeden doýmadyk iňňäbäbegem ene gursagynyň gürsüldisine düşünýän ýaly aglanokdy. Ýöne garry seýis kimdir biriniň halas boljagyny gaty ynam bilen aýdýardy.
— Entejik oguz iline atam gerek bolar, seýsem… Bir adam halas bolmaly bolsa, goý, garry seýis başyny gutarsyn…
Bulutlary böwsen ýyldyrym ýaly bu güňlenç ses ýüzdenem gowrak ýaşan oguz gojasynyň sesidi. Böwet ýarylansoň, ýapaşakdan gaýdylan ýaly boldy.
— Garry seýsiň agtygy mirasdüşer azat bolsun!
— Ýok, ýaş Melike ata atlansyn!
Garry seýsiň goluny götermegi bilen gowurdy peseldi. Ol bir zatlar diýjek bolup, dodaklaryny müňküldetdi. Soňam agzyndan şeýle sözleri çykardy:
— Ertirki gün hakykaty ýazar ýaly, mollaçyr ýigitleriň biri ata atlansyn…
Paryzdepede eline galam alýan ýetikdi. Şonuň üçinem şolaryň biri «Men hatdat» diýip orta çykar öýdüldi. Ýöne çykan bolmady. Garry seýis sözüni üçünji ýola gaýtalady. Entegem mähelläniň tolgunyp durşudy. Bu has erbedi boldy. Sebäp duranlaryň ýüzi birmeňzeş bolmasa-da, hesretleri birdi. Adamlar hataly ýaly, ýüzlerini has aşak sallady.
Garry seýis ýene bir zatlar diýjek bolanda, mähelläni itenekleşdirip, hortap ýigit orta çykdy. Onuň ýüzi uzakdaky sähra ýaly sargyltdy. Öte horugandanmy ýa bolşumy, hereketem gowuşgynsyzdy. Ýöne çaganyňky ýaly aýdyň gözleriniň gyrasynda saklanyp galan gamgynlyk, oňa bolan garaýşy — nebsagyrma ýaly bir zady oýarýardy. Ol dünýeden hiç zat hantama bolman, öz arzuwy bilen ýaşap ýören Işannurdy. Käte onuň goşgy beýlekem goşaýmasy bardy. Adamlar onuň goşgularyny hernä gamgyn pursatlary ýatlardylar. Soňam agyr dymşyp: «Şuň goşgusyny diňleseň, Hudaýyň ýanyna barýan ýaly bolýaň…» diýerdiler. Onuň goşgulary uly dünýä ýüzlenip aýdylýan setirlerdi. Işannur sözi şundan başlady:
— Men hatdat däl, bükülen barmaklarymam, gaty gyssamasalar, zordan sanaýan. Sowat meň ýaly pukara oglan götärden agyrrak telpek… Eger il-ulus unasa, şo ýumşa synanyp göreýin.
Elbetde, ýigidiň howply ýola gadam urmagy hormata mynasypdy. Ýöne söýginiň öz ýoly bardy. Wadanyň, gyz sözüniň göni gelen terki ajaly saklaýanlygy barada eşidipdim. Işannuram şonuň üçin bu dünýede ýaşamagyň, azajygam bolsa, ýeňilräk bolmagy üçin, ýene-de ýaşasynyň gelýänligi üçin şeýdendir. Belki-de, ýyly söz eşitse, dünýeden gitmegem özüne beýle bir agyr bolmazlygy üçin şeýdendir. Ýigit ýumşy bitirmäge ugramazdan öň mähelleden biraz puryja diledi. Her näçe kyn görselerem, halaýyk onuň diýenini kabul etmeli boldy. Şeýdip, agyr ýoluň ýolagçysy arzymanynyň ýanyna ugrady.
Dowamy bar ☘️