Şahyjahan / hekaýa Soñy Şahyjahan öňküsindenem beter gyzardy. Cecini çykarman yzyna öwrüldi. Nämüçin hiç kimimiň ýokdugy, öýlenip aýrylyşandygym ýa düýbünden öýlenmändigim bilen çigit ýalyjak gyzyklanmadam-da, basgançaklar bilen emedekläp gelýän çagalaryna tarap elini uzatdy.
—Duruň, duruň, ýykylaýmaň, özüm barýan!
Men ýüregimi bire baglap sözümi dowam etdirdim.
—Adamçylykdyr, eger-de adamyňyz gaýra gaýşyp dursa, başga hiç ýere gitjek bolmaň-da, göni şu ýere geläýiň…
Şahyjahan bärsine öwrüldi.
— Siz ýaly ýagşy adamlar has köpräk bolan bolsady, onda dünýäde hiç haçan erbetlik bolmazdy. Men:
— Azažyk garaşyň…— diýdim-de, kürsäp öýe girdim. Bir kagyzjyga işimdäki telefon nomerimi ýazyp, Şahyjahanyň eline tutdurdym. — Kyn görmäň-de, ýagdaýyňyzyň düzelendigini ýa düzelmändigini habar ediň. Hökman habar ediň. Ýogsam men biynjalyk bolaryn.
— Bor, dogan.
Gitdiler.
Bir käse çaý içip-içmän, menem işe gaýtdym. Barmankam jaň edäýmesin diýip howlukdym. Çatryklardaky gyzyl çyra ýaşyl bilen çalyşýança içimi it ýyrtdy. Ýörände öňümden barýan maşynlaryň tizligi juda haýal göründi. Signal bere-bere sürüji barynyň ýagyrnysyny ýagyr etdim. Şahyjahan: «Ärimiň-ä şol bir bolşy» diýip jan etdigi: «Bolaýypdyr! Gaýt! Göni meň ýanyma gel» diýerin. Ýok, gel diýmerin-de, nirede duranam bolsa baryp alyp gaýdaryn. Maňa sen bolsaň bolýa. Çagalaryň bolsa bolubersin. Men olaram edil öz çagam ýaly saklaryn diýerin, iki gezek şowlamadyk maşgala durmuşym barada gürrüň bererin, diýip, hatda aýtjak sözlerime çenli içimden gaýtalap-gaýtalap geldim. Wah, o görgüliniň bar günäsi ýuwaşlygydyr, sadalygydyr, aýagynyň dyrnagyny reňkläp ýörenlerden bolanda ojagaz ärsumak oňa ýaranyp gün görse-de kaýyl bolardy-la diýip, dişimi gyjadym. Şeýle mähriban maşgalanyň, şeýle mährem çagalaryň şeýdip gijeden-gije entäp ýörüşlerine gynandym.
Ussahana baranymdan soňam elim işe barmady. Şo-ol, telefona bakyp imrindim oturdym. Başga biri jaň etse ýokuş gördüm. Gepleşenimde sowuk-sala gepleşdim. «Pohmel» etmek üçin ikiden, üçden üýşüşip ugran «burunlardyr» «biburunlar» bilenem lak atyşmanymy kem görmedim. Biri karz pul sorap geldi, berdim, şonuň bilenem olardan ymykly sowuldym.
Günortanaralar telefondan şol agşamky mylaýym ses eşidildi. Ýöne, ol ses indi agşamky ýaly gussaly däldi. Şadyýandy. Parahatdy. Aňyrdan bir ýerden erkek adamyň ýadaw, zorruk sesi, çagajyklaryň jykyrdysy, telewizoryňmy, radionyňmy, «wagyrdysy» gelýärdý.
Şahyjahan adamsynyň özüni diýseň gowy garşylandygyny, edil aýdyşy ýaly daňdandan bäri özlerini gözläp, dogan-garyndaşlarynyňka aýlanyp çykan ekendigini, gaýdyp içmezlige, gepe gitmezlige, tersleşmezlige söz berendigini, özem bu gezekki söz berşiniň öňkülerine görä has üýtgeşikdigini, hatda çagalaryny bagryna basyp aglandygyny hyjuw bilen, hopugyp-hopugyp gürrüň berýärdi.
—Çagalar dagy, jan dogan bir begendi-i, bir begendi-i, heý goýaý!.. Alýo, alýo! Eşidýäňizmi? Gaýgy edip ýörmäň, hemmesi düzeldi. Sag boluň. Ýene-de bir gezek taňryýalkasyn!.. Alýo, alýo…
Trubkanyň elimden gaçanynam bilemok, özumiň goýanymam. Bir görsem telefonyň üstünden penjeläp oýa batyp otyryn. Gulagymda bolsa Şahyjahanyň soňky sözleri dyngysyzlyk bilen gaýtalanyp dur.
Birdenem gepleşigiň birmahallar kesilendigini hem unudyp, trubkany täzeden göterdim-de, uly ilim bilen:
—Bolýa, doganjygym! Bolýa! Şol güler ýüzli çagajyklar ýetim galmasalar bolýa. Biz näme… Ikimiz näme… Biz… Biz hiç… Biz… Biz… Biz nam bolsak şol bolaly… — diýip gygyrdym.
Öz sesimiň trubkadan aňryk gitmeýändiginem, telefonyň birsyhly «guk-guk» edip durandygynam men diňe şondan soň bilip galdym.
Sоñy.