awadan
11.04.2025 09:02
Şahyjahan / hekaýa 5-nji bölüm
Şol wagtam edil, kimdir biri egninden yralan ýaly, gelin böküp ýerinden galdy. Dik oturdy. Alahasyrdy bolup köýneginiň etegini aýaklarynyň uçlaryna tarap çekişdirdi. Ýakasyny ildirdi. Saçlaryny düzedişdirdi. Ýaglygyny daňdy. Aşak bakyp oturdy-oturdy-da, birdenem iki eli bilen ýüzüni tutdy. Aglady. Men öňküdenem kyn güne galdym. Baryp köşeşdirjegimem bilmedim, yzyma dönüp ýatyberjegimem. Meniň ejir çekýänimi aňýan ýaly, gelin elini ýüzünden aýyrdy-da, ýaşa dolan humaý gözlerini gözlerime dikip:
—Senem kyn güne goýdug-ow, dogan! – diýdi.
Edil ogurlykda tutulan ýaly boldum.
—Ýok, ýok, arkaýyn ýatyberiň, maňa siziň ýüküňiz ýok — diýsemem ugrum bolmady.
Şahyjahan ýaglygynyň ujy bilen ýüzüni-gözüni süpürdi-de, pert-pert gepledi.
—Ýagdaýyňyza düşünýän, dogan. Erkek tanasyňyz. Göwnüňize her zatlar gelýändir. Ýöne hudaýyň bendesi bolsaňyz ynanyň. Maňa gownügaralyk etmäň. Gümana gitmäň. Meň öýümden, ärimden, şujagaz çagalarymdan başga zat gözüme görnenok. Men sizi dogan saýdym. Şu ýerigem sizden pena islap geldim. Arkadýgym saýyp geldim. Baryň, arkaýyn ýatyň. Azajyk karar etseňiz daň atar, ýüregiňiz giňär, bizem onsoň bu ýerde uzak eglenmeris.
Ýer ýarylmady, menem ýere girmedim.
Ylgap eýwana çykdym. Dik duran ýerimde arkan gaýyşdym-da, gözlerimi ýumup, maňlaýyma ýumrukladym. Oturyp dyzyma urdum. Budumy burdum. Tä ganlar öýýänçä dodagymy dişledim. Emma barybir, puşmandan çykyp bilmedim.
Oňa çenli: «jiş-ş etjek-de, dyz-z etjek» bolşup, çagajyklaram oýandylar. Işlerini bitirip bolanlaryndan soň suwam içdiler. Ejelerinden bir zatlar soraşdyrdylar. Olaryň «wijil-wüjüllerine» gulak asyp ýatyşyma ýene-de ymyzganypdyryn.
* * *

— Bolýa onda, dogan! Biz-ä gitdik. Eden kömegiňize taňryýalkasyn, Alladan gaýtsyn!
Böküp turdum. Görsem, gapynyň agzynda üçüjigem biri-biriniň elinden tutup, gitmäge hyýallanyşyp durlar. Düşekler ýygnalypdyr. Içeri süpürilipdir. Öý goşlarynyň ählisi tertipleşdirilipdir. Men gözümi ýumruk ýaly edip durşuma uky garyşykly gyryljak ses bilen:
— Çaý bir içip gidiň ahyry—diýdim.
— Ýok, dogan, gideli. Eýýäm gözläp ýörendir o görgüsi ýaman bizi. — Şahyjahan şeý diýdi-de, kynlyk bilen yzyna öwrüldi. Çykjak wagty sägindi-de, çagalaryna ýüzlendi. — Hany, daýyňyza sag bol diýiň!
Çagalar ýüzüme seredişip eljagazlaryny galgadyşdylar. «Sawwol, sawwol» diýşip jedirdeşdiler. Indi kakka gideli, kakka, kakka diýşip, ejeleriniň dyzyny gujakladylar. Gözjagazlaryna ýaş aýladylar. Olaryň bolup duruşlaryny görüp, Şahyjahan bozuldy. Menem birhili boldum.
Gapydan çykansoňlaram çagajyklaryň şadyýan sesjagazlary eşidildi durdy.
Men bir pursat doňan ýaly bolup durdum. Dälizden eşidilýän sesler daşlaşdygysaýam ýüregim çalt-çaltdan urmaga başlady. Gyssagara beýnimiň içinde dürli pikirler at saldy. Olaryň haýsy birini eýerläp münjegimi bilmän durkamam, sag elim işigiň tutaryna ýetdi. Men gapydan çykyp, aýlaw-aýlaw basgançaklar bilen aşak düşüp barýan myhmanlara tarap egildim.
-Şahyjahan!..
Gelin saklandy. Ýokaryk seretdi. Çagajyklar gözlerini ýyldyradyşyp maňa seretdiler. Daýy hoşlaşjak bolýandyr öýdüp ýene-de eljagazlaryny buladylar. Men bokurdagymy arçadym.
—Maşynly eltip gaýdaýaýyn, bolmasa?..
—Ýok, ýok, özümiz bararys.
—Dur onda, taksi puly bereýin.
—Ýok, ýok, gerekgä. Taňryýalkasyn. Bizi mundan artyk borçdar etme, dogan. Awtobusa münäýeris. Bildimiz ba…
Ol ýene-de çagajyklarynyň elinden tutup aşak ugrady. Men batlyrak gygyrdym.
—Şahyjahan!— Ol saklandy. Boz-ýaz bolup bärsine bakdy.— Şahyjahan, bir gelip gitsene!
Şahyjahan uludan demini aldy. Bir maňa, bir çagajyklaryna seredip ýaýdandy. Ýuwdundy. Çagalaryna:
—Şu ýerdejik duruberiň, balalar, butnamaň – diýibem, kynlyk bilen maňa tarap ýöräp ugrady!
Garaşyň diýse-de, çagalaram patdyk-sutdyk edişip ejeleriniň yzy bilen gaýtdylar.
Şahyjahan gapa gelip saklandy.
—Näme, dogan?
Men aşak bakyp durşuma ýuwduna-ýuwduna şeý diýdim:
—…Düýn çagalar oba gitdi diýip, menem seni azajyk aldadym. Meniň hiç kimim ýok, Şahyjahan.

Dowamy bar ☘️
10
63
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.