Şahyjahan / hekaýa 4-nji bölüm Men çagalaryň goltugyndan göterip töre geçirdim. Eşiklerini çykardym. Wannany, hajathanany görkezdim. Ortarada saçak ýazdym. Barymdan goýdum. Çaý demledim. Hemmesini saçagyň başynda oturtdym. Özümem oturdym. Diňe şondan son gelniň adyny soradym.
Gabaklaryny galdyrman, çagalaryny naharlap oturan gelin dodaklaryny çalaja gymyldatdy.
—Şahyjahan.
—Elhepus, köneden gelen gowy adyňyz bar ekeni.
—Hemme-de şeý diýýä.
Men onuň özi hakda köpräk bilmek uçin gürrüňiň ugruny üýtgetdim.
—Adamyň nirede işleýer, Şahyjahan?
—Yskylatda.
—Nähili sklad ol?
—Bilmedim-dä, dogan. Uly yskylatmyşyn öz-ä. Magazinlere-de şo ýerden ýaýraýamyşyn bar zat.
—Onda günüňiz-ä erbet bolmaly däl.
—Günümiz erbet wagty durmuşymyz gowudy, Ýassyk tapman başymyza gap-çanak goýup ýatan döwrümiz agzymyzam birdi. Aramyzda uruş-sögüşem ýokdy. Günümiz gowulaşyp ugradam welin, durmuşymyz erbetleşip başlady.
—Mesligi göterinibilmändir-dä.
Gelin şol bir aşak bakyp oturyşyna eginlerini ýygyrdy. Aşaklyk bilen meniň ýüzüme seretdi. Ýüzümiň «lap-lap» edip ugranyny aňandanam kirpiklerini aşak goýberdi. — Siz nirede işleýäňiz?
— Ussahanada.
— Siz ussamy?
— Ýok, suratçy.
— Surat alýaňyzmy?
— Ýok, surat çekýän.
— Hudožnikmi?
— Howwa.
— Hm-m… — Ol azajyk dymdy-da, ýüzüme seredip ýylgyrdy. — Şu wagt, ine, şeýdip otyrkak birden çagalaryňyz gapydan geläýse nädersiňiz?
— Men olara: ine, doganjygyňyz geldi diýerin.
— Çagalarynyz-a ynanar welin, aýalyňyz ynanarmyka?
— Ynanmasa-da, ýagdaýyňa düşüner. Aýal aýalyň ýagdaýyna düşunmese bolmaz-a…
— Hemme düşünenogam, jan dogan.
—Hemme düşünmese-de, biziňki düşüner.
Garynjagazlary doýandan, çagalar ejeleriniň dyzyny ýaplanyşyp uka gitdiler. Gelni gysyndyrmazlyk üçin çagalaryna, özüne ýatar ýaly ýer görkezip eýwana çykdym. Yzymdan Şahyjahanyň sesi eşidildi.
— Nireden salmaly bolsa aýdyň, men size-de düşek salyp bereýin.
Bu ses maňa diýseň, ýakymly eşidildi. Ýogsam näme, içinden aýal maşgala girip-çykyp ýörse, bir çüňkde çagajyklar «myrlaşyp» ýatsalar, garyp külbä başga zynat gerek däl ahyryn.
Her niçik-de bolsa, men sypaýyçylyk etdim.
—Ýok, ýok. Özüm salaryn. Şu ýerdejik ýataryn men. Siz arkaýyn ýatyberiň şo ýerde.
Esli mahala çenli aşhanadan ýuwulýan gap-gaçlaryň şakyrdysy eşidildi durdy. Öýde özuňden başga-da janly-jandaryň bardygyny duýmagyň süýji lezzeti meni basym meýmiretdi.
…Gijäniň bir wagty üşäp oýandym. Üstüme ýapar ýaly zat almak üçin içki jaýa boýnumy uzatdym. Görsem, üçüjigem gujaklaşypjyk, uklap ýatyrlar. Penjireden girýän sergin şemalyň ýelginine gelniň çep çekgesinde iki ýana towlanýan şar gara towar saçlaryna, bendi ýazdyrylgy keşdeli ýakanyň içinden akjaryp görünýän alkymyna gözüm düşende dyzmaç göwüslerinden göterilýän süýt gatyşykly hoşroý ys beýnime urdy. Ýuregim joşdy. Yşgym göterildi. Şol dem men bugaryp ýatan gelniň howur berýän ýyly gujagyna tasdanam özümi oklapdym. Bir göwnüm ýeňsämden iterip: «Bar, çekinme, çem gelen döwrany eliňden berme» diýse, bir göwnüm ýeňimden çekip «Nebsiňe haý diý, ynsaba eýer, özüňi hossar saýyp gelen naçaryň namysyna göz dikme, ynamyny syndyrma» diýdi.
Aljyradym, näme gözleýänimi özümem bilmän içki jaýa bir girip, bir çykyp ýörşüme barybir gözümiň gytagyny gelniň gaba göwuslerinden aýryp bilmedim. Öten agşamky, aljyrap ýören biçäre maşgala, göz monjugy ýalyjak çagalara hossar çykyp ýören adam bilen, özüni hossar saýyp öýüne gelen halal maşgala hyýal edip duran adamyň ikisiniňem özumdigine ynanmajak boldum.
Dowamy bar ☘️