Şahyjahan / hekaýa 2-nji bölüm
Şäheriň ortarasyna golaýlaberenimde mähellesi azalan, çola köçäniň gyrasy bilen iki çagasynyň elinden tutup ylgaşlap gelýän ýaş gelne gözüm düşdi.
Ýaz aýy hem bolsa, bu ezber ýagyşda olaryn eşikleriniň beýle ýukadygy meni geň galdyrdy. Gelin käte aýak çekýärdi, bir zatlar diýip siltenýärdi we çagalarynyň elinden tutup silkeleýärdi. Käte bolsa olary gezek-gezegine goltugyna alýardy, oturyp bagryna basýardy. Aýasyny kelleleriniň üstüne goýup, ýagyşdan penalaýardy. Kimdendir birinden haraý gözleýän ýaly töweregine garanjaklaýardy. Her bir geçen maşynyň çyrasyna tarap ýapyrylyp-ýapyrylyp seredýärdi.
Onuň ysgynsyzlyk bilen elini galdyranyny görüp, maşynyň tizligini ýuwaşatdym. Azajyk geçibem saklandym. Ekiz owlakly jeren ýaly ylgaşlap gelen gelin maşynyň deňine ýetip kürtdürdi.
Wah, bulam taksi däl ekeni…— diýip, yza serpildi. Eýýämhaçan maşyna münmek üçin gapyny dyrçanaklap ugran çagalarynyň gollaryny gabsadan dartyp aldy. Meniň maşynymyň üstaşyry boýnuny süýndüre-süýndüre ýoluň eýlesine-beýlesine seretdi. Başga-da bir gelýän-gidýän maşyn görunmänsoň, yzky gapyny zarp bilen açdy-da, howlukmaçlyk bilen:
—Bizi wagzala taşlap bilmezmisiňiz, jan dogan?.. — diýdi. — Taksam duranok. Çagalaram gorkjak bolýalar.
— Taşlaýaryn, näme taşlaman, münüň — diýdim. Münýänçäler assyrynlyk bilen syn etdim.
Çagalarynyň ulujasy-ha gyz. Bolaýsa bäş-alty ýaşlarynda. Beýlekisi oglan. Ýöne gyzjagaza görä has ýaş. Ýaňy aýak bitenje diýilýäni.
Gelniň boýy ortamyýanarak. Käte bir asmanyň ýüzüni ýalap gidýän ýyldyrymyň ýagtysyna ýüzüniň akmapraçdygyny aňmak bolýar. Şol aralykda ýalpyldap gidýän ýaňaklary, onuň öl suw bolan eşikleriniň astyndaky beýigi-pesi mese-mälim bolup görünýän endamynyň tep-terjedigini mälim edýär. Alagaraňky hem bolsa men onuň dodaklarynyň ýukadygyny, ýüzüniň inçeräk, burnunyň gönümeldigini, galam degmedigem bolsa gaşlarynyň edil, el bilen çyzylan ýaly nepisdigini, göwsüniň ýaýbaň, babyr bilek, ner but gelindigini aňdym. Gözellik hudaýynyň nazar salan bendesidigine garamazdan, öz öýüniň keşigi bilen başagaý bolup ýören öýdeçi naçardygy bolsa onuň üpül-süpül geýnişindenem bildirip durdy.
Wokzala taşla diýse-de, nämüçindir elinde goş-golam görnenok.
Maşynyň içine girip ýerleşenlerinden soň, men çat manlaýymdaky aýna bakyp, yzky oturgyçdaky üç sany suduryň ortakysyna ýüzlendim.
— Demirýol wagzalynadyr-la?..
— Hä? Wiý, howwa, demirýol, demirýol…
Ýaman zady göwnüňe getirmek gowam däl welin, boluşlaryndan çen tutup, obalaryndan bir sowuk habar gelendir-de, bu-da gyr-gyssag ýetişjek bolup barýandyr, adamsam öýde ýokdur… diýen netijä geldim. Ýöne soramaga çekindim. Bir soran zadym şu boldy.
— Ýaman giçläpsiňiz-le?..
— Aý, howwa, şeýle boldy-da, nätjek-dä…
— Eýgilikmi özi?
Howwa, howwa, eýgilik. Gowulyk.
Şondan artyk zat soramanymy kem görmeýändigini aňlatmak üçin bolsa gerek, gelin maňa kän bir ünsem bermän çagalary bilen boluberdi.
Wokzala baryp duranymyzdanam yzky gapynyň wagty bilen açylmaýandygyny geňläp, ýene-de aýna seretdim. O ýerini, bu ýerini sermeläp, çagalarynyň gulagyna bir zatlar diýip pyşyrdap oturan gelin birdenkä maňa tarap egildi-de, kynlyk bilen:
— Jan dogan, gyssagara kör-köpüksiz gaýdyberipdiris… — diýdi.
Men güldüm. Dilime gelenem şu boldy.
— Puluňyz bolanda-da men-ä pul alman welin, ýöne otla nädip münjek?..
Gelin esli mahal sesini çykarman oturdy. Böwrüni diňledi. Ýuwaşja, özem diýseň näumytlyk bilen: —Belki, özüňiz ýaly hudaýlykla bende duşaýady-da — diýdi-de, maşyna münenlerine monça bolşup, gaz balalary deý garkyldaşyp oturan çagajyklaryny gyssady. — Goýuň sesiňizi. Duşüň basymrak. Boluň, boluň…
Dowamy bar ☘️