Şahyjahan / hekaýa 1-nji bölümGijäniň bir wagtyna çenli ussahanadan çykman işläýmek endigim bar. Iş gyssag bolsa ýa halys gümralyk bassa, ýatymlyk galaýdygymam ýok dal. Daş-töweregiň umsümlik. Gündizki goh-galmagaldan nam-nyşan ýok. Goňşy ussahanalardaky uzynly gününi içip geçiren ýoldaşlaryň in soňkusam yraň-daraň öýüne gaýdar. Gapyňdan geçip barşyna, beýdip, gije-gündiz işlän bolup seniňem gala almajakdygyň barada «wazzyk-wuzzuk» söz sözlär. Giň howlynyň bary-ýogy ýigrimi-otuz ädimlikdäki derwezesine ýetýänçä ýarym sagat dagy eglener. Her ädimde durup çilim otlar. Bir gezek sorup-sormanka-da elinden gaçyrar. Öçürer. Seň gapyňa tarap ýüzüni küsserdip durşuna: «Eý-eý, oduň ýokmy-e-eý?» diýip gygyrar. Dik duran ýerinden balagynyň gonjuna syçradyp buşugar. Iliklerini ildiribilmänem ep-esli güýmener. Çermegini çeker. Öwran-öwranam düş-düşüň kerebinden goranýan ýaly, aýasyny ýüzünden ýöredip goýberer. Henizem seniň ot eltip bereriňden tamakin bolup durşuna ellerini kelemenledip: «E-eý enteg-ä elime burnum bildirýär-eý» diýip hikir-hikir eder. Sebäbi şolaryň öz «iş tejribelerine» görä, şeýdeniňde ýüzüň ustünde burnuň bardygy aýaňa bildirse, entek serhoş bolmadygyňmyşyn. Entek-entekler içibermelimişin. Bildirmese welin, ýetjek derejäňe ýetdigiňmişin. Gös-göni öýüňe gaýdybermelimişin. Şonuň uçinem, olar öz aralarynda degşip, köp içýänlere: «buruny», onçakly köp içmeýänlere bolsa «biburun» diýip lakam dakýar. Bu-da bir olaryň öz neşejikleri.
Ine, onsoň şol, in soňky «burunydan» dynybilseň bolany. Şondan soň imisalalyk bolýar. Çekip duran suratyň bilen ýüzbe-ýüz durup pikir ýüwürtmäge, doly manysynda işlemäge mümkinçilik döreýär.
Men bu ýagdaýa werdiş bolan adam. Bir gün däl, bir hepde ýa bir ýyl däl, elmydama şeýle. Dogrusyny aýtsam, başgaça işlemek mümkinem däl. Gündizlerine dagy eli boş pyýadalaryň ellerine bir çüýşe arak alyp ýörite oturmaga geläýdiklerem ýok däl, «Bir gowuja zat duşdy welin, açaryňy bersene» diýip, boýnuny burup oturanam bar. Her kim öz «işiniň» bitenini bilýändir. Aty çykan ýaly ýyrş-ýyrş edip oturyşyna dişiniň suwuny çekip gaýtam, ýene-de şol diýenini gaýtalap oturandyr. Ahyram öýkeläp gider. Seniň bolsa hem wagtyň köýer, hem zehiniň. Işläb-ä däl, arkaýyn oturyp ýa ýatyp dynjyňam alyp bilmersiň.
Şonuň üçinem, iň gowusy, gijräge çenli galyp işlemek.
Şol günem men işden giç çykdym. Gapynyň agzynda duran maşynymy otladym. Birdenem sowujak ýel öwüsdi-de, gök gürläp, ýagyş ýagmaga başlady. Gel-aý, şu ýerde ýatybereýinem bir diýdim-de, ýene-de niýet edenimden soň yza dönmäni kyn görup ýola düşdüm.
Men şäheriň günorta çetindäki, täze raýonlaryn birine gitmelidim. Ussahanam bolsa şäheriň demirgazyk tarapynda. Şonuň üçinem, şäheri başdan-aýak kesip geçmelidim. Ýagyş gitdigiçe güýjäp başlady. Ýöremek kynlaşdy. Asmandan zemine tarap gyýaklap inýän iri-iri damjalary baharyň porhan ýeli ýanbaşyna dolap alyp ýaňadandan dikbaşşak inderýän pursatlary on ädim öňüňdäkinem saýgaryp bolanok. Maşynyň depesine, kapotyň üstüne palçyldap düşýän dola pisint çabgalar gulagyň agzynda edil, nagra kakýan ýaly güňleç, dygysyz tabyrdy turzup, bir hili kalbyňa wehim salýar. Sürüjilik ukybyňy azaldýar. Aljyradýar. Bir gyra sowulaga-da ýagyş diňýänçä garaşaýasyň gelýär. O zatlaryň üstesine birdenem, ýeri-gögi lerzana getirip gök güburdeýär-de, ýiti, sowuk ýyldyrymyň şöhlesi maňlaýyňy dilip, beýniň daşyndaky çig hamy serpip-serpip goýberýär. Edil depäňden düýrme gylyç inen ýaly yzasy ýüregiňi syhap-syhap gidýär.
Dowamy bar ☘️