Kimde günä?
Bu ýöne bir size gürrüň berilýän rowaýat ýa-da hekaýa däl... bu arassa durmuşda bolaýan we bolaýjak zatlar barada aýdylan setirler. Şuny gowy okap dogry many çykaryp teswirlerde öz pikirleriňizi goýmaklygyňyz sizden haýyş edýäs.
Adaty günleriň birinde Nazar atly oglan internet arkaly bir gyz bilen tanyşýar. Ol gyzyň ady Soltan. Ikisem tiz depginde biri-birleri bilen görüşýärler, hemme waka tomus aýlarynda bolýar. Nazar daşary ýurtda okýar, Soltan bolsa Türkmenistan Watanymyzyň özünde. Bularyň duşuşygy ikisi üçin hem ýakymly mähirli bolup görünýär.
Emma söýgi döränsoň onuň nä derejede duşmanynyň bolýandygyny özüňiz gowy bilýäňiz. Ýagny duşman manysy nämede: adamyň durmuşy elmydama onuň özünden dälde eýse onuň daş-töweregindäkiler bilen hem bagly bolýar, diýmek daş-töwerekdäki adamlar biziň durmuşymyzy düzläp ýa-da bozup bilýär, bu bir adaty tebigy hadysa.
Diýmek, Nazaryň bir dosty öň şol gyza, ýagny Soltana söz aýdyp gören eken. Bu barada Nazar habarsyz bolýar. Ol dostynyň ady Şatlyk.
Wagt geçýär... güýz gelip okuwlar başlaýar. Nazar hem okuwyna gitýär we Soltan bilen şol internetda tapyşan ýerlerinde habarlaşyberýärler. Bularyň söýgüleri güýçlenýär we berklenýär. Soňra Soltan Nazaryň Şatlyk bilen dostlaşýanyny bilýär, emma hiç-hili bir üýtgeşik häsiýet bildirmeýär. Bularyň arasynda bolýan söýgi barada eýýäm hemmeler hem bilensoň Şatlyk dostyndan Soltan barada sorap başlaýar. Onuň soraýşyna üns bermeýär, sebäbi olar tanyş bolan eken, diýmek umumy tanşy hökmünde beýle zatlara üns bermeýär.
Wagtyň geçmegi bilen Nazaryň üsti bilen oglan bilen birek-birek barada ýygy-ýygydan soraşyp başlaýarlar (şol wagtlar Şatlyk bilen Soltan biri-bilen internetda habarlaşmaýan ekenler, olar besdir edipdirler). Nazar ahyram bir gün bu hereketler ýüregine düşýär we bu hakda Soltandan sorap görýär. Soltan bolsa hemme aýdylýan zatlara ýok diýip bu hakda soraýany üçin Nazary günäli edip goýýar. Ýeri Nazar hem samsyk däl ahyrynym bular ýaly zatlary bagyşlar ýaly...
Belkem olar bile bolasy gelen däldir, olar ýöne sorandyrlar, ýa-da şeýlemi? Şular ýaly soraglar oglany basýar. Nazar isle-islemese bu hakda gürleşip Soltana gygyrmaly bolýar. Ýaňky aýdyşym ýaly iki tarabam öýkeli bolup söýgem wagtlaýynça tamam bolýar.
Bu wakadan soňra Nazar öňki içgi ýoluna düşýär. Şatlyk bilen Soltan bolsa indiki tomus pasylynda toýlarynyň meýillerine düşýär. Olaryň toýlary barada Nazar ýurdymyza dolanyp gelende bilýär. Ondan öň elbetde Şatlygyň öýlenjek bolýanyny hem bilýär, ýöne kime öýlenýänini bilenok.
Bu zatlary eşiden Nazar dünýäniň manysy ýitirýär. Siz özüňizde suratlandyryp görüň, siz elbetde tfu-tfu-tfu daş etsin diýersiňiz. Eger siziň iň gowy dostyňyz bilen siziň çyndan söýen gyzyňyzyň toýy bolsa näme ederdiňiz?
Adamlar, hemmelere ynanmaň. Dostlyk bir menzil, söýgi awuly hezil hem bolýandyr. Bu zatlara hatda ynanmakda kyn, ýöne bolan ýerleri bar. Hemmesinde-de gyz günäli. Sebäbi wagtynda Nazary saklap bilmedi we olam gahar edip nädip ýaşaýanyny bilmedi. Elbet kyn günler bolar, ýöne söýgüde ynam gerek diýýärler, emma şol ynam bolsa şular ýaly zatlaryň gaýtalanmagyna eltip biler. Adamlara dogrusy ynam galmady, şonuň üçin kimler bilen aragatnaşyk saklaýanyňyzy biljek boluň, belkem şol adam seni bagta eltsin. SERESAP BOLUŇ!