Hommadyñ gyzy hekaýa Sony —Çagalaryňa mähir bolar, işalla, Geldi jan.
Geldi Hommat hasapçynyň içki harasatyndan bihabar bolansoň, onuň sözlerine gulagam gabartmady. Hommat hasapçy öz ýanyna bir iş bilen gelip, aýaly hakdaky gürrüňem gepiň gerdişine görä gozgaýandyr öýdýärdi. Şonuň üçin Hommat hasapçynyň soňky sözleri onuň gulagynyň düýbünde bomba ýarylan ýaly etdi.
—Men saňa Bägüli bereýin, Geldi jan, al şony sen—diýip, Hommat hasapçy birden öz wawwaly meselesini orta atyp goýberdi.—Ýygnasaň bolýa. Meni iliň gürrüňinden dyndarsaň bolýa. Galyňam gerek däl, zadam. Çagalaryňa-da mähir bermäbilşinden bermesin şol! Mähir bermese, kellesini alaryn men onuň!
Geldi gop berlen dek bolup, ýerinden zöweldi. Gulaklarynyň eşidýän zatlaryna ynanman, dili tutulan dek boldy. Bägüliň ugrunda ýanyp-bişen günleri, Hommat hasapçynyň özüni uran pursady göz öňüne geldi.
Geldiniň öz sözüne hiç hili jogap bermän, dymyp durmasyny razylykdyr öýden Hommat hasapçy ýene sözleriniň üstüni ýetirdi:
—Sen ony bir wagtlar gowam görüpdiň-ä, Geldi jan. Sen meni bagyşla. Men şonda samsyk bolupdyryn. Saňa el göterenimi bagyşla.
Geldi birdenem özüni oturgyja goýberip, ekezlendi. Hommat hasapçynyň içini ýakmak isledi:
—Ýaşlyk-da, Hommat aga. Men-ä seniň gyzyňy beýle bir gowam görüp baramokdym. Eger ýürek bilen gowy gören bolsam, sen ursaňam, öldürseňem, her edip-hesip edip, öýlenerdim oňa. Sen meni urup gaýdaňsoň men: «Şeýle bikemal, gylyksyz adamyň gyzy bir dereklimikä» diýip oýlandym-da, akylyma aýlandym.
Geldiniň sözleri Hommat hasapçynyň ýüregine ok bolup çümdi. «Şeýle sözleri eşidenimden, ölenim müň paý gowy dälmidir!» diýip, ol ýüregini sançdyryp-sançdyryp oýlandy. «Döremän geçen gyz, döremeseň bolmadymy sen! Seň üçin kimlere ýüzümi saraltmaly boldum!» diýip, Bägüle gargynjyrady. Birdenem onuň gulagyna aýalynyň «Bu zatlar üçin kim günäkär!» diýip gygyrýan sesi gelen ýaly boldy.
Geldi sözüni dowam etdi:
—Meni urup gaýdan günüň agşamsy men seniň öýüňi otlamakçy boldum, Hommat aga!
Geldiniň bu sözlerine Hommat hasapçynyň gözleri hanasyndan çykaýjak boldy. Ziňkildäp gitdi. Ýüzi ýedi ýuwlan ak esgä döndi.
—Gorkmasana, ol bir gögele ýetginjegiň ar alma duýgusynyň möwjemegi—diýip, Geldi Hommat hasapçynyň gorkýanyny duýup ýylgyrdy.—Şonda kakam pahyr maňa: «Oglum, Hommat baý adam. Ol bütin birleşigi sorup otyr. Bu gün sen onuň öýüni otlasaň, ertir ol öňküsindenem gowy öý diker. Iň gowusy, ony Allatagala tabşyr-da goý. Azana temmisini hudaý berende, bendesiniňkiniň çeni bolýan däldir. Hommat gyzyna gowy söz aýdyp, gadyr goýýan adama jebir edip gitdi. Hudaý onuň gyzyny, belki, bigadyr eder. Şonda Hommada kyn bolar» diýipdi… Menem kakamyň diýenini etdim… Ýokary okuwy tamamlap, sülçi bolup gelemsoňam, men saňa köşk ýaly jaýy gurduryp, tumşugyňy göge tutmagyňa, ili äsgermezlik etmegiňe sebäp bolýan baýlygyň nireden gelýäninem subut edip bilýädim-ä ýogsa…
«Sülçi bolup gelemsoňam» diýen bolýa, haramzada!» diýip, Hommat hasapçy Geldiniň näme diýjek bolýanyna düşünip, içinden pikir öwürdi. «Seni tutubam bilýän!» diýjek bolýa bi maňa».
Ol Geldiniň özüne welin başgaça jogap gaýtardy:
—Seň kakaňam, senem akylly ekeniň, ogul. Hudaý meniň öýümi däl, ömrümi ýakdy. Gyzymyňam, aýalymyňam ömri köýdi… Geçen günlerimiziň mazasyny bilen däldirin…—Şeý diýip, ol ýoluna rowana boldy.
Geldi onuň hoşlaşmasyna-da jogap bermedi.
Hommat hasapçy Geldiniň ýanynda peselip gaýtmasyna-da kemsinip, öýüne girip, aglamak aglady. Ýöne Geldä gyzyny hödürlänini welin, gyzyna-da, aýalyna-da duýdurmady. Ol indi özüniň hiç kimiň igenjine, iňirdisine çydap bilmejegini bilýärdi.
Hommadyň aladasynyň üstüne alada goşup, tigirlenip duran günleriň biri onuň gapysyndan ahyrsoňy ýene bir sawçyny getirdi. Gelenler Bägüli sekiz çagaly dul ogullary üçin soraýardylar.
Hommadyň gözüne giýew boljagyň çagalarynyň sany görünmedi. Ol kempir bolmanka, gyzy gapysyndan ýygnalsa oňdy.Bägül ilden utanyp, toýam etmedi, tomgy-da. Başyna atylan köne kürtä çümüp, ýat kişiler bilen gijäniň garaňkylygyna çümüp gitdi… Onuň durmuşa çykanyny illerem soň eşitdiler.
Hommadyň aýaly gyzynyň yzyndan ses etdi: