flowers_
20.03.2025 00:22

SALGYŇY GOÝUP GIT

Kalbyma kök uran umydym bardy,
Ýokardady arzuwlarym bulutdan.
Seň şalygyň bardy göwnümde, emma
Neçüýn baryn ýele zyňdyň, unutdyň?


Umydymy şemal öçürdi eýýäm,
Arzuwlarmyň boýy – barmagym ýaly.
Gideňde salgyňy goýup git, dünýäm,
Hatda azaşybam barmazym ýaly!



Mukam Muhamow.

13
149
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.