Gyzykly fakt
Dünýäde häzirki wagtda ulanylýan dürli gurallaryň, maddalaryň, derman serişdeleriniň we beýleki zatlaryň köpüsi tötänleýin diýen ýaly oýlanyp tapylýar. Olaryň arasynda iýmit önümleri hem bar. Ine, olaryň käbiri:
Buzly doňdurma: tomus paslynda köpleriň halaýan iýmitleriniň biri bolan doňdurmanyň bu görnüşini 11 ýaşly çagajyk oýlap tapýar. 1905-nji ýylda San-Fransiskoda Frenk Epperson atly oglanjyk suwa gabardyjy külke (düzümi natriý bikarbonat) goşup oýnaýan eken. Frenk içine gabardyjy külke garylan suwy gije eýwanda goýupdyr. Ertesi irden suwuň doňup buza öwrülendigini görüpdir we öz ýaşyndaky ähli çaganyň edip biläýjek işini edipdir – buldurap görünýän buzy dadyp görüpdir. Netijede, her tomus çagalaryň höwes bilen satyn alýan buzly doňdurmasy peýda bolýar.
Emeli süýjediji: bu iýmit goşundysy adaty şekeriň deregine ulanylýar. Bu iýmitiň kaloriýasy ýok diýerlik derejede az. 1879-njy ýylda ABŞ-nyň Merilend ştatynyň Baltimor şäherindäki Jon Hopkins uniwersitetinde işleýän rus himigi Konstantin Falberg işden çykyp barýan wagty elinde süýji tagamyň bardygyny aňýar. Ol munuň laboratoriýada aşa köp gaýnadylan himiki elementlerden bolup biljekdigini pikir edýär. Soňra bolsa, himiki elementlerden garyndy taýýarlaýar we hemişelik ýaşaýan ýeri Germaniýa gaýdyp geleninde ilkinji süýjediji bolan saharini öndürýär.