https://owrenmeli.app/74509-gijeki-shbetn..html#comment
flowers_
13.03.2025 22:01
Gijeki söhbet
Ýene-de bu gije ýeke otyryn
Erkim berip gara gijäň ellerne
Ýöne men özümi ýalňyz duýamok
Hyýal söhbetdeşim dostlaryň ýerne
Onuň bilen gürrüňleriň çägi ýok
Asmana uçýarys, zemine düşýäs.
Hamala köneki ülpetler ýaly
Ol maňa, men oňa sözsüz düşnüşýäs.
Meniň manysyzja ýeňil sözlerme
Ýüzüm daramady demir daraklap
Garaz şeýdip bir gijäniň içinde
Ömür kitabyny çykdyk "waraklap".
Oturyp özgäniň gepin etmedik
(Aladamyz geljek, şu gün hem geçen)
Özümiz agladyk, özümiz güldük,
Gyzyklam eken.
Ilmyrat Babaýew
0
116