Amtist we nar (konspirologik, ylmy-fantastiki hekaýa) dowamy..
Kitabyň girişinde ''Bu kitap başda grek dilinde ýazylan asyl çeşme bolup, 1221-nji ýylda Hironum Benedikt tarapyndan latynça terjime edildi. Ametist Injili dünýäniň ýaradylyşyndan halasgärimiz Isa we onuň hawarylarynyň hristiýançylygy ýaýradýan wagtlaryna çenli bolup geçen wakalary öz içine alýar'' Professor Arkwraýt bu kitabyň apokrif Injilleriň biridigine göz ýetirdi.
Kitabyň başyndaky setirlerde şeýle ýazgylar bar: ''Howa ýylanyň beren miwesi bolan nardan dişledi, soňra ony Adama berdi, Adam hem Howanyň dişlän ýerinden dişledi welin nar şaň gaty bolup doňup galdy…'' Jonatan Nar sözündäki çykgyda göz aýlady welin onda şeýle ýazgy bardy: ''Şu motiw beýleki Injillerdäki çeşmelerde Nar däl-de Alma bolup gidýär, bu miwe daş ýaly gatap Adam ata we How eneden, beýleki pygamberlere, olardanam Isa pygambere gelip ýetipdir. Pygamberler şonuň üsti bilen adamlara keramat görkezipdirler… Bu Injil Adam bilen Howanyň gadagan edilen miwäni, ýagny nary iýip, onuň ametist daşyna öwrülendigi barada gidýärdi we naryň alhimik usul bilen tiz wagtda ametist daşyna öwrülmeginiň formulasy metafora görnüşinde gizlenendi… Professor bu kitaby şol otagdan çykman 3-4 sagadyň içinde labyzly okap çykdy. Okap otyrka her bir setirleri paýhas eleginden geçirýärdi. Kitapda naryň 1 aýda ametist daşyna öwrülmegini aňladýan gizlin şifrler we metaforalar bardy. Bu bolsa «Ametist Ložalarynyň» ençeme ýyldan bäri gözläp gelýän proses formulasydy. Ametist Ruhanylary naryň miwesinden ametist daşyny öndürilýändigini bilýärdiler, emma bu prosesiň tamamlanyp gutarmagy üçin 100 ýyl gerek bolýar. Şol sebäpli, olar Injilde gizlenen tizlik formulasy bilen müň ýyllar bäri gyzyklanyp gelýärdiler. Ýöne onuň gizlin koduny hiç kim kelle döwüp tapyp bilmedi. Diňe şol koduň gizlenip haýsydyrbir Injil kitabyna ýazylandygny welin agyzdan-gulaga ýetirip eşidipdirler. Ine bar bolan zat şu!
Professor Arkwraýt jübüsinden çilim tabak çykardy-da otlady.
Başam barmagy bilen külembike barmaklaryny maňlaý çekge bölegine ýetirip oýlandy. Ol sagadyna seretdi.
Sagatda gün: 25-i, aý: Noýabr, ýyl 2011-nji ýyl, sagat 15:36… Ol çilimini çekip boldy-da küldana basyp ony öçürdi we içinden:
''Şu wagt hälki kofeden ýene-de bir içsedim…'' diýdi.
Ol stulyna arkaýyn ýaplandy-da ýylgyrdy.
Şol günüň ertesi Oksford Uniwersitetiniň web sahypalarynda, gazet-žurnal makalalarynda Arkwraýtyň Ametist Injilini öwrenýändigi hakyndaky habarlar Dünýä ýüzüne ýaýrady. Bu habar Dünýäniň bilermenlerini, aýratynam Gizlin jemagatlar bolan Ložalaryň ünsüni çekdi. Dünýäni dolandyrýan gizlin jemagatlar bolan Mason Ložalary bu habary eşider-eşitmez, herekete geçdiler we bu Injili öz gözegçiligi astyna alyp, Professor Arkwraýta ''Lal açdyrmak'' üçin dolandyrmasy astyndaky adamlaryny iberdi.
dowamy bar..