basladykmy
Düýn, 02:07

Akylly telefonlar


••••••••«Akylly» telefonlar barada dogrular we ýalňyşlar


Ýalňyş:♦Telefony irdene çenli zarýada goýmak zyýanlydyr.


Dogry:♦ Telefonlar doly zarýad alanyndan soň, awtomatiki ýagdaýda energiýa almagyny bes eder.


Ýalňyş:♦ Täze telefony gutudan çykarandan soň, 100 göterim bolýança zarýad bermeli.


Dogry:♦ Telefony ilkinji gezek ulanmak üçin doly zarýad gerek däl! Bu ýagdaý öňki çykan telefonlara degişli bolup durýar.


Ýalňyş:♦ Telefon zarýad alýan wagty ulanmak ýalňyşdyr.


Dogry:♦ Eger ýasama telefon, ýasama batareý, ýasama zarýadnik ulanýan bolsaňyz, onda bu maglumat dogry. Emma bularyň üçüsi hem hakyky (original) bolsa, onda hiç hili zeleli ýokdur.


Ýalňyş:♦ Telefony öçürmezden zarýad berip ulanmaly.


Dogry:♦ Telefony birnäçe aýlap öçürmezden ulanmak batereý üçin zyýanlydyr, telefony günde 2-3 minut öçürmek batereýiň ömrüni uzaldar.


Ýalňyş:♦ GPS açyk bolsa köp zarýad iýýär.


Dogry:♦ GPS açyk bolsa zarýady GPS dälde, ony ulanýan programmalar iýýär.


Ýalňyş:♦ Telefon aşa gyzsa, ony holodilnige salyp sowatmak has peýdaly.


Dogry:♦ Eger telefon gereginden artyk gyzýan bolsa, onda ony bejermek üçin ussa görkezmeli. Gyzgyn ýerde bolmak ýaly, telefony holodilnik ýaly sowukda saklamak hem deň derejede zyýanlydyr.


Ýalňyş:♦ Telefonyň zarýadyny doly gutarandan soň doldurmaly.


Dogry:♦ Bu ýagdaý öňki telefonlar üçindir. Täze telefonlarda zarýad 30-80 aralygynda wagty zarýada goýmak hem-de zarýatdan aýyrmak maslahat berilýär.

9
50
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.