Ynsap (Hekaýa) 4-nki bölüm
Düşünmez ýaly zat ýok. Bu-da onuň aýratynlyklarynyň biri ahyry. Kakasy: «Iren şu ýerdemi, dälmi, hiç anyk bilip bilmersiň. Edil ýaňyja-da şu ýerde ýalydyr, eýýäm ýokdur. Ol gaýyp bolup, soňam islän ýerinden çykýan ýalydyr» diýip, häli-şindi degşerdi.
— Eşidýäňmi, Serž, bäri adamdan doly. Biz biderek wagt ýitirýäs. Özüň gözlesene. Men şu ýerdejik garaşjak, eger ony tapaýsaň: «Siz bilen Magellan gürleşmek isleýär» diýip aýt.
Oglanjyk atylyp ýerinden turdy. Ol haýran galmakdan ýaňa esli wagtlap aýňalyp bilmedi. Bu-ýa hetden aşmak bolýar. Serž uludan demini alyp:
— Ol üstümden güler ahyry — diýip pyşyrdady.
Şol gezegem gülüpdi, ýöne şonda-da ýakymly.
— Serž, seniň özüň synpdaş ýoldaşlaryňa lakam dakyp, gülüp görmediňmi? Hijemmi?
— Bolýar — diýip, oglanjyk razylaşdy.
Näme diýseňem, Serž gaty gowuja oglan.
— Men saňa garaşaryn, oglum.
Satyjy aýallaryň biri ony dükanyndaky oturgyçda oturtdy. «Sag bol, mademuazel» diýip, ol hasasyny dyzlarynyň arasynda gysdy. Satyjy aýal her gezek ondan ötünç sorap, müşderileriň ýanyna barýardy, olar giden dessine-de, ýene gaýdyp gelýärdi.
— Mademuazel, siz näme satýaňyz!
— Ýapon gurjaklaryny!
Bä-ä, olar gaty owadandyrlar öz-ä… Ol Serže kitapmy, oýunjakmy, garaz bir zatlar satyn almalydy. Adamlar onuň daş-töwereginde iki ýana gaýmalaşýardylar, aýak çekýärdiler, özara gürleşýärdiler, çagalar bolsa alagohdylar:
— Roždestwo baýramynda on adam bolup üýşýäris.
— Eşidýäňizmi, gyzym buhar pejinden meniň köwşümi asyp goýjak bolýar. Ol: «Onuň içine has köp sowgat sygar» diýýär.
— Mademuazel, oýunjak awtoulaglar nirede satylýarka?
— Daşary çykamyzsoň Aýazbaba bilen surata düşjekdirin.
— Men-ä, sen eýýäm o ýaşdan geçdiňmikäň öýdýän.
— Men elmydama şu hili şöhlat alýaryn.
— Şokolady ýegenlerim getirer.
— Seret, tans edýän masgarabaz, gaty gowy ýasalypdyr, şeýle gerek?
Olar üçin hemme zat gowy, gülala-güllük. Olar akja örtginiň üstüne gülgüne şemler goýarlar, aýallar eginleri açyk köýnek geýerler, ýyldyzlar bolsa asmanyň dürli künjeklerinden olaryň monjuklarynda, barmaklarynda we kümüş gap-gaçlarynda şöhle saçarlar. Olar daňdana çenli bu ajaýyp oraşan düýşden lezzet alarlar. Çagalary bolsa peçleriň turbalary ýaly garaňky, gar bilen örtülen üçek ýaly näzik hem sowuklaç çuň uka gark bolarlar. Olar düýşlerinde uzakdaky tokaýlary, külbeleri hem-de dürli reňkli gutlag hatlaryny görerler. Daňa golaý Günüň ilkinji şöhleleri penjirelere düşer, bahar we ertirki deňiz kenarlary hakda joşgunly aýdymlar eşidiler. Näme üçin ertirki? Baýramçylyk entek uzak dowam eder ahyry.
— Mesýö, onuň nirededigini bilemok, hiç ýerden tapmadym — diýip, Serž müýnli gürledi.
— Zyýany ýok. Hany, gel bärik, oglum. Özüňe gowuja oýnawaç saýla. Men saňa sowgat edesim gelýär. Hawa, hawa, ýok diýme, meniň özüm alyp beresim gelýär.
Serž utandy, sowgadyň näme üçin berilýänine düşünmedi. Aslynda, sowgat bermäge hemişe-de sebäp bar. Bä-ä, näme alarka? Aý, bu-ýa aşa gymmat. Bulam gaty uly. Ýok, ýok, gerek däl. Wah, isleg güýçli, erk edip bolýamy näme?! Mesýöniň göwnüni ýykmazlyk üçin, oňa kiçiräjik zadam bolýar.
— Halan zadyňy saýla, men garaşýaryn.
— Onda oýunjak…?
— Näme?
— Aw esbaplary.
— Ýok!
Dowamy bar ☘️