Ynsap (Hekaýa)3-nji bölüm — Hanha ol — diýip, oglanjyk gygyrdy.
— Sen ony görýäňmi?
— Hawa, ýoluň o tarapynda, märekäň içinde, dükanyň girelgesinde aýak çekdi.
— Geçýäsmi?
— Ýok, edil häzir bolmaz, şu wagtjyk gyzyl çyra ýandy.
— Çyndanam, ol durmy?
— Hawa, şoňa-ha meňzeýär, birine garaşýar öýdýän, onuň duşuşygy bar bolaýmasa. Ýok, ýöredi. Ýene durdy. Aýazbaba bilen gürleşýär. Näme, näme? Bu aşa hetdenaşma bolýar!
— Sen degişýäňmi?
— Çynym, jenap, hut Aýazbaba girelgede bildiriş paýlap ýör.
— Hä-ä, şeý diýsene, senem ol Aýazbaba bilen gürleşýändir öýtdüňmi?
— Ýok! Serž ýalňyşypdyr. Ol dükanyň tekjelerine göz gezdirýär eken. Ony suratlandyraýynmy? Aňsat-ha düşmez welin… Ýogsa-da, mesýö, indi ýoly kesip bileris — diýip, ýöräp başlady. — Mesýö, ol sary saçly, orta boýly, kaddy dim-dikje,
egninde-de goýy gök reňkli paltuny bar — diýip, oglanjyk gözüni aýyrman durşuna ony suratlandyrdy.
— Sag bol. Biz häzir nirede?
— Uly dükanyň öňünde. Ol şu ýere girdi.
— Onda nämä durus, gitdik.
— Dükanamy?
— Hawa, körpe.
— Sizem içine girjek bolýaňyzmy?
— Päheý-de weli, körpe, soraýaňammy, elbetde girjek, howluksana.
Durmuşda sary saçly gyz gaty köp, her dürlüsi bar. Onuň saçlary käwagt çyparam öwüsýärdi. Emma onuňky ýaly göwresi dim-dik zenana duşaýmak weli aňsat däl, gördüňizmi, oňa hatda çaga-da üns berdi. Ol kaddyny hemişe dik tutýardy. Ýok, ýok, tekepbirlikden ýa ulumsylykdan däl, ony ene-atasy şeýle terbiýeläpdi. Olar sport bilen aşa gyzyklanýan, kämillige ýeten sport ussatlarydy. «Daşymdan göräýmäge, men howuzlarda goýulýan heýkeli ýada salýanmykam diýýän» diýip, ol hezil edip gülerdi. Ýöne ol tekepbirlik bilen synasyny dik tutmasynyň özüne aýratyn ýaraşyk, owadanlyk berýänliginden, özüniň ýaşajyk barsa meňzeýänliginden habarsyzdy. Hemişe ene-atasynyň gereginden artykmaç yhlas edendiklerine ökünerdi… Bular bary-ýogy o hakynda içimde saklap ýören ýatlamalarym, onuň üstünden ajaýyp atyr ysy kükeýän hyýaly keşbi.
Ine, şu ýerde-de ähli atyrlar özüniň gaýtalanmajak ysyny ýitirýärler. Olar derileriň, matalaryň, myhak gülüň, jasminiň, tuberozanyň garyndylarynyň ysy, ýakymsyz, dymyljyk der yslary bilen garyşýar. Ine, şu-da hut dükanlaryň ysy. Hemme erkekler ony halanokmyşlar. Özüm-ä hiç hili ýigrenemok. Maňa känbir tapawudy hem ýok.
Ol gaty köpden bäri gaýda-gaýmalaşygyň, dyknyşygyň, alagohuň içinde dükanyň bir bölüminden başga bir bölümine keýpine aýlanyp görmändi. Entegem oňa mümkingadar eglişik edýärler, gören dessine oňa ýol berýärler. Hawa, Seržem gowuja ýoldaş bolup çykdy.
— Siz o hanym bilen tanyşmy? — diýip, oglanjyk oslanmadyk soragy berdi.
— Hawa, tanaýardym.
— Öňden bäri tanaýan bolsaňyz gerek?
— On ýyl bäri.
Oglanjyk uludan demini aldy. Bu onuň üçin giden bir ömür.
— O wagt men iki ýarym ýaşymda ekenim. Mesýö, sizden ýene bir zat sorasym gelýär…
— Hawa?..
— Hany, aýak çekiň — diýip, oglanjyk onuň elini gysdy. — O hanym ýokarda, ikinji gatda, oýunjak satylýan bölümde.
— Gaty gowy, meni şo ýere äkit.
— Nädip?
— O nähili nädip? Öňkiň ýaly… idip.
— Men, neme, eskalator bilenmi diýjek boldum.
— Sen «Hop» diýseň bolany, seniň bilen deňje ätlärin.
Olar ýokary çykdylar. Seržiň keýpi gaçdy:
— Ol ýaman gyssanýar. Ol eýýäm bärde ýok. Düşünýäňizmi, mesýö, edil şu wagtjygam bardy, eýýäm gürüm-jürüm bolaýypdyr.
Doganmy bar☘️