awadan
07.03.2025 07:29

Ynsap (He­ka­ýa) 2-nji bölüm
Oglanjyk onuň egninde giňräk bolýan gök paltunynyň bardygyny, ýalňyşmasa, kinoteatryň deňindäki çatrykdan geçip, beýleki köçeleriň biri — üçünjimi, dördünjimi köçe bilen gidendigini aýtdy. Gök reňklimi?! Ýöne ol gyşyna açyk reňkli zatlary geýmegi halanok ahyry. Öňler-ä çal, mele, goňras reňklisini geýýärdi. Bu paltunam açyk reňkli däl bolsa gerek. Ähtimal, häzir gök reňk ýoň bolandyr ýa-da ol birine görünjek bolýandyr. Ýöne kime?!. Adamsynamy?! Ýöne ol gaty erkindi ahyry. Aý, bu nämäni aňladýar diýsene, adamlar üýtgeýär ahyry. Ol: «Bu ýyl gök reňk ýoňmy?» diýip, oglanjykdan sorady. Oglanjyk tykyrap, jogaba garaşdyrdy. O nireden bilsin, ýoňmy, dälmi? Ilki oňa ötegçilere seredişdirmek gerek:

— Köpler-ä ýaşylda, aý, neme… melemtik reňk ýoň bolaýmasa. Garaz, şu döwürde ähli reňkem geýilýär — diýip, başdansowma jogap berdi. Onuň ejesinde gara paltun, uýasynda bolsa çal kostýum bar.

— Seniň adyň näme?

— Serž.

Ol oglanjygyň egninden tutdy-da, ony saklap:

— Öwrüleňde haýalrak öwrül, haýyş edýän. Göni ýolda, ýanýodada gatyrak ýöreseňem bolar. Üstesine-de, daş-töwerek adamdan doly. Olar hasamy görýärler-ä. Ony göze iler ýaly birneme göteribem bilýän, emma sen meni idip barýaň ahyry. Ýöne öwrümde men gaty ünsli bolaýmaly. Şonda men deňagramlylygymy ýitirýän — diýdi.

— Düşnükli, itjagaz edinseňiz näme? — diýip, oglanjyk sorady.

— O-da gowy pikir. Ýöne ho-o garramda. Nirede biz?

Olar üçünji köçe bilen gitdiler. Näme üçin beýleki köçeler bilen gidäýmediler?! Sebäbi oglanjygyň gözüne gök paltunly ilen ýaly boldy. Soň ýene ony ýitirdi.

— Zyýany ýok, Serž, ýene gözlegimizi dowam ederis.
Şäher durşuna gök tegmil bolup dur, ýöne diňe onuň ýaşaýan ýerinde hemme zat mydama gara. Diwarlaryňam reňki birmeňzeş. Çatryklary, ýeriň üstüni ädimi bilen ölçeýär. Onuň golaýynda adamlar biri-birini kakyp geçýärler. Aý, bularam adam däl-de, diňe onuň adam hakyndaky, zatlar hakyndaky göz öňüne getirmeleri. Öňler ol hemme zatdan gorkýardy, indi ony hemme zat şatlandyrýar. Şeýdibem ol öz-özüni ýeňýär, hatda durmuşda öz ornunam tapýar. Her bir adam näme-de bolsa bir zatdan mejbury el üzmeli hem-de nämedir bir zada bil baglamaly bolýar. Ellerine haýsydyr bir zatlar ýarap bilýär. Hut eller hakyky dünýe bilen hyýaly dünýäniň arasyndaky tapawudy açyp berýär. Has golaýyna barsa, onuň barmaklary tanyş şekilleri seljerýär. O zenanda ortarasy gaşly, nepisje, demir gülýaka bardy, Aý da:şlydy. Ol ýylgyrdy. Hakyt asmandan bir ýyldyzjyk inip, onuň döşüne gülýaka bolup dakylanmyş. Gülkünç. Belki, oglanjygam ýylgyrýandyr. Olaryň daş-töwereginde, dükanyň tekjelerinde, hatda ýanýodalarda, köprülerde şonuň ýaly gözüňi gamaşdyrýan näçe ýyldyz barka, arçalarda näçe Aý, näçe kometa, näçe meteor barka?!

Aşakdan bir ýerlerden, ýerzeminden şokoladyň ysy burk urýardy. Onuň eli häli-şindi dartylan ýüpüň uzaboýuna sallanyşyp duran bezeg çyralaryna degýärdi. Bütin şäher dürli reňkli çyrajyklardan hem-de elde ýasalan, döwülegen, ysgynsyzja, biderek gurnama desgajyklardan dos-doludy. Şäher gurjak teatryna, ýarmarka, tomaşa jaýyna öwrülipdi. Hawa, hut tomaşa jaýyň bar-da. Iliň ugruna bolmaly bolýar-da. Adamlar salgyma kowalaşýarlar, sadalyk bilen düşünmän şatlanýarlar, bolmajak zatlar hakda arzuw edýärler, adam ýüreginiň şeýle ýalp-ýulpsuz bolmaýanlygynam bilýärler.

Aslynda, islendik şagalaň — köpçülikleýin akylsyzlyk.

Garaz, daş-töwerek baýramçylyk. O zatlaryň bary göz üçin, görmek üçin döredilen. Hut şeýle. Göz üçin. Diňe göz üçin.

Dowamy bar 🌷
9
45
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.