Ynsap (Hekaýa) 1-nji bolum
Ol ýaýdandy. Hasasy kimdir biriniň köwşüne, aýagyna, ýagyş suwlary akdyrylýan ýabyň demir gözenegine, soňam ýene bir köwşe, ýanýodanyň erňegine degdi. Her niçik-de bolsa şol ýerde. Hasasyny ýokary göterdi. Çep tarapda, juda golaýda — bildiriş tagtasy, sagda, iki bagyň ortasynda bolsa gazet satylýan kiosk. Birwagtlar kioskyň ýanynda, hatda dyzeperem bardy, soň-soňlar ony aýyrdylar. Bildiriş tagtasyndan sanap başlasaň, birinji geçelge edil gözenegiň ýanyndan başlaýar. Be-e, bu dälmikä ýa? Aý, diýseň-diýmeseň şudur-la. Ol nähili ünssüz, ýöräp barýar, ýöräp barýar, ine, birdenem näçe köçäni kesip geçenini sanamagy unudanlygy güpbe ýadyna düşýär. Oňa öwran-öwran aýdypdylar, ýüz gezek gaýtalapdylar: hatda juda beletligiň, tejribäň bolsa-da, iň kyny — yzyňa gaýtmak. Mydama esasy maksadyň hakda pikir etmeli. Bolmasa…
Hemişe pikir etmeli.
— Size kömek gerekmi?
Ol ädimini ýygjamlatdy. Ol aýal diýenine tutubam durmady. Elbetde, dükana ýa goňşy öýüň girelgesine barýandyr diýip pikir etdi. Onuň bolsa muňa jany ýandy. Oňa sermenip ýörmek ýakanokdy. Bu ýerleri bäş barmagy ýaly bilýär ahyry. Maksat — ine, nirä barýanyňy bilmeli. Her niçik-de bolsa, ol şol ýerdemi, ýa dälmi? Yzyna ýöredi. Hasa ýene-de ýanýodanyň gyrasyndaky, geçelgeden sähelçe daşlykdaky gözenegi tapdy. Ol häzirjek bolup, apaý-apaý ädimledi. Biriniň-ä eli oňa tekge berdi. Ol buýsanjaňlyk bilen dikelip, «sag boluň» diýdi. Tekge berýän ellikli el örän ynjalyksyzdy. Barmaklary saňňyldap, bir açylýardy, bir ýapylýardy. Waz ýasap gelýän ulag alkyma geldi. Bolsa-da, olar eýýäm geçelgäniň ortarasyna ýetipdiler. Ýol gözegçilik gullugynyň işgäriniň jürlewügi. Näme üçin ulag geçmedikä? Ýa ol bir ýere sowuldymyka? Ähtimal. Ýeri, näme bolanda nä? Ol: «Ýaňky ulag togtadymy?» diýip sorady. Jogap ýok. Bäh, bu näme boldugy, geň öz-ä. Onsoňam ýakymly atyr ysy oňa hiç ynjalyk bermedi. Hawa, bu — ýakymly ys. Hut şol. Howsala düşdi. Ol ýuwaşjadan: «Siziň atyryňyz…» diýip pyşyrdady. Garaşdy. Ýene jogap ýok. Tekge berip gelýän zenan maşgala dymdy. Onuň özi bilen gürleşesi gelenokdy. Ol ýene-de: «Siziň atyryňyz…» diýip gaýtalady… Ahyry-da saklanyp bilmedi:
— Siziň atyryňyzyň ysy maňa juda tanyş. Ol birini-hä…
Be-e, özi-hä şol atyr, gürrüňsiz, şol. Ol: «Tanaýan, şu atyry bilýän men…» diýip gygyrdy. Tekge berip gelýän ellikli el biygtyýar onuň elini goýberdi. Ol howany sermäp, ony gözläp başlady. Ýaňagyna, ýakasyndaky süýri gülýakasyna elini degirdi. Be-e, göräýmäge, paltunynyň serpme ýakasyna dakýan hemişeki gülýakasy ýaly. Ol:
— Iren, bu senmi, Iren? — diýdi.
Ol ellerini öňe uzatdy. Pyrlanyp, iki ýana elewredi. Ýykylman zordan saklandy. Birhili gülkünjem, emma atyr ysy, gülýakasy şol ahyry. Az-owlak barmaklaram titredi. Soňky dymyşlyk näme diýsene?! Çyndanam geň. Ol: «Siz ýalňyşdyňyz, mesýö» ýa-da «Birine meňzetdiňiz öýdýän» diýip, jogap berip bilerdi ahyry. Bular bir adaty jogaplar ahyry. Ulag haçan geçip gitdi?
Onuň elleri esli salymlap sowuk howada sermendi, ahyram biygtyýar, ýadaw halda aşak sallandy. Elleri kimdir biriniň kellesine degdi. Kelle?!
— Eý-ho, bagyşla, körpe.
— Bolmasa men sizi ugradaýyn? — diýip, oglanjyk onuň ýüzüne seretdi.
— Eşidýärmiň, edil şu wagtjyk ýanymda duran zenany görmediňmi?
— Gördüm.
— O nirede?
— Göni öz ugruna gitdi.
— Onuň yzyndan ýetmeli.
— Yzyndan ýetmeli?!
— Hawa, bahymjak.
Dowamy bar🌷