Dersiň meýilnamasy
Meniň garry profesorymyň iň soňky dersi öz öýünde, kiçiräjik gibiskus ösümliginiň gülgüle ýapraklaryny döküşini synlap bolaýjak künjekde, ýagny penjiräniň öňünde hepdede bir gezek geçýärdi.
Sapak üçin her sişenbe duşuşýardyk. Sapak ertirlik naharyndan soň başlaýardy. Ders \"Durmuşyň manysy\" baradady. Ol durmuş tejribeleriniň üsti bilen öwredilýärdi.
Hiç hili baha goýulanokdy emma her hepde dilden synaglar bolýardy. Senden berilen soraglara jogap bermegiň we şoňa göräde soraglar soramagyňa garaşylýardy. Birem sen proffesoryň kellesini ýassygyň rahat ýerine süýşürmek ýa-da äýnegini burnynyň üstüne galdyrmak ýaly hökmany fiziki ýumuşlary ýerine ýetirmelidiň. Sagbollaşanyňda ony öpmek saňa goşmaça utuk gazandyrýardy.
Hiç hili kitap talap edilenokdy, oňa garamazdan söýgi, iş, jemgyýet, maşgala, garrylyk, bagyşlamak we ahyrynda ölim ýaly birnäçe temalaryň üstünde durulyp geçilipdi. Soňky ders sanaýmaly sözden ybarat bolup örän gysga bolupdy.
Uçurum dabarasynyň deregine bolsa jaýlama ýerine ýetirilipdi.
Şol sanda jemleýji synagam alynanokdy, senden diňe ähli öwrenenleriň barada bir uzyn kagyzda jemlemegiňe garaşylýardy.
Ol kagyz şu ýerde görkeziljekdi
Meniň garry proffesorymyň durmuşyndaky soňky sapagynda diňe ýekeje talyp bardy.
Ol talyp mendim.
🔹️Türkmen diline terjime eden:
@timm📕 Morrie bilen her sişenbe(Tuesdays with Morrie)
🔹️Awtory: Mitç Albom (Mitch Albom)
dowamy bar...