Azatlykdaky tussag (dowamy)
—Sen ýagtylyga çykmak isläňokmy?
—Menmi? İslegmi? Bilemok.
Ol bilýärdi, ýöne öz isleginden gorkdy. Çünki ýagtylyga çykmak islänokdy. Belki indi ýagtylyk onuň gözüni gamaşdyrar. Şeýle-de boldy.
Şakyrdap açylan demir gapynyň aňyrsyndan gözüne düşen azatlyk yşyklary gözüni açmaga ýol bermedi. Ine garaňkylykdan soňky ýagtylykdy bu. Gapy açylanyndan soň düşen nurly gün yşyklary garaňkylygy yza serpip goýberdi. Tussag töweregine seredip garaňkylygy gözläp başlady. Diwarlary elledi, boş howany sermedi. Ýöne ýok.
—Tussag!
Gapa seretmek üçin elini gözlerine kölege etdi.
—Tussag, seniň möhletiň doldy. Azat edildiň.
Gam gaplady ýüzüni. Edilen etmişiň puşmanlygy edil ilkinji gündäki ýaly yzyna geldi. Wyždany ençe ýyllardan bâri gapynyň aňyrsynda garaşyp duran ýaly, şobada içeri girdi göýä. Siz wyždanyň dem alyşyny bilýäňizmi? Ol bilýär. Edil şol wagt bildi. Gursagyna bir zat girdi, ýüregini ele geçirdi. Wyždany edil ýeňsesinde uludan dem alýardy.
—Meniň demimi duýýaňmy gadyrdan?
—Sen kim?
—Men seniň wyždanyň. Saňa sendenem ýakyn.
—Sen şu wagta çenli ýokduň ahyry.
—Men bardym, hemişe ýanyňdadym. Ýöne sen garaňkylykda meniň sesimi eşitmediň. Jezaňy çekýänligiň üçin rahatdyň, bagtlydyň. Bu gün bolsa uzak wagtdan soň ilkinji gezek ýagtylyk bilen ýüzleşýärsiň.
—Sen menden näme isleýäň? Men jezamy çekdim ahyry. Meni günüme goý, men indi azat.
—Käbir ruhlar azat bolmaga mynasyp däldir.
Ol öz wyždany bilen ýüzleşdi. Eýýäm belli, ony öz wyždany gününe goýmajagy ikuçsyz. İndi garaňkylykdaky tussaglyk gutaryp, ýagtylygyň içindäki azatlyk diwarlarynyň arasyna girmelidi. Özüni dünýäniň içine tussag etmelidi. Bu bolsa onuň ençeme ýyllardan bäri gorkup ýören ýagdaýy, ahyry başyna geldi. Ol indi azatlykdaky tussagdy.
Azatlyk azat bolmak islemeýan adama bir jezadyr aslynda. Belki ylahy adalat diýilýäni şu bolsa gerek.
Dünýäniň kanunlary jezaňy dört diwaryň arasynda berer. Seni azatlykdan mahrum eder. Belki aklawjylaryň kömegi bilen azat hem bolup bilersiň. Ýöne ylahy adalatyň kanuny beýlemi? Däl!
Dünýä—kazyýet. Onda ýekeje kazy bardyr, olam wyždanyň. Garalawjyňam etmişiň. Ol kazyýete etmişi indi belli bolmalylar däl-de etmişiniň jezasyny çekmeliler barar. Delilleriň anykdyr. Hökümiň belli. Seni azatlykdan mahrum etmez, tersine seni ýaşaýyşa tussag eder. Seni jezaňy çekmeklik bilen rahatlatmaz, jezasyz azap berer saňa. Belki jezaňy öz elleriň bilen berersiň. Iň esasysy bolsa ol kazyýetde aklawjy ýokdur. Sebäbi etmişiň eýýäm subut edilendir. Özüň subut edensiň. Ylahy adalat—seni wyždanyň jogapkärçilige çekmegidir.
Demir gapynyň şakyrdap ýapylan sesi däliziň ugrunda ýaňlanyp gitdi. Şol wagt beýnisiniň içinden geçip gelýän ses:
—Yzyňa dolan, häziriň özünde dolan yzyňa.—diýip seslendi.
—Men, men...indi
Sessizlik aralaşdy. Ol garaňkylykdan gitmek islemedi. Emma ýagtylyk ony ymykly gujaklapdy. Tussag demir derwezeden daşary çykdy we soňsyz bir guýa giden ýaly boşlugyň içine düşdi.
Soňy.
#Aýsapar EMELOWA.