okyyjy
11.02.2025 07:10
Azatlykdaky tussag

...diýýärler-ä: "Garaňkylykdan soň ýagtylyk bardyr" diýip. Ýöne bize garaňkylygyň soňunyň nirededigini ýa-da ýagtylyk garaňkylygyň niresindedigini aýtmandyrlar. Ynsan ogly kabullanyjy. Belki biz ýagtylyga ýetýänçäk garaňkylygy kabul ederis. Oňa öwrenişeris, syrdaş bolarys. Munça syrlar paýlaşylandan soň ýagtylygyň geregi bolarmyka, kim bilýär? Ol bilýär, hatda şondan gowy bilýänem ýokdur.
—Tussag.
—Him-diýip tussag kiçijik äpişgä seretdi.
—Men geldim.
—Hoş geldiň dostum—diýip ýeri sermäp başlady. Kiçijek daş bölegini tapyp diwara "Garaňkylyk meniň dostum" diýip ýazdy-da:
—Dost, sen haçan maňa görünjek?—diýdi.
—Men maddy zat däl. Şonuň üçinem sen meni görüp bilmersin. Men diňe seniň hyýalyňda. Sen ýalňyzlykdan, özüňden gaçyp maňa geldiň. Hatda adyňam unutdyň.
—Meň adym... Özüň bilýäň-ä maňa bärde tussag diýýärler. Maňa şeýle diýseler has gowy. Adymy tutmasynlar, gerek däl.
Hawa, onuň ady tutulanok. Ol tutulmagynam islänok. "Täze ady" oňa has ýakymly eşidilýär. Ençe ýyl bäri etmişiniň jezasyny sowuk diwarlaryň arasynda, tussaglykda geçirýän ynsan üçin garaňkylykdan başga dost bolmasa gerek. İndi ol ýagtylygy nätsin. Garaňkylyk onuň ähli syrlaryndan, içgysma zerarly diwarlara çekýän düşnüksiz suratlaryndan, ýürek gysmalaryndan habarly ahyry. Tussaglyk oňa daş dünýäden daşlaşyp özi bilen hasaplaşmagyň pursadyny berdi. Dört diwaryň arasynda rahatdy, ýalňyşlary barada pikirlenip, öz-özi bilen ýüzleşýärdi her gün. Hiç bolmanda bir jeza berildi oňa. Garaňkylygyň içinde jezasyny çekýänligi üçin wyždany rahatdy. Garaňkylyk bilen gürleşmek, hatda bir ädim öňe gidip, onuň bilen dostlaşmak ynsana nä derejede ýagtylygy küýsedip biler. Belki hiç küýsetmez, sebäbi indi ol düýşlerinde-de ýagtylyga çykanyny däl-de, demir penjiräniň aňyrsyndan görünýän bir gysym asmany görýärdi. Onuň düýşide, huşuda bir, tapawutsyzdy.
—Men gözlerim garaňkylyga öwrenişdi.
—Bilýän, ynsanlar menden gorkýarlar. Göýä ýagtylyk melekleriňki, garaňkylyk bolsa şeýtanlaryňky. Aslynda bolsa bu zatlar dünýäniň gurluşy. Ýöne ynsan ogly muny kabul edenok. Asmany garaňkylyk gaplanda öýlerine girip uka gidýärler. Göýä meni görmek islänokmyşlar, emma olaryň käbileri ýüregindäki bet pygyllaryny meniň şaýatlygymda amala aşyrýarlar. Özleri meni hapalap, soňam meni hapalanmakda aýyplaýarlar. Gülkünç. Olar garaňkyda özlerini hiç kim görenokdyr öýdýarler, ilden gizlenýärler. Ýöne olary bu dünýäni Ýaradan görüp dur. Menem şaýat bolup durun. Olar, diňe bir dünýäniň özi däl, ähli älem-jahan Ýaradanyň mülkidigini bilenoklar. Belki bilýändirler. Unudan bolmaklary gaty âhtimal. Näme-de bolsa ynsan ogly özüne peýdasy bolmadyk zady unutmagy gowy görýär ahyry.
—Men senden gorkamok. Gaýtam sen maňa höwür bolduň.
—Sen ýagtylyga çykmak isläňokmy?

Dowamy bar...

Aýsapar Emelowa
7
92
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.