enes_∞
04.02.2025 16:32

Sen aýtmasañam bilýän…
Añybam otyryn, gidersiñ gaçyp…
Ýalbarmaryn, ylgamaryn yzyñdan
Emma pyşyrdyñy goýup git mende.
Bilibem otyryn, gidersiñ gopup,
Sypalap bilmerin mymyk saçyñdan
Emma gül ysyñy goýup git mende.
Düşünibem durun, gitseñ aýrylyp,
Büdreññeç bolsam-da ýykylmaryn men
Emma elwan reñkiñ goýup git mende.
Duýubam otyryn, gidersiñ ýitip,
Iñ uly hasratym özüñ bolarsyñ
Emma müşk ysyñy goýup git mende.
Üzñeleşip barýan, undar gidersiñ,
Çyrpynýar gurşun deý agyr okean
Emma tagamyny goýup git mende.
Her niçik bolsa-da, bilýän gitjegñi,
Hiç hili hakym ýok sägindirmäge
Emma sen özüñi goýup git mende…
13
254
graff
12 Fewral 2025
@enes_∞, e..n a.i dami?
enes_∞
10 Fewral 2025
@graff, Ýok sen E.......!
graff
9 Fewral 2025
awtory ozinmi
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.