Seniň baryňdahekaýa 3-nji bölüm Nurmyrat onuň aýdan sözlerine känbir pitiwa etmedi, diňe ýylgyryp häsini berdi. Ol gaýta: «Iýip-içip düşegimiz ýumşamanka Aýjemallara baryp gaýtsammykam, ol hem barsam oturtjak bolar, häzir turup gidibersem Meret agaň hem ýüzi üýtgär. Gowusy, häzir Miwä çagalar bilen baryp oturyp, gaýdyň diýeýin, men hem birazdan bararyn-da» diýip içini gürledip otyrdy.
Merediň «Sizi gutlap, ýörite bir oturaly diýip uludan taýýarlyk görendirin, arkaýyn iýip-içmeli» diýip öwünişine görä, ýazylan saçagynyň üsti dürli iýmitlerden doludy. Ol Nurmyradyň «Sag boluň hormatyňyza, indi bir alada etmäň» diýenine dagy bakman, ýyrşyldap, aýagy ýere degmän girip-çykyp ýörşi ýene-de bir zatlar edip gomparjak bolýana meňzeýärdi. Birinji, ikinji gyzgynjak naharlar hem gelip başlady. Naharlardan mazaly doýlup ugrandan Meret el telefonyny açdy-da, çaltlyk bilen biriniň eline jaň etdi. Aňyrdan «How agam, barmalymy?» diýlenden «Hawa gelmeli, tüýs aýdym diňlenýän wagty geldi» diýip ýyrşyldap, Nurmyradyň ýüzüne seredip:
– Men size ol bagşyny öňräkden bäri diňledesim gelip ýördi, ýöne hiç wagtyny duşuryp bilmedim. Häzir ony bir diňläp ugrasaň ýanyndan galasyň gelenok. Özi blokda çalýar hem aýdýar, bagşy diýip şoňa diýäýseň, halk aýdymlaryny dagy bir gaýnadyp aýdýar welin gulagyň posy açylaýýar. Oňa bu zehiniň ylahy berlendigine özüň hem göz ýetirersiň — diýip, onuň öwgüsini ýetirdi. Halk aýdymlary diňlemegi bolsa Nurmyrat halysalla gowy görýärdi.
Hä diýmän bagşy hem guralyny alyp gapydan girdi. Ol özüne niýetlenen ýerine geçip oturandan saz guralyny düzüşdirip, daşynda aýlanyp «Hormatly myhmanymyz üçin özüňe goýan iň gowy aýdymlaryňdan bir ýaňlandyr» diýip öwgüsini ýetirip ýören Merediň guýup beren çaýyndan bir owurtlady-da, irikgä edip oturman başlaberdi. Nurmyrat hem bar ünsüni bagşa gönükdiripdi. Ol turuwbaşdan onuň ses çekimine, barmaklaryny göýä saz guralyna degirmän çalýan ýaly hereket edişine syn edip içini gepletdi. (Meret agaň aýdyşyça bar ýalow, tüweleme, Allam muňa ses-ä beripdir) Ýaňlanýan aýdym-sazlar olary maýyl edýärdi. Çäýnek yzyna çäýnek çaýlar boşaýardy.Gyzgynjak naharlar, etden taýýarlanan kakmaç, etlije somsa-da gelip durdy.
Aýjemalyň bolsa gözi ýolda galypdy. Çagalary hem daýysyna garaşyp bireýýäm uklapdylar. Sanjar welin ýatmanka «Eje men aýtdym-a daýym gelmez, geljek bolsa-da şypýapyş goýbermez diýip, ýogsam daýym bu mahala gelerdi» diýip nägilelik bildiripdi. Aýjemal «Beý diýme oglum, geler häzir, Meretler hem hezzet-hormat edip, daýyňy sylaýarlar. Daýyň hem iýlip-içilip otyrkalar arasynda turup gaýtmany birhili görýändir. Öýüne gaýtmakçy bolanda hökman bize gelip gider» diýip, gapdalynda ýassyga kellesini goýan oglunyň gaýta-gaýta başyny sypady. Özüniň welin gözüne uky gelenokdy, iç-daş girip, çykyp ynjalygy ýokdy. Adamsy hem öz otagynda telewizora seredip oturyşyna irkilipdi. Ol çagalaryny düşeklerine geçirip, ojagynyň başyny ýygnaşdyrmak üçin daş çykdy. Odur-budur işini edip, esli güýmendi, hyýalynda bolsa Nurmyrat bilen gürleşýärdi. Birden hem bir zat ýadyna düşen ýaly mellek aýagujuna garşy ýöredi. Ýatakda duran mallaryna seretdi-de, mal ýatagynyň arka tarapyna geçdi. Sebäbi Meretleriň howlusy ol ýerden gowy görünýärdi. Mellek aradan gabatlanyp gidilýän ýodajyk hem bardy. Aýjemal olaryň gapysynda Nurmyradyň ulagynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny görmek niýeti bilen şol ýodajykdan biraz öňe ýöredi. Göwnüne bolmasa onuň gulagyna bagşynyň sesi eşidilen ýaly boldy. Diňşirgendi.
Dowamy bar ☘️