awadan
11.01.2025 00:04
Seniň baryňdahekaýa 2-nji bölüm
Şunda Aýjemalyň begenişini hiç bir zat bilen ölçär ýaly bolmandy. Ol jigisiniň ýokary okuw mekdebinde hem gowy okamagy üçin nesihatly sözlerini gaýgyrmady. Onuň üçin gerek bolsa häzirki zaman egin- eşiklerden alyp goýup, öýe gelen wagty ony begendirerdi. Ol durmuşa çykandan soň hem Nurmyrat bilen baglanyşykly aladalardan saplanmady. Onuň her gelerine dürlüje sowgatlar we sowalga puljagaz taýýarlap berip goýbererdi. Soňra Aýjemal oňa has oňat bir sowgat etdi. Gaýyn obalaryndan saýlap-seçip bir görmegeý akylly gyzy oňa görkezdi, soňra-da şoňa öýerdi. Ondan soň Nurmyrat oňa has-da ýakyn bolup galyberdi.
Nurmyrat okuwyny tamamlap, etraplarynda öz ugry boýunça işe ýerleşipdi. Ýakynda bolsa onuň işini biraz ulaldypdylar. Bu zatlara Aýjemal diýseň guwanýardy. Ogullarynyň hem daýysyna meňzemegini isleýärdi, uly ogly Sanjaryň köp häsiýetleriniň Nurmyrat daýysyna meňzeýändigini bolsa häli-şindi dile getirýärdi. Sanjaryň (şypýapyşara daýym gelipdir) diýip närazylyk bilen aýdýan sözleriniň hem hikmeti bardy. Onuň şypýapyş diýýäni Nurmyradyň gelniniň uly agasy Meretdi. Ol Nurmyradyň ylymly-bilimlidigini, abraýly ýerde işleýändigi üçin oňa aýratyn hormat etjek bolup başagaýdy. Onuň maşgalasy bilen gezmäge gelen wagty-da öz öýlerinde oturdyp, dürli tagam taýýarlan kişi bolup, olary hiç ýere goýbermejek bolýardy. Ony aýratyn-da aýal dogany Aýjemaldan gysganardylar. Hatda Aýjemalyň özi üýşmeleň eden wagty hem Nurmyradyň olara gelenini görse, derrew bir ýerden çykyp: «Bärde adam hem köp, bizde oturaýalyň arkaýynja, ýakyn arala, iýjek naharymyzy getirderis» diýip eýlesine-beýlesine geçip alyp gitjek bolardy. Onuň hut şu häsiýetlerini halamaýandyklary üçin oňa «Şypýapyş» diýip at goýupdylar.
Nurmyrat onuň pirimlerine düşünmän duranokdy, ýöne aýalynyň agasy bolany üçin onuň köp hilejiklerini bilmezlige salýardy. Ol öňünde ýaýaplap her hili bolsa-da, Nurmyradyň ýüreginiň töründe ene mährini beren, mähriban aýal dogany üçin aýratyn orun bardy.Şonuň üçin ol oba aýagy düşse, Merediň hajyk-hujuk gürrüňlere gulak gabardyp durman, aýal dogany bilen hökman didarlaşyp, hal-ahwal soraşyp giderdi. Dogry wagtynyň çäklidigi üçin olarda köp oturyp bilmezdi, ýöne nämüçindir aýal doganyny görende dünýäsini üýtgeşik bir mähirli duýgular gaplap alýardy. Haçan-da, gaýdanda aýal doganynyň «Şujagazy bir iýip gidäý-dä, ýörite saňa diýip taýýarladym, ýene-de azajyk oturaý-da» diýip daşynda perwaz urşuny göz öňüne getirip, ýene biraz oturmadygy üçin gynanardy. Doganynyň mähir bilen elini galgadyp, intizarlyk bilen balkyldap bakýan gözleri esli wagtlap göz öňünden gitmezdi.
Bu gün Meret Nurmyradyň wezipesiniň biraz ulalandygyny eşidip ýörite çagyrypdy. Onuň üçin dürli-dümen zatlary taýýarlap gelenden hiç ýere gymyldaman oturmalydygyny (aýal doganyna gidäýmesin diýip, ol ýörite aýdýardy. Eger bir gezek dagy olara barman gitse (bizde köreken uzak gün oturyp gitdi) diýip, Aýjemallara baryp öwünmek isleýärdi. Ýöne onuň bu pirimi bir gezek hem başa barmaýardy) aýratyn nygtapdy. Ol aýagaldygyna öwnüp, Nurmyradyň göwnünden turaýjak sözleri aýtmaga çalyşýardy.
– Şu zatlaryň hemmesini siz üçin taýýarlatdym, çynym bilen aýdýan, gaty begendim seni etraba geçirenlerine. Men «okuwyny tamamlap gelenden bu zehini bilen körekeni bir ýerde goýmazlar, derrew ösdürerler» diýip aýtdym. Ynha, diýenim hem boldy. Miwe jan hem begenýär, olary hem getireniň gowy bolupdyr. Çagalar hem Miwe ejemiň çagalaryny göresimiz gelýär diýip aýdyp ýördüler. Hany alsana, «Bissimilla» et-de başlaber, men çişligiň oduna seredip gaýdaýyn —diýip, daş çykdy.

Dowamy bar ☘️
10
111
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.