awadan
10.01.2025 23:55
Seniň baryňda
Ýaz paslynyň meýdana al-elwan güllerini düşäni ýaňy ýaly bolsa-da, birki gün bäri ýiti gyzyp başlan Günüň howruna meýdan otlarynyň başy eýýäm saralypdy. Adamlar indi gününiň köp bölegini daşarda geçirenlerini kem görenokdy. Aýratyn-da oba ýerlerinde kölegä düşek oklanyp, öýlän çaýyny içmek, agşam naharyny daşarda atarmak ýaly işler ýola goýlupdy. Dagy etekläp oturan obanyň çetiräginde ýaşaýan Aýjemal hem daşarda agşamlyk naharyny atarmagyň aladasy bilendi. Ol obanyň ilersindäki baýryň ýüzünde biten otlaryň saralyp başlanyny daşdan synlap durşuna: «Tomus gelmäge howlugýan ýaly, ýaz paslynyň derrew ornuny alyp, ýaňybir terlenip ösüp ugran otlary saraldyp taşlaýar. Entejik meýdan otlary dursa mallar üçin gowy bolaýjak welin, aý, herki zadyň öz gelmeli wagty bardyr-da» diýip, içini gepledip durşuna ogly Sanjaryň tigirli özüne tarap haýdap bir zatlar diýip gelýänini görenden serine dolan pikirlerden şol bada saplandy.
Aýjemal gol doly maşgalanyň öý bikesidi. Ol ýanýoldaşy Pudak bilen alty çagany dünýä inderip, olary terbiýeli, edepli, bilimli etmegiň aladasy bilendiler. Pudak kärendeçidi, ol uluja çagalary bilen gününiň esasy bölegini ekin meýdanynda geçirýärdi. Aýjemala bolsa öý işleri ýetik bolýardy. Olar arada ogly Sanjar halys goýmansoň oba dükanyna gelen tigirden alyp beripdiler. Beýleki çagalaryna garaňda Sanjar has dillidi, garagoldy, tutanýerlidi. Şu häsiýeti bilen ol doganlaryndan tapawutlanýardy, öňünde goýan maksadyna ýetmegi halaýardy.
Häzir hem onuň bar ünsüni ejesine gönükdirip, gaşlaryny çytyp gelmegi bir derwaýys zat aýtjaga meňzeýärdi. Ol ejesiniň ýanyna ýetiberenden tigriniň badyny gowşadan bolup durdy-da, uly adam ýaly gürledi:
– Eje, şypýapyşjara daýym gelipdir, olaryň howlusynda maşynyny gördüm. Şol mahal hem Myrry çykan bolup «Bize Nummat daýym geldi, kakam çörege çagyrdy» diýen boldy, menem «Sen aýtmaňda hem gördüm» diýdim-de, tigrimi gaty sürüp gaýtdym — diýip nägilelik bilen gürleýşine ejesiniň ýüzünden many aljak bolýan ýaly dikanlap seretdi.
Aýjemalyň ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol ogluna seredip durşuna «Şeýlemi oglum, daýyň olara gelen bolsa, hökman bize-de gelip gider, men naharymyzy köpeldeýin» diýip ojagyň oduny ölçermek üçin oňa tarap öwrüldi. Sanjar aýdan habary bilen oňup gidibermedi-de: «Eje, gör-de duraý, şypýapyş daýymy goýbermez, gelse-de derrew gider, öňki ýaly ýene-de nahar iýmän gider» diýip, ejesiniň bir zat diýerine garaşdy.
Aýjemalyň kalbyny garyşyk pikirler gaplasa-da, ogluna syr bildirmejek bolup: «Iýmese-de taýýarlarys oglum, ýöne daýyň hökman bu gezek bizden hem nahar iýip gider, öňki gezek indiki gelemde sizde köp oturaryn diýd-ä ahyryn» diýdi-de, oglunyň ünsüni sowmak üçin oňa dükandan süýji-köke getirmegi tabşyryp, öýden pul çykaryp berdi.Ol oglunyň ünsüni sowan hem bolsa, öýüniň içini tertibe salyp ýörşüne serine müň dürli pikir gelip geçdi. Içinden: «Ýene-de oturman gidäýermikä, aý, onda hem gelip dyz eper-le, naharyň gapdalyndan hem eti ýukajyk gyýyp bir zat edäýeýin-le» diýip sowadyjyny açdy. Onuň ikirjiňlenmesi ýöne ýerden däldi…Aýjemal maşgalanyň uly gyzydy, onuň özünden kiçi dört gyz, iki oglan jigileri bardy. Aýjemal jigileriniň hemmesini-de gowy görýärdi, ýöne ol bäş gyzdan soň bolan Nurmyrat jigisini aýratyn gowy görýärdi. Onuň gowy okamagy üçin alada baryny edipdi. Ol hemişe «Jigim jan, seniň zehiniň erbet däl, sen mekdebi gowy bahalar bilen tamamlasaň, soňra ýokary okuw mekdebine okuwa girersiň, uly adam bolarsyň. Kakam hem siziň ýokary bilimli bolmagyňyzy isleýär ahyryn» diýip gulagyna guýar ýörerdi.
Aýjemalyň yhlasy myrat bolup, Nurmyrat ýokary okuw mekdepleriň birine girdi oturyberdi.

Dowamy bar ☘️
9
90
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.