awadan
09.01.2025 23:17
Ketenini ysgamadyk armanlarhekaýa 2-nji bölüm
Hemmeleriň nazary ketenä gönügipdi. Beýlekilere garaňda Mergen degişgen bolansoň ol oturyp bilmän:
– Aý eje, bir keteni alypsyň welin, şol öwüp otyrsyň-la, reňki köz diýdiň, ysy janyňy alyp barýar diýdiň, biz-ä üýtgeşik ys alamzok, ýa-da ony ysgap görmelimi — diýip, ha-ha-haýlap güldi. Onuň töweregindäkilerem ýomak aýdyşyp gülüşdiler. Tuwak daýza bolsa:
– Haý zaluwatlar, gülüşiberiň, nesip bolsa keteniň ysyny alanyňyzda ejeňiziň ony ýöne ýere öwmändigini bilersiňiz — diýip, ketenileri sandyga salypdy.
Şol günüň ertesem, hawa, şol günüň ertesi bütin dünýäni sarsdyran «ajy» habar bu maşgalanyňam şadyýan durmuşyna awy gatypdy. «Uruş turupdyr» diýlenden Gurtly aga ilki bilen gidipdi. Ol: «Ynha, uruş derrew gutarar, biz gitsek, soň adam hem almazlar. Ner ogullarym siz öýüňem, obaňam daýanjy boluň, gyzym sen ejeň höwri, körpe ogul, senem kömekçi bolarsyň» diýip, Omarjygyň maňlaýyndan öpüpdi. Gurtly aga mertlik bilen gowy niýet edip gitse-de, onuň aýdanlary bolmandy. Uruş gutararly däldi. Tuwak daýza ýanýoldaşyndan soň iki ner ogullary Kerwen bilen Mergen hem gidipdi. Gyzykly günleriň bary yzda galypdy. Olaryň maşgalasynda iň soňky şatlykly gün, bazardan keteniň getirilen güni bolup galypdy. Şondan soň beýleki maşgalalar ýaly bularyň hem ojagy gam-gussa batypdy.
Gam-gussaly günleriň geçmesi hem kyndy. Her günki agyr işlerden beter gelýän ajy habarlar adamlaryň halys ysgyn-mydaryny alýardy. Hiç kimiň ol ajy habarlary boýun alasy gelmeýärdi. Ine, şeýle ajy habary alanlaryň biri hem Tuwak daýza boldy. Olara gowşan üç burç hatda Gurtly aganyň söweş meýdanynda mertlerçe wepat bolanlygy ýazylypdy. Tuwak daýzanyň kalby sarsyp gidipdi. Ol dat-perýat edip aglap oturyşyna birdenem: «Allajan şükür edýän, iki nerim bir sag-aman dolansyn!» diýip, doga-dileg baryny edýärdi. Öýüne ýene-de şatlykly günleriň dolanmagyny, degişgen ogullarynyň ýene gelip göwnüni açmagyny arzuwlaýardy, hyýalynda olar bilen şol iň soňky güni ýatlap, olaryň öňüne köz ketenini oklap: «Görüň ogullarym, bu köz keteniň şol ysam durandyr, asyl näçe dursa-da üýtgän däldir» diýip, hem öz ýanyndan magtanardy. Ýöne, Tuwak daýzanyň dileglerem, arzuwlaram puç boldy. Uruş gutarmazynyň öň ýanynda yzly-yzyna gelen iki oglunyň ajy habary diňe kalbyny lerzana getirmän, bütin dünýäsini ýykypdy. Bagry paralanan enä hiç zat täsir edenokdy. Ol ilki-ilkiler ynanmazlyga salyp gezse-de, onuň hakykylygyny duýan ene usul-usul ýanyny ýere beripdi. Arasynda bolsa gyzynyň, körpe ogly Omaryň ýanynda bardygy üçin şükür edip daýanardy. «Hiç bir hossarsyz galanlar-da bar ahyryn» diýip, Tuwak daýzanyň mertlige salmagy uzaga çekenokdy. Ol ýüregi gozgalaň tapyp ugrandan,sandygy açyp, şol ketenileri bagryna basyp, «Wah, ketenini ysgamadyk armanlym» diýip, bagyrýardy, uzyn-uzyn aglaýardy. Şeýdibem köşeşýärdi. Uruş gutaransoň adamlaryň ýürekleri biraz rahatlanyp, dünýeleri giňäýjek ýalydy. Ynha, Tuwak ejäniňem körpe ogly Omar hem ýigit çykypdy. Ol ejesiniň ýüreginiň biraz melhemidi. Gyzy Nurtäç hem ejesiniň daşynda kebelekdi. Ol hem ejesiniň her gezek «Ketenini ysgamadyk armanlym» diýip aglanda agalarynyň merdana keşbini ýatlap gynanardy. «Eje jan, ýöne armanlym, diýip oturman, şol şatlykly günleri ýatlaly, belki olar diridir» diýip, ejesini köşeşdirerdi….
Bir günem Nurtäç ejesine jigisi Omary öýermek hakynda maslahat saldy. Tuwak eje ilki göwnemedi. Ýöne gyzynyň: « Ejem jan, ondan bäri ýyllar geçdi, indi biz islesek, islemesek ol ajy habarlara ynanmaly borus. Olaryň ruhuny şat etmelidiris. Ynha, Omar jany öýlendireris welin, nesip edip ogly bolsa agalarymyň adyny dakarsyň, şeýle dälmi?!» diýip ony gününe goýmady. Tuwak eje-de otyryp oýlanyp: «Hudaý jandan daş düşmäýin, ýanan ýeke men däl-le» diýip, ylalaşypdy. Ol oglynam öýerdi, gyzynam çykardy.

Dowamy bar ☘️
8
74
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.