awadan
08.01.2025 17:36
Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekenihekaýañ soñy
Daýaw ýeňňelerimiň hersi bir goltugyma girip, hyrra yzyma öwürdiler welin, men gelnime ýeňsämi tüňňerdip oturan boldum. Guşagam çözüldi, üstümize ýorgan atylyp, “ak-gök geýdirme-de” etdiler. Hemme kişini otagdan kowamsoň, ikiçäk galyp, bir-birimiziň ýüzümize seredibilmän, dymyp otyrys. Dymyşlygmyzy Oguldursun gelnejem bozdy. Ol saçakly, tabakly girdi-de: “Uzakly gün aýak üstünde bolup, ýadansyňyz, ajygansyňyzam” diýip, mejimäni öňümizde goýup, işdämiziň açyklygyny diläp, çykyp gidensoň, ýarym sagat töweregi geçendir-dä, gelnim: “Suw içesim gelýär, getirip beräý-dä!” Menem oňa: “Anha, çaý bar-a, çaý içäý!” diýýän, ol bolsa: “Agzym kepäp dur, suw içesim gelýär” diýýär. Nädersiň? Turmazmyň? Howuzdan bir kürüşge suw alyp, öýe girip gelýärkäm büdräp, tas ýykylypdymam. Otagyma girjek bolýan welin gapy gulply… Gapyny kakýan—açylanok; dözümliräk kakýan—açýan ýok. “Nurgözel, bu men, gapyny aç!” diýýän—ses-seda ýok. Näçe wagt duranymy bilemok: bäş minutmy, on minutmy—meň üçin bir sagada döndi. Bolup durşumy biri göräýse diýibem, gara janym galanok. Içimden: “Täze gelin çaşyp-üýşen bolaýmasyn, ýa uklap galan bolmagy hem ähtimal” diýýän. Ýene kakýan. Açylanok. Gatyrak kakaýan—hiç hili hereket ýok… Kelebiň ujuny ýitirdim, näme etmelidigini bilmän, aljyrap durun, äpişgäň ýanyna baryp gygyraýýaynam diýdim—biri görer öýdüp çekindim. Ýene dadyma Oguldursun gelnejem ýetişdi:
—Näm boldy, näme üçin bärde dursuň?
—Uklap galan bolaýmasa…
Oguldursun gelnejem gapyny ýumruklap: “Nurgözel, gapyny aç, bu men—Oguldursun daýzaň” diýensoň, Nurgözel başy kürteli, agzy ýaşmakly, gapyny çalaja açyp yza çekildi-de, gapböwüre geçip, bürenip oturdy.
—Ynha suwuň!
—Goýaý saçakda!
—O näme gapyny açaňok, şunça kakýan welin, gidenime-dä bäş minudam geçenok?!
—Men entek seň sesiňe öwrenişemok. Kesekidir öýdüp gorkup, açmadym…
Gelnimiň näzijek sesini eşidenimden dyňzap gelen gaharyma suw sepilen ýaly boldy.
—Gel, birki agyz nan iýeli! Men-ä aç öldüm.
—Özüň iýäý, meň-ä şu wagt işdäm ýok.
Gelnim naharam iýenok, getiren suwumam içenok. Gije ýarymdan geçip başlady. Men oňa: “Ýatar wagtam-a boldy, ýataýaly!” diýýän, ol bolsa: “Ukyň gelýän bolsa, düşegiňi ýaz-da, geç-de, ýatyber!” diýýär. Ukymam gelýär, ýatasymam gelenok—gelnim bilen gepleşesim gelýär, ol bolsa üzlem-saplam jogap berýär. Ahyrsoňy düşegimi özüm ýazmaly boldum. Nurgözel başyndaky kürtesini sypyryp, epläpjik, bir gyrada goýdy, men hem begenjime, ylgap çyrany söndürdim. Gelnimiň nirede oturanyny çak bilen bilýän, onuň golaýyna baryp, çöküme düşdüm-de sagrysyny sypaladym, ol duýdansyz: “Waý!” diýip gygyrdy… ýüregim ýaryldy—elim köze degen ýaly çekip aldym. Dälizden gapy diňleýänleriň “wagyr-wugury” artan ýaly boldy. Hasanaklap gapyň gulpuny barladym—gulplanan. Magnitofony açdym. Daň atýança ýalbarandyryn-a: “Nurgözel jan ýataýaly-da, ikimizem ýadaw-a! Ertirem uzak gün kürtäň aşagynda oturjak bolsaň saňa-da aňsat düşmez”, “Biz indi är-aýal ahyryn, çagalarmyz bolmaly…”
Oýanamyzda Gün birwagt dogup, naýza boýy galyp gidipdir, hasanaklap, eşiklermi geýip, daş çykamda Oguldursun gelnejemiň: “Halmyrat jan, nähili, oňatçylykmy?” diýen soragyna, “Hawa, oňatçylyk” diýip, gysgajyk jogap berip, agamyň öýüne ukymy dowam etdirmäge ýöneldim. Ilkinji gije elimden erkimiň gidenligine soň-soňlar düşünip galdym, asyl, nogtalanaýan ekenim. Şondan bäri Nurgözeliň bir aýdanyny iki gaýtaladýan däldirin—Halmyrat gürrüňini tamalap, öňündäk sowan çaýyndan birki gezek owurtlady—kyssasynyň tamamlanandygyny aňşyrtdy.
Geldimyrat bilen Hudaýberdi Halmyradyň hekaýatynyň käbir ýerlerini bölüp, goşmaça sorag berýärler we hezil edip gülüşýärler.
—Şu wagtam düşegiňi özüň salýamyň?—diýip, Geldimyrat aga degişýär.
8
69
awadan
8 Yanwar 2025
SOÑY
awadan
8 Yanwar 2025
Hany, ýörüň gelnaljyny ugradyp geleliň, onsoň menem bir zatjagazlardan gürrüň beräýerin!—diýip, Geldimyrat aga silkme telpegini geýip, donunyň syýlaryny düzedişdirip, dostlaryny yzyna tirkäp, gelnaljyny ugratmaga ýöneldi.
awadan
8 Yanwar 2025
Aý, käwagt ýazmaly bolýan, ýöne, keýwany dogry iki güne ýetirmän ýaraşýa-la. Näme, bizi gürledip, ýeke özüň gülüp otyrsyň-la, senem başdan geçirenleňden gürrüň ber-dä! Maşynlaryň “düýt-düýt” bilen “bamp-bampy” gelip başlaýar—gelnalja gitjekleri çagyrýar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.