Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekenihekaýa 3- nji bölümEnesiniň telefony gadymy, düwmeli bolansoň oýun oýnap bolanokmyşyn.
—Hudaýberdi, öýüň hökümdarlygy Oguljahana geçipdir-dä?! Eliňden gamçy bilen jylawyňy aldyran bolsaň, indi sende ne pul bar, ne-de erk bar, ýöne “ata” adyň bilen “pylan aga” derejäň galypdyr-da!
—Wah, elden erk bir wagt—toýumyzyň ilkinji güni gidendir-le.—diýip, Hudaýberdi aga ýylgyrdy-da, çaýyny owurtlady. Ýa, onam gürrüň bereýinmi?
—“Dile geldi, bile geldi”. Aýdyp goýber indi—diýip, gara çaý içýän ýaşuly gop berdi.
—Aý, hawa-la, merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni—diýip, Hudaýberdi aga uludan dem alyp, käsesindäki galanja çaýyny owurtlap, gürüňini dowam etdirdi: —Biz toý edemizde, öýlenýän ýigit gelni bilen bir maşynda gelmek ýaňy düzügüne girip başlapdy. Gelnimiň ýanyna ýanyp duran kostýum-jalbarly, akja köýnekli, owadan galstukly, elime-de bir desse terje gül alyp barypdym. Gelnim keteniň içinde gyzyl çog bolup, ýarym-ýaş, sessiz aglap otyr (kim bilýä, öýünden çykyp gidýänine gynanyp aglaýamy ýa begenip), meňem oň bolup oturşyna gaharym gelýär. Çemeni gowşuranymdan soň, gelnime kürte atdylar, dabaraly sazy diňläp ýuwaşjadan ýöräp maşyna mündik, sag-aman öýe geldik. Maşyndan düşüp, ýoldaşlarmyň ýanyna ugradym welin, yzyma gaýtardylar—asyl öz öýmüze-de gelnim bilen bileje girmeli ekenim. Gelnim maşyndan çykyp, bize “ýör” diýýänçeler garaşyp duran ekeni, ol sag elini meniň çep bilegimden geçirensoň, ýaňy sag aýagym bilen bir ädim ätdim welin… çep köwşümiň üstünden gelnimiň akja köwşüniň ökjesi basyldy… çüňkli ökje aýagymdan parran geçendir öýtdüm; gözlerimden ot syçrap gitdi; gygyrman zordan saklandym-ow!.. Gelnimi öýe salyp, ol otaga geçip, jorabymy çykarsam, daraklygyma gan öýüpdir, hudaýa şükür, döwüg-ä ýok ekeni. Entegem awusy gidenok. Heniz-henizlerem çüňkli ökjeli köwüş görenimden, maňlaýym derläp basýar—diýende, diňläp oturanlar wakyrda berdiler. Ýöne men gepläp otyryn, siziňem-ä durmuşyňyz meňkiden üýtgeşik däldir-le, başyňyzdan geçiren gyzykly wakalaryňyzdan orta oklap oturyň, bu gün toý-a—hemmeler şadyýan bolmaly, gülüşip-degişip oturmaly! Halmyrat, kürüşgeli suwuňy aýdyp bersene! —diýip, loh-loh gülüp oturşyna käsesine çaý guýdy.
Aý, bor-laý… hökman-maý…— diýip, gara çaý içýän ýaşuly sypjak boldy.
—O näme, “kürüşgeli suw”? Näme hakda? —Geldimyrat aga gyzyklandy.
—Sen o wakany eşideňokmy şu wagta çenli? —diýip, Hudaýberdi aga, çäýneginden gözüni aýyrman sorady.
—Ýok, eşidemok.
—Goýsan-aý, bütin oba bilýär, seň bilmeýşiňi!—diýip, Halmyrat köpmanyly ýylgyrdy.
—Eşidemok-how, eşidenem bolsam ýadyma düşenok!—diýip, Geldimyrat aga çyny bilen gepledi.
—Ýaş döwrümiz bir-birimize gürrüň berişip, gülüşip heziller edýärdik, indi bir hili, gyzygam ýok-laý.
—Aýdaý-da, how! —diýip, Geldimyrat aga ýalbardy.
Halmyrat aga daş-töweregine nazaryny aýlap, del adamyň ýoklugyna göz ýetirensoň, ardynjyrap gürrüň berip başlady
—Bolan wakany gysgaldyp gürrüň bersem: nika gyýyldy, agşam ýoldaşlarym don bilen silkme telpek geýdirip, göter-göter edip äkitdiler-de, gelnimiň öňünde joňkardyp oturtdylar. Gelnim kürtäň aşagyndan ýüzüni görkezmejek bolup, gysymymdaky pullary aljak bolýar, açyp bilenok, meňem nebsim agyryp, ýumrugymy gowşatjak bolýan, ýeňsämde duran ýoldaşlarym: “Halmyrat, açaýma, açsaň heleýguly bolarsyň!” diýip gygyryşýalar. Gelnejelermiň biri iki başam barmagy bilen goşarymyň ortarasyna basdy welin, penjämiň öz-özi açylaýdy! Çep elimiň penjesinem şeýdip açdylar. Dostlarym gygyryşýarlar: “Oguldursun gelneje, jyzýaňyz, gelniň özi açmal-a!” Gelnejemiň piňine-de däl—olara barmysyňam diýenok. Nobat guşak çözlüşige ýetdi. Gelin görgüli iki eli bilen sermäp, guşagyň düwnini gözleýär—tapanok. Oglanlar guşagy çigim-çigim edip bilimde düwüpdirler. Menem gelnimiň gulagyna pyşyrdaýan: “Düwün arkamda” diýip. Düşbüje gelnim—Nurgözel, Oguldursun gelnejeme süýem barmagy bilen howada tegelek çyzyp görkezýär.
Dowamy bar ☘️