Täze ýyl heseriHekaya 7-nji bölümNahar taýyn bolansoñ, maşgala hiç neneñsi bolmadyk köne ýyly ugratmak niýeti bilen, pikirimde alysda mongalap gelýän mähirli çaga şekilli Täze ýyly garşylamak üçin myhman otagyndaky giñden ýazylan saçak başyna-da jemlendi. Bu wagta çenli içler syrylyp, ýagşy ajygylypdam.
Hoş bolup, bir zat ýadyna düşürip, turup giden goja ol ýerden bir eli dombraly, beýleki eli bir çüýşe arakly gaýdyp geldi. Ol dombrany öz oturjak ýeriniñ gapdalynda goýansoñ, getiren çüýşesiniñ boýnundan tutup, gökden düşen ýaly edip, mazamlap, saçak üstünde goýdy.
— Mimanga aýap ýörgen şölmegim*
Kenjekeý kakasynyñ bolşunt myhman birhiliräk görer öýtdümi-nämemi, gözastyndan ony synlap uýaldy.
Ilki olar bu ýylyñam özleri üçin hiç neneñsi bolmandygyny, adaty guragrakdan gelen parahat ýyl bolanlygyny ýatlap, köne ýyl bilen hoşlaşyk hökmünde ilkinji badany göterdiler. Öwez munuñ özüni ýat ýerde oñaýly duýmak üçin hiç neneñsi bolmanlygyny gönençlik bilen oýlady. Içginiñ goja hem kemje-kerdem bolmanlygy belli boldy. Ol şundan soñ geçi sakgalyny selkildedip, nahara has işdämen ýapyşdy. Kenjekeý ak bilegini eýläk-beýläk uzadyp, myhmana, özüniñkilere nahar-şordan mürähet edip, saçaga beýemçilik edip otyr.
Öweziñ şol barmana gelniñ şar-gara saçlaryny gerişläp, gelşikli edip ýeñsesine düýrleýşine ünsi düşdi. Ýakasy giñ, uzyn köýnegem oña gelşip galypdyr. Gelniñ gözleriniñ otlukly köräp, höwesli bulduraýanlygy hem onuñ ünsünden sypmady. Kenjekeý ilki myhman ýigidiñ indi maý tapsa, özüne içgin seredesi gelip durmagynyñ sebäbini onuñ kakasy bilen çakyşdyryp içýän içgileriniñ täsiridir öýtdi: ol kakasynyñ özi barada bir gadyrbilmeze duşup, gadyrdan gaçyp galanyny oña gürrüñ bereninden habarsyzdy. Goja muny ýañy gep arasynda ýüregine sygdyryp bilmeýän derdi hökmünde, gyzy içerde ýok wagty, ondan gizlin, gyzynyñ şeýdip hyrydarsyz oturanyna ata hökmünde özüniñ biraz kemsinýänligini mälim edip, ýañy ýigit bilen soraşyp-ideşip tanşyp otyrka, köräp gürrüñ beripdi.Gelin ýigit nazarynyñ özüni atymyna getirmek üçin kem-kemden golaýyna çekip barýanyny syzsa-da, birbada onuñ hyrydarlykdygyna-da, oýundygyna-da düşünip bilmedi. Dogrusy, gelniñ öz ýagdaýam häzir Öweziñkiden öwerlik däldi. Ol ýüzlenip, hödür edip, ol-bi zat barada gerek bolanda gysgaça dillenip oturşyna syny oturan myhman ýigidiñ ýolagçydygyny, onuñ tizden ugrap gitjekdigi barada biraz alada bilen ynjalykdan gaçýardy. Täze ýyl gijesinde dagy ýekeligi Hudaý görkezmesin!
Hezil edip iýip-içip, baýramçylyk keýpine berlip oturan goja birsalymdan derini gapdalyndsky süpürgijine süpürensoñ, höwes bilen dombrasyny eline aldy. Içerden oýmur-oýmur bulutlar göterilip ugran ýaly duýgular döräp ugrady. Uç-gyraksyz gazak sährasy bilen at ýorgaladyp barýanlar oturanlaryñ göz öñüne geldi. Bu saz Kenjekeýiñ göwnüni göterip, gazaklaryñ «Ýetip bilseñ, posa al!» atly ýigitdir ýar höwesli gyzyñ at üstünde gaçyşyp-kowşup, heziller edip oýnaýan söýgi oýunlaryny göz öñüne getirdi. Ol birazdan özüni näz bilen posa bermejekden bolan bolup gaçyp barýan gyzyñ keşbinde, Öwezi bolsa yzyndan kowup gelýän ýigidiñ ýerinde göz öñüne getiren wagty, hamala, höwesinden dörän bu gizlin pikir töweregine-de äşgär bolan ýaly, zenanlarça uýalyp, sülmüräp aşak seretdi. Adamlaryñ şeýdibem ýakymly sazyñ jadysyna berlip ugranlygy belli boldy. Goja soñra özüniñ gyryljyk sesi bilen ýokarsyna gözläp, hamala dodagy bilen ol ýerden bir zat gözleýäne meñzäp, çygjaryp, aýdym aýtdy. Öwez saçak başyndan biraz çekilip, aýdym diñläp, gussaly oýlanyp oturdy.
Içeriniñ gyzgyny göterilýän hem bolsa, daşarynyñ howasynyñ tenini gataldyp, sowaýanlygy belli boldy. Indi ýañky üçekden damýan damjalaryñ dammasy barha seýrekläpdi, soñra ol dammasyny düýbündenem goýdy. Üçege düşen gar eremez ýaly doñan bolmaly. Onsuzam ol «şyt-pyt» bir gapdalrakda bolansoñ, indi oña üns berýänem ýokdy.
Dowamy bar ☘️