enes_∞
30.12.2024 23:02

Täze ýyl gutlagy
- Täze ýylda ýüzüňizde ýylgyryş we ýüregiňizde söýgi egsilmesin. Täze ýylyňyz gutly bolsun!

- Ýakynlaryňyz bilen bagtly, agzybir we asuda Täze ýyly garşy almagyňyzy we bütin ýyly gözellik bilen geçirmegiňizi arzuw edýärin!

- Ýalňyşlyk goýbermeýän adam adatça hiç zat edip bilmez. 2025-nji ýylda - ýalňyşlyklaryňyz az we üstünlikleriňiz köp bolsun!

- Bosagada - 2025-nji ýyl! Goý, geljek ýylyň her bir güni bagtyýar pursatlara beslensin. Durmuş size elmydama garaşylmadyk şatlyklary bagş etsin!

- Ýakymsyz ýatlamalary alamatlandyrýan köp zatlardan mümkin boldugyça daşda duruň! Täze ýylda olar bilen hoşlaşyp, ornuny täze, ýakymly ýatlamalar bilen dolduryň!

- Täze ýylyňyz älemgoşaryň reňkleri ýaly janly we owadan bolsun. Maşgalaňyz we ýakynlaryňyz bilen wagty bagtly we ýakymly geçirmegiňizi arzuw edýärin!

- Aý, gün we ýyldyzlar ýaly arzuwlaryňyz hemişe şöhle saçmagyny dowam etsin. Täze ýylyňyz gutly bolsun!

- Goý, geljek Täze ýylda kynçylyklaryňyz çäge zerresi ýaly kiçi, bagtly günleriňiz deňiz ýaly uly bolsun! Gözleriňizden diňe bagt gözýaşlary aksyn! Täze ýylyňyz gutly bolsun!

- Geljek ýyl öýüňiziň gapysyny ilkinji bolup söýgi, üstünlik we bagt kaksyn!

- Her bir Täze ýyl, aslynda, başymyza gonan bagt guşudyr. Ondan islän köňül küýseglerimize gowuşmak özümize bagly. Täze ýyl arzuwlaryňyzy hasyl edýän ýyl bolsun!
9
88
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.