Täze ýylyň täsin sagadyDünýäniň dürli ýerlerinde Täze ýyl baýramçylygy bilen bagly gyzykly çäreler geçirilýär. Ýer ýüzüniň ähli ýerinde bellenilýän bu baýramda Täze ýyl arçasyny bezemek däbi bar. Şeýle-de bolsa, bu baýramçylyga degişli başga ýerde gabat gelmeýän täsin däp-dessurlar hem bar.
Wengriýanyň paýtagty Budapeştde Wagt çarhy atly äpet sagat bar. Irki döwürlerden bäri ulanylýan gum sagadyna meňzeş bolan wagt ölçeýjiniň agramy 60 tonna barabar. Tegelek şekilli desga polatdan, granitden we aýnadan ýasalypdyr. Şäher seýilgähindäki Gahrymanlar meýdançasynda, Sungat köşgüniň golaýyndaky tegelek şekilli çarhyň içinde çäge görnüşinde aýna külkesi bar. Bu külke bir ýylyň dowamynda ýokardan aşaklygyna aýna gaba ýuwaşlyk bilen akýar we laýyk Täze ýyl gijesi akyp gutarýar. Soňra Wagt çarhy ýarym aýlaw, ýagny 180 dereje öwrülýär. Şeýlelikde, çarhyň içindäki çägeli bölek ýokary galýar we gaýtadan akyp başlaýar. Geljek ýylyň Täze ýyl gijesi ýene-de şol ýagdaý gaýtalanýar.
Wagt çarhyny dört adam çekip, 45 minutyň dowamynda aýlaýar. Bu desga 2004-nji ýylda gurlupdyr. Ony Ýanos Herner binagär Istwan Ýanakiniň çyzgysy esasynda taýýarlapdyr.