enes_∞
22.12.2024 18:21

AÝAZ BABANYŇ DUTAR ÇALMANY ÖWRENIŞI(hekaýa)1-nji bölüm
Aýaz baba bu gezek hem däp bolşy ýaly, dünýäniň eýjejik çagajyklary üçin nobatdaky Täze ýyl sowgatlaryny paýlamak üçin ýola düşdi. Amerikany, Ýewropany aýlanyp bolandan soň, ol öz ugruny Merkezi Aziýa gönükdirdi. Bu sebitiň eýjejik çagajyklaryny ajaýyp sowgatlary bilen begendiren Aýaz baba öz ýanyndan aýdyma hiňlenip barýardy. Daş-töwerek dym-dyrslyk bolup, käýarym ýerde feýerwerkleriň sesleri ýa-da sugunlaryň güýçli hokranmasy aýdymy böläýmäse, Aýaz babanyň hiňlenýän aýdymyndan özge özboluşly ses onuň ünsüni bölenokdy. Birdenem, sesýetim aralykdan, ýerde nähilidir bir ýaňlanýan owaz onuň ünsüni böldü-de oturyberdi. Şeýle owazyň özboluşly mukam bolup ýaňlanmagy Aýaz babanyň ýüregini jigledip barýardy. Ýogsam heniz sowgatlarynyň ählisini paýlap hem gutarmandy. Emma onuň bilesigelijilik häsiýeti gozgap, öz erkine goýmansoň, öz ýanyndan “Gel, şu owazy anyklaýynda, ýetişerin-le” diýýän ýaly, paýtunyny aşak gönükdirdi.

Geňligine sered-ä, Aýaz babanyň ýoly edil gözel Aşgabadyň, onda-da “Oguzkent” myhmanhanasynyň üstünden düşäýşini. Bu gezek dikuçar meýdançasy Aýaz babanyň paýtunynyň düşlän ýerine öwrülse nätjek ?!

Aýaz baba bu ýerde kän eglenmedi. Çünki ýüregini hälki owaz büs-bütin gurşap alypdy. Bar maksady şony anyklamakdy. Tizden-tiz paýtuny bilen myhmanhananyň öňündäki awtoýoly uçup kesip geçdi-de, myhmanhanyň gabat öňündäki seýilgähe bardy. Bu gezek owaz edil ýakynynda ýaňlanýan ýaly bolup eşidildi. Ol öz ýanyndan owaza ýakynlaşandygyna begenýärdi we ol paýtunyny haýal sürüp başlady. Birdenem ses saza utgaşyp, täsin bir enaýy owaz bolup, ýaňlanyp ugrady. Şeýle sazy öň eşidip görüpmidi näme ?! Aýaz baba öz ýanyndan “Beý-bä, beýle hoşamaý owazlar nireden gelýärkä, juda täsin eşidilýär-le. Owazyň ýakymlydygyna bir sered-ä! Oturyp dagy eder ýaly däl, edil özüne maýyl edip dur. Dogrudan hem, men pianinonyň, ariýanyň sazlaryny, jazy, fortepianony diňläp görüpdim. Emma beýle owazy henize çenli eşitmändim. Hany anyklaýyn” – diýip, barha bilesigelijilik bilen gözlemegini dowam etdi.
Ol uzak ýöremedi. Birdenem, onuň gözleri elinde nämedir bir zatlary şol hereketlendirip oturan bir adama düşdi. Aýaz baba ilkibada, barmakdan çekindi. Ol adam bolsa, hiç zada üns bermän, elindäki guralyny oýnadyp, dürli sazlary çalyp otyrdy. Ak pamyga bürenip duran daýaw pyýadany görüp, saz çalýan ýigit garaşylmadyk pursada haýran galdy.

Aýaz baba barha ýakynlaşdy. Ol ýigit gözlerine ynanmady. Düýşdir öýtdi, emma düýş däl eken. Hakykatdanam, gabat öňünde Aýaz baba paýtuny bilen dur. Paýtunly daýy oňa barha ýakynlaşyp:

-Dostum, iňlis dilini bilýärmiň ? – diýip, geň galyjylyk bilen sereden-de, ýaş ýigit işini dowam edip, bilýändigini tassyklan ýaly, baş atdy. Aýaz baba:

-Gadyrdan dostum, men, neme, birhili seniň çalýan sazyň beýhuş ediji owazlaryna maýyl bolup geläýdim. Eger mümkin bolsa, bu täsin guralyň nämedigini aýdyp bilermiň ? Ondan daşgary, eliňdäki guralyň daş keşbi hem bir geňsi. Edil ýonulyp taraşlanan tagta meňzeş. Mundan hem şeýle owazlar çykýandygyna haýran galýaryn – diýip, matlabyny düşündirdi. Höwes bilen çalyp oturan ýaşajyk ýigit güldü-de:

-Wiý, bagyşlarsyňyz-da. Tolgunyp oturuşyma salamy hem unudaýypdyryn. Essalawmaleýkim, Aýaz daýy, güneşli Watanymyz Türkmenistana hoş geldiňiz !-diýip, gadyrly salamlaşdy. Aýaz baba edepli ýigidiň myhmansöýerligine öz ýanyndan diýseň begendi.
Tüweleme, men onda Türkmenistanda ekenim-dä! Hawa, siziň güneşli ýurduňyz hakynda telim gezek eşidipdim. Men şeýle ajap mekanda bolýandygyma çäksiz buýsanýaryn-diýip, loh-loh edip gülüp, ýene-de sözüni dowam etdi:

-Howaňyzam jana tenekar. Mylaýymjyk şemal öwsüp dur. Ýogsa-da, eliňdäki gural bilen tanyş etmedinle? – diýip, ýigide nurana gözlerini balkyldadyp, onuň jogabyna garaşýan ýaly, bilesigelijilik bilen ýigide, hem elindäki gurala gaýta-gaýta syn etdi.

-Biz muňa dutar diýýäris. Bu biziň milli saz guralymyz.
5
62
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.