okyyjy
19.12.2024 18:43
Nurundan ýaradan iki azyzy,
Bugdaý iýp, behiştden aýrylmadymy?!
Üç ýüz ýyl agtaryp, sergezdan bolup,
Adam How eneden aýrylmadymy?!

Adam ogly hiç bolupdyr baş bilen,
Ýuwdy ýüzün gözden akan ýaş bilen,
Abyl atdy ol Kabyly daş bilen,
Aga inisinden aýrylmadymy?!

Ybraýym pygamber dünýäge geldi,
Arzuw­arman bilen Hajary aldy,
Musulman bolanlar kişdige doldy,
Nuh öz kowumyndan aýrylmadymy?!

Ol hakyň Töwratyn okygan Musa,
Zamanynda ýokdy olar dek resa,
Bibi Merýem ogly­hezreti Isa,
Gaçyp, kapyrlardan aýrylmadymy?!

Pygamber äleme patyşa boldy,
Zebur okap, halka nesihat kyldy,
Bir güni göwnüne men­menlik geldi,
Dawut öz oglundan aýrylmadymy?

Dawut öldi, zürýadyna ýer galdy,
Hudaýymdan şoňa bir ýüzük geldi,
Nurdan bolan ýüzügini döw aldy,
Süleýman tagtyndan aýrylmadymy?

Ýakup aglap aýrylandyr gözünden,
Hiç peýda tapmady aýdan sözünden,
Arzy Gambaryndan, güler ýüzünden,
Ýusup Züleýhadan aýrylmadymy?

Pygamber Çaryýar ýaşyn dökerden,
Şyhlar sopusyndan, şalar nökerden,
Zenbur asalyndan, toty şekerden,
Bilbil gülüstandan aýrylmadymy?

Görogly beg, tälim algyn ussatdan,
Ýagşy, ýaman hemme geçer syratdan,
Leýli Mejnunyndan, Şirin Perhatdan,
Wamyk Uzrasyndan aýrylmadymy?


"Görogly beg" dessanyndan
6
49
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.