alma___
16.12.2024 09:08
Erteki.

Gadym zamanlarda
bir sahy, adyl
patyşa bolupdyr.
Ol halkyň içinden
özüne akyldar wezir
gözlemegi ýüregine
düwüpdir we ýola düşüpdir.
Öňünden birnäçe adam çykypdyr.
Patyşa olara: «Patyşamnyza bir akylly, parasatly wezir bolmak ücin bir dana adam gerek. Eger patyşanyň synagyndan geçseňiz,
ol wezir siz hem bolup bilersiňiz!» diýip, habaryny beýan edipdir.
Olaryň hiç biri hem soraglara
jogap berip bilmändir.
Patyşa obanyň bazaryna
barypdyr, ol ýerde bir gök
satýanyň alyjylaryň sözüne jogap gaýtaryşyny eşidipdir-de oňa
tarap ýöräpdir. Patyşa satyjy bilen
salamlaşandan soň ýagdaýy bolşy ýaly gürüň beripdir hem-de ony
synagdan geçiripdir.
Patyşa satyja bäş barmagyny
görkezipdir, satyjy
bolsa bäş barmagyny
ýumup görkezipdir.
Ondan soň patyşa
ýere tegelek şekil
çyzypdyr, satyjy
hem sol şekiliň
göni ýarsyndan
çyzyk çyzypdyr.
Soňra patyşa şol adama bir barmak görkezipdir,
satyjy bolsa iki barmak görkezipdir.
Şeýlelikde, satyjiy patyşanyň
synagyndan geçipdir.
Patyşa parasatly ýoldaş
tapynandygyna begenipdir.
Ýöne hälki sowal-jogap berlişine seredip duran halaýyk hiç bir
söze düşünmän, muny patyşadan sorapdyrlar. Patysa bolsa: «Men
ilki bilen bäş barmagymy görkezip,oňa «Ýurdy dolandyrmak üçin
näme etmeli?» diýip ýüzlendim.
Ol bolsa barmaklaryny ýumdy-da: «Agzyny bir etmeli» diýdi.
Men tegelek şekil çyzyp: «Yurt nädip dargayar» diydim. Satyjy:
«Agzalalykdan, ikä bölünip
dargayar diydi. Iň soňky sowalda bolsa, men bir barmagy görkezip:
hem-de patyşamyza gulluk
edyärin diýdi. Ine, adamlar, siziň düşünmedik sözleriñiz-ä şular, men
hem şu yurduň adyl soltanydyryn»
diýip, özüni tanadýar. Obanyň ilaty patyşany hezzet-hormatlapdyr.
Patyşa köşgüne baryp, hälki
satyjyny wezir edip belläpdir
hem-de olar ençeme ýyllap
ýurdy bilelikde, agzybirlikde
dolandyrypdyrlar.
8
73
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.