Aýralyk
Daň atýar, gün ýaşýar-Güneş ýaşmaýar,
Ýyldyz öçýär, emma öçmeýär Älem.
Adam ölýär - hiç ölmeýär Adamzat,
Bag guraýar - tokaý ýaşaýar hälem.
Bu şeýle bolupdy,
Şeýle-de bolar.
Tebigatyň demir kanuny bular.
Daň atýar, gün ýaşýar-gyýylýar ýürek,
Bir ýyldyzjyk öçýär - gyýylýar ýürek.
Goja bag çüýreýär - gyýylýar ýürek,
Adam ölýär - hasam gyýylýar ýürek.
Eger Güneş, Älem, tokaý, adamzat-
Baky bolsa,
Gama batmak ne derkar?
Bag ölýär - bag döreýär,
Gün ýaşsa - daň atmaly.
Her ölümiň yzynda oň dowamy - ömür bar.
Şularyň birisi dünýämden gitse,
Bilemok ýüregmi gaplaýar gussa.
Gurbannazar Ezizow