Derdeserhekaýa 1- nji bölümSuhanyň ejesiniň köne derdi gozgady!
Onuň birinji ärine Mämmet diýerler. Mämmet ýarag ujundan öldi. Dul galan gelni Mämmediň inisi Nazarla dakdylar. Nazarlydan basdaş iki gyz, bir ogul dünýä indi. Ony alyp ýatan garahassa keseli boldy. Şeýdip, Suhanyň ejesi ýigrimi dört ýaşlanryndaka ikinji gezek dul galdy. Nazarlynyň belli günleri sowulýança ol güň gezdi. Soňam däliredi. Däliredi diýiläýýä. Däliremedi. Bir edeni, “Men äre çykjak. Maňa är tapyp beriň!” diýip ile çykdy. Eltisi: “Kelläň bir ýerindemi, gyýw! Bolşuň nähili? Utanç bor-a, goý” diýende, “Goýjakgä. Maňa är gerek. Äriňi ber. Onsoň goýaýyn” diýip, galmagal turuzdy. Aýaly ölüp, dul galan Öwezli bir gün çola ýerde oňa söz aýtdy. “Senden är bolmaz. Maňa sen ýaly är gerek däl. Maňa Almaz ýaly är gerek” diýip, köçä çykyp, onam betnam etdi. Soňam: “Sen maňa är bol. Men saňa äre çykjak. Görýäň-ä, men ärsiz galdym-a” diýip, täze açylan mekdebiň ýeke-täk mugallymy Almazyň başyndan musallat bolup indi. Bir günem açyldy. Utandy. Edip ýören işleri üçin özünden utandy. Göwnüne mojuk zatlary saldy. “Meň baran ärim ölýär. Maňa är düşenok” diýdi. “Kysmatdyr bi. Owalynda şeýle ýazylandyr” diýmedi. Özüni adamlardan çetde saklady. “Bi gyrnag-a äre gelen ganym eken” diýýändirler diýip hesrete basyrynyp gezdi. Il diýeniňem näme, ähli işi diňe sen däl. Il bir güň seniň gürrüňiňi eder-de, ikinji gün özüne täze gep-gürrüň tapynar. Şeýlelikde, keremara ile goşuldy. Äre turup gitmedi. Ärli gürrüňler unudyldy. Soň ýowuz günler başlandy. Aýlar agyr, ýyllar uzyn, gijeler sowuk. Adamlary tutup, äkidýärdiler. Äkidilen adamlar yzyna dolanmaýardy. Onsoň uruş turdy. Munuň hiç yzy gelmedi. Güýzler ýürekgysdyryjy. Gyş günleriniň aldajy sowugy bardy. Aňyrdan joşup gelen ýazlar bolsa göwnüňi gozgamaýardy. Açlykdy. Açlyk adamlaryň çydamynyň çägini ölçeýärdi. Onsoň uruş gutardy. Zamana barybir zabundy. Suhanyň iki ärini ajala aldyran ejesi şonda ýaman mert durdy.
Perzentlerine pena boldy. Kolhoza gatnady. Orak ordy, pagta ýygdy. Gündizlerine çil çekip, gijelerine suw tutdy. Ýadamady, basylmady, gaýrat etdi. Ejizlän mahaly aglap, aýdym aýtdy. Onsoň gyzlaryny äre berip, ogluny oýerdi. Agtyk söýdi, çowluga ýüzi düşdi. Ynha, indem aradan elli ýedi ýyly geçirip, şol köne dert ýene munuň ynjalygyny elinden aldy. Muny ilki aňşyran ogly Suhan boldy. Juma güni gijara ol bir sebäp bilen garrynyň bolýan otagyna
girende ejesiniň terse bakyp, aga çalymdaş heň edip
oturanyny gördi.
Gam kalbyňy daglar, heý,
Göwnüňi pos baglar, heý,
Saç, ýaýyp, kim aglar, heý,
Äri ölmedik bolsa?!
Suhan gözlerini açalak-ýumalak etdi. Düşünjek
boldy. Bolmady. Gulaklaryny keýerdip, yzyna diň saldy.
Gaýgy-gamyň bolarmy,
Güler ýüzüň solarmy,
Ajal golaý gelermi,
Ýanyňda äriň bolsa?!
Suhanyň haýýaty göçdi.
— Eje! — diýdi.
Garry hä bermedi. Dowam etdi.
Çözläp, saçlaryň ýaýsaň,
Döşüne başyň goýsaň,
Gijeler ýatman söýseň,
Äriň ýaňynda bolsa.
Suhan:
— Beh, beh, eje, eje! — diýip, ejesiniň egninden yralady. Garry egniniň üstaşyry yzyna seretdi.
Suhanyň ejesiniň gözlerini üýtgäpdir! Olarda öňki mysapyrlykdan, rahatlykdan, mylakatdan birjik-de
nyşan galmandyr. Oňa derek ol gözlere galagopluk, rehimsizlik, gaýduwsyzlyk inipdir.
Suhan ejesiniň ýitelen gözlerini görüp, erbet
düýrükdi. Süňňi bir elhençligi syzdy. “Däliräpdir. Akyly üýtgäpdir. Ahyr ýaşynda däliräpdir. Gözi aýdyp dur” diýen pikir bada-bat beýnisinde at çapdy.
Dowamy gelsinmi?