awadan
12.12.2024 20:39
Köreken
Bu Orazçigiň gaty bagty çüwüpdir!» diýýärler. Ýene biri: «Gawunyň ýagşysyň şagal iýr diýrler» diýip degişýär. Oturýarlar gülşüp.
– Senem hyzmat edýänmi?
– Arkalaşmaly-how! Sen şäher durmuşyny bileňok. Meniň ýanyma myhman gelse – Zyýada hyzmat etmeli, onuň ýanyna myhman gelse – men hyzmat etmeli. Onsoňam-how, aýallary ezip ýörmeli däl. Olary hormatlamaly, aýamaly.
– Men-ä öýlensem, ölsemem tarelka ýuwmaryn. Klýonka-da süpürmerin.
– Maňa gyjalat berjek bolýaňmy? Men Zyýada üçin ölmäge-de taýýar, düşnüklimi?
– Bor onda, ol arzylyň ýanyna gaýt. Men ertir ir turmaly. «Akgam salam aýtdy, jany sag» diýerin.
– Men saňa pul getirdim. Ýaňy öýkeläp gaýtdyň. Men myhmanlar gidensoň Zyýada göni aýtdym: «Durdy meniň ýalňyz doganjygym. Şoňa on manat pul gerek: oba gitjek bolýar. Oba atar ýaly puly ýok» diýdim. Berdi. Seniň maňa gözüň öwrenişipdir. Sen meni şol öňki Oraz hasaplaýansyň. Indi meniňem elimden köp zatlar gelýär. Me, pul. Ýene gerek diýseň alyp bereýin. Seniň üçin hemme zada taýýar. Özümi oda-suwa urmalam bolsa men bar. Alsana!
– Akga, sag bol! Senden tamam hem şeýle. Ýöne indi onuň maňa geregi ýok. Men oglanlardan karz aldym. Biledem aldym. Ertir ir bilen gidýän.
– Al diýlende al. Kimden karz alan bolsaň, muny şoňa ber. Men barkam, adam ogluna ýüz tutma. Eşidýäňmi? Zyýada meni gowy görýär. Menem – ony. Ol meniň aýdanymdan çykyp bilmez. Näme diýsem eder. «Inime pul gerek» diýdim – berdi. Şeýle-de bolaýmaly. Ýöne ol: «Myhmanlaryň ýanynda azar berme» diýýär. Dogry aýdýar. Myhmanlaryň ýanynda azar bermek gowy däl. Zyýada göwün açmagy gowy görýär.
Osman ÖDÄÝEW. Hekaýalar
11
170
awadan
13 Dekabr 2024
@alma___, Hekayan sony sul basga hekaya goyjak indi
alma___
13 Dekabr 2024
Dowamyna garaşýan aķ peñkde ýazsañ has gowy gözüñi agyrdanok
gokgi
13 Dekabr 2024
Aýalyny öwen akmak(nakyl). Oraz akmagyñam öýini ýykan akmak.
gokgi
13 Dekabr 2024
Zyýada Zyýada Zyýada ýene Zyýada 🤦‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.