Köreken /hekaýa 5-nji bölüm– Heleýiňde el ýokmy? – diýip, Durdy gyzardy.
– Samsyk bolmasana, doganjygym! Bolýa, oturybersene. Hemme işi özüm ederin.
Aýdyşy ýaly özi etdi. Onuň işe eli gelşip dur. Ökdeläp gidipdir. Ol Zyýadanyň ýumşuny derrew bitirip, inisiniň ýanynda oturdy.
– Orazçik, salfetka getir. Şony dagy öňünden äberäýmel-ä – diýip, Zyýada gygyrdy.
Oraz ýeňil gopdy. Inisiniň ýanynda oturdy. Onuň ýüzüne ýylgyryp seretdi:
– Dokuzjyk, menden gaçyp ýörsüň. Geläýmeli ahyryn. Meniň seni juda göresim geldi.
– Göresiň gelse, özüň baraý. Nirede ýaşaýanym-a bilýäň.
– Wah, baraýyn diýip her gün pikir edýän. Içiňi ýakaýyn diýýän ýaly, her gün bir bahana tapylýar. Hiç bolanok. Hany, aýt, okuwyň, okaýşyň nähili? Näme kem zadyň bar. Agaňdan näme kömek gerek? Häzir meniň abraýym uly. Elim uzadan ýerime ýetýär. Haýsy mugallymdan baha geregem bolsa aýdaý. Oňararyn.
– Işim düşüp geldim, akga – diýip, Durdy sümügini çekdi.
– Näme iş?!
– Sessiýa gutardy, ekzamenleri tabşyryp boldum. Ýöne oba gidere pulum ýok. Düýn trolleýbusda ogurlatdym.
– Agzyňy açyp ýörseň, ogurladarsyň-da. Samsyk.
– Pul berjekmi ýa ýok? – diýip, Durdy gahar bilen ýerinden turdy.
– Mende pul barmy näme? Aýlygymy getirip Zyýada berýän.
– Men karzyna soraýan.
– Zyýadanyň ýek ýigrenýäňi adama karz pul bermek.
– Bermeseň berme, men gitdim – diýip, Durdy gapa gönükdi.
– Dur, samsyk bolma. Häzir sorap göreýin.
Oraz Zyýadany başga otaga çagyrdy. Iş bitmedik bolarly, Oraz başyny aşak salyp geldi:
– «Soň ol bermez» diýen bolýar-laý. Men: «Getirip berer» diýýän. Ol bolsa: «Myhmanlaryň ýanyndan alyp gaýdyp aýdýan sözleriňem şumy? Meniň oturyşlygymy bozjak bolýaňmy? Näme, Durdy oturyşlyk gutarýança garaşyp bilenokmyşmy?» diýýär. Dur, dur! Nirä barýaň? Myhmanlar gidýänçä garşaýsana. Gitseň gidiber, pul tapmasaň, barybir, ýene gelersiň. Gör, bu doňuzjygy! Hem minnetini çekmeli, hem pul bermeli.
Oraz saklanyp bilmedi. Ýatdy-turdy. Aýalyna ýalbaryp, pul aldy-da, ýarygije inisiniň ýaşan gapysyny kakdy. Inisiniň giden bolmagyndan gorkdy. Onuň inisini, näme üçindir, juda göresi gelipdi. «Ony gördügim, gujaklaryn» diýip ýolboýy pikir edipdi. Inisi gözlerini owkalap, daşary çykdy. Ony beýleräk alyp çykdy.
– Gidäýdiňmikäň öýdüp gorkdum! – diýip, Oraz inisini gujaklady.
– Bolşuň nähili-aý?
– Sen maňa düşünmersiň, inim. Sen gaýdansoň juda içim gysdy. Ynanaý. Seni göresim geldi.
– Akga, bu ýerde beýdip ýörmesene.
– Nädip ýörün men?
– Sen meniň öňki akgam-a däl.
– Göwnüňendir.
– Oba gideli, akga. Şäherde ýaşap ýörenlere nebsim agyrýar. Gapyrjagyň içinde ýaşan ýaly-laý. Oba dünýä ýaly giň. Köpleriň ölüp-ýitip şäherli boljak boluşlaryna-da janym ýanýar.
– Sen muňa düşünmersiň, inim.
– O nähili men düşünmezmişim?! Dünýäde meniň düşünmejek zadym bolmaz. Men hemme zada düşünýän. Sen ol it ýaly heleýiň nämesini söýýäň?
– Beý diýmesene, inim. Onuň kimiň gyzydygyny bilýäňmi? Sen olaryň nähili abraýly, sözleriniň nähili geçginlidigini, nähili baý adamdyklaryny bileňok. Öýlerine bir baryp görsediň. Ä-eý, çynym, hak-gyt çynym, köşge girdimmikäm öýdersiň. Öýleri durşuna daşary ýurt mebeli. Her otaglarynda hem üýtgeşik telefonlary bar. Sen entek onuň ýaly telefonlary kinoda-da gören dälsiň.
– Olaryň maňa nämä geregi bar?
– Ana, Zyýadanyň kakasy oturan ýerinden ähli meseläni çözüp otyr. Seni haýsy ýere işe ýerleşdirmeli. Jaň etdi gutardygy. Pullary weşeň-weşeň. Zyýada käte baryp mamaşyna: «Mamaş, garnitur aljak. Üç tegelegi okla!» diýýär welin, gaýyn enem dört tegelek oklaýar. Şu ýyl iýulda kurorda gitdik. Zyýadanyň mamaşy iki tegelek oklady. Şeýle bir dynç aldyk. Edil hindi kinolaryndaky ýaly bolup gezdik. Hezillik-laý! Zyýadanyňam tanamaýany ýok. Onuň elinden gaty köp zat gelýär. Käte ýigitler oňa degişip: «Şeýle gözel halyňa oba ýigidine durmuşa çykyşyňa gaty geň galýas.
Dowamy bar ☘️