awadan
11.12.2024 13:27
Köreken /hekaýa 4-nji bölüm
– Zyýada razy bolmaz. Ol: «Goý, obada tozana bulaşyp, garader akdyryp, şonam özlerine uly bagt hasaplan samsyklar ýaşasyn» diýýär.
– Sen näme diýýäň, sen?
– O nähili «sen»?!
– Gelnimiziň näme diýýänini-hä eşitdik. Seniňem pikiriň bardyr ahyryn.
– Kaka, size gelşiksiz bolubam eşidilmegi mümkin. Sebäbi siz köne adamlar. Şonda-da göni aýdaýyn: Zyýada ikimiz bir adam. Ikimiziň ýüregimizem bir, pikirimizem. Biri-birimizi hiç bir zat aýra salyp bilmez.
– Gelnimizem şeýle pikirdemi? Ýa bu diňe seniň pikiriňmi?
– Näme diýjek bolýandygyňyza düşünmedim.
– Be, meniň hugum çykaýdymykan? Men şeýle düşnüksiz gürleýänmi? Men diýýän: «Gelnimizem sensiz bir minut oňup bilenokmy?»
– Ol maňa Orazçik diýýär. Nirä gitsek, goltuklaşyp gidýäris.
– Oraz-a biziň goýan adymyz, onuň yzyndaky «çiki» näme?
– Meni gowy görüp diýýär-laý.
– Bolubilýär… – Ýolbars aga «haşş» etdi. – Şu ýyl iniňem-ä okuwyny gutarýandyr. Onuňam maksady okamak. Özüň göz-gulak bolarsyň-da.
– Kaka, dogrusyny aýdaýyn, maňa-da hiç kim kömek etmedi. Okuwa özüm girdim, ýerleşdim, öýlendim. Gül ýaly günüm bar.
– Onda, senden goldaw ýok-da? – diýip, ejesi öýkeledi.
– Kömek edip ýörseň, ondan gowy adam çykmaz, eje. Zyýada: «Adam öz göbegini özi kesmegi oňarmalydyr. Öz göbegini özi kesip ulalan, abraý alan adam hiç ýerde-de hor bolmaz» diýýär.
– Gelnimiziň şu aýdany dogry – diýip, Ýolbars aga baş atdy.
Orazyň inisi hem agasyna ýük bolup durmady. Öýünde öwredip goýberişleri ýaly etdi. Ol okuwa girip, agasynyň gapysyny kakdy. Gapyny Oraz gaçdy. Ony içeri saldy. Zyýada bilen tanyşdyrdy. Durdyny boýdan-başa synlan Zyýada ýagşydan-ýamandan hiç zat diýmän, öz otagyna gitdi. Oraz çaý goýdy . Zyýada ony öz otagyna çagyrdy. Ol basymam dolandy:
– Durdy jan, biz-ä bir ýere gezelenje gitmeli bolduk. Sen ertir geläýsene. Arkaýynçylykda oturarys. Çaý içeris. Agşam bizde ýatarsyň.
– Men oba gidip barýan. Aýtjak zadyň, sargajak zadyň bolsa eşideýin diýip geldim.
– Şeýlemi? Okuwa girib-ä oňarypsyň. Gutlaýan! Zyýada-da begendi. Oba aýtjak zadym ýok. Gitseň, salam aýt. Akgamdan mes adam ýok diý. Gül ýaly ýaşap ýör diý. Ýöne oba baryp geleninden soň hökman aýlan. Oturaly. Ikimiz dogan ahyryn. Sen meniň ýalňyz doganjygym. Ikimiz biri-birimize gaty ýakyn bolmaly. Eşidýäňmi? Birek-biregimize kömek bermeli. Gollaşmaly, düşünýäňmi, maňa?
– Düşünýän akga, düşünýän. Men seni gowy görýän ahyryn.
– Sag bol onda – diýip, Oraz doganyny mähir bilen gujaklady. – Meniň mähriban doganjygym. Obadan gelen günüň hökman gelgin.
– Gelerin, aga, gelerin.
Durdy gelmedi. Ol bäş-alty aý geçensoň geldi. Onda-da örän aljyraňňydy. Agasy aşhanada nahar bişirip, garabaşyna gaýdy. Myhmanjaýda bolsa bäş-alty sany adam, iki-üç sany zenan nämedir bir gyzykly wakanyň gürrüňini edip gülüşýärdiler. Durdy agasynyň ýanyna baryp oturdy.
– Zyýadamyň işdeş ýoldaşlary geldi – diýip, Oraz inisiniň oňaýsyz ýagdaýdadygyny aňyp dillendi.
– Gelende näme, nahary sen bişirmelimi? Aýalyňmy – goý, özi bişirsin.
– Inim, obanyň köne pikiri saňa berk ornapdyr-ow. Birek-birek bilen arkalaşmasaň bolmaz ahyryn. Meniň ýanyma myhman gelse, men myhmanlarym bilen oturaryn, Zyýadam hyzmat eder. Ras, Zyýadamyň işdeş ýoldaşlary geldimi – men hyzmat etmeli. Öwren arkalaşygy.
– Seniň ýanyna işdeş ýoldaşlaryň gelýärmi?
– Hökmanmy olaryň gelmegi? Men olaryň gelmeginem islämok.
– Orazçik, Orazçik! – diýip, Zyýada gygyrdy.
– Häzir barýan – diýip, Oraz howlukdy.
– Boşan tarelkalary ýuwuşdyr. Soňam bize kofe taýýarla. Klýonkanyň üstünem arassala.
– Derrew Zyýadam, derrew – diýip, Oraz tarelkalary ýygnaşdyrmaga durdy. Olary aşhana getirdi. – Inim, ýör, senem kömekleş. Klýonkanyň üstüni süpürişdir. Oňa çenli men tarelkalary ýygnaşdyraýyn.

Dowamy bar ☘️
8
119
alma___
11 Dekabr 2024
Dowamyna garaşýan 👍👍
3456
11 Dekabr 2024
Gaty gyzykly eken
3456
11 Dekabr 2024
Dowamyny goýaýyñda
gokgi
11 Dekabr 2024
Orazçik orginal heleýguly bolupdyr😁
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.