awadan
11.12.2024 08:49
Köreken /hekaýa 3-nji bölüm
Ýolbars aga dagy yzyna gaýtdy.
Orazdan habar bolmady. Ol, asyl, ýetişiksiz gara gündedi. Ony ylmy institutlaryň birine işe aldylar. Ol bir gün oba geldi. Onuň gelendigini eşidip, oba adamlary ýygnanyşdy. Begenişdiler. «Ynha, görseňiz, biziň obamyzdanam şäherde ýaşap, abraýly ýerde işläp ýören bar» diýişdiler. Orazyň gürrüňini diňlediler:
– Meni oba iberjek boldular. Zyýadanyň kakasy göni rektoryň ýanyna bardy. Ol ikisiniň arasyndan gyl geçenok. Dost olar. Toýumyzda-da bardy. Rektor gelip Zyýadanam, menem gutlapdy. Ana, onsoň, Zyýadanyň kakasy rektora göni: «Orazy şäherde galdyrmasak, bolmaz. Ol meniň giýewim ahyryn. Senem ony oba iberjek bolup durmuşyň. Bu nähili beýle bolýar?» diýipdir. Rektor nä Zyýadanyň kakasyna ýok diýip bilýärmi? Ýok diýse, ol köp zat ýitirjek. Onsoňam ol Zyýadanam gowy görýär. Rektor: «Dost jan, o zatlaryň gürrüňi bolmaz. Nirä ugrat diýseň meniň bilen. Seniň işiňi bitirmesem, meniňem adam bolmadygym» diýipdir. Ana, onsoň, Zyýadanyň kakasy ylmy instituta işe ýerleşdirdi. Ylmy işgär. Zyýada-da: «Şu işiň erbet däl» diýýär. «Soňunam görüp gelen ýok. Häzirlikçe şu ýerde işläber» diýýär.
Jaýam aldyk. Gaýynatam-a: «Bizde ýaşaberiň» diýdi. Maňa sen giçgiýew diýdi. Ýekeje gyzym bar. Ondan aýry düşmäli diýdi. Zyýada: «Ýok, kaka, ýagşy görýäniň çynyň bolsa, bize şu ýakyndan jaý alyp ber» diýdi. Göni aýtdy şeýle diýip. Gaýynlarym Zyýadanyň aýdanyndan çykyp bilenoklar. Näme diýse, ylgap ýörler. Maňa-da: «Näme ýumşuň bolsa aýdyber» diýýärler. Aý, men-ä bizar edip duramok.
Käte öümize myhman gelýär. Zyýadanyň işdeş ýoldaşlary: «Zoýa, bizi äriň bilen tanyşdyrsana» diýýärler. Zyýada-da: «Siz erkek adamlar, özüňiz tanyşyberseňizläň» diýýär. Soň oturýas, tanyşýas. Hemmesi şahandaz adamlar. Gülşüp, gijä çenli oturýas. Olar Zyýada bilen nädip tanyşandygymy soraýarlar. Men olara institutda bileje oturandygymy, okuwdan soň öýüne çenli ugradandygymy, käte bile kino gidendigimi gürrüň berýän.
– Bu aýdýan zatlaryň dogrudyr, hany, sen şäheriň ýagdaýyny aýt. Şäherde azyk ýagdaýy nähili? Et, mesge tapdyrýarmy?
– Aý, ol zatlaryň gürrüňi ýok. Zyýadanyň ejesi adyny tutan zadyňy tapyp berýär. Onuň şäherde tanamaýany ýok. Zyýadanyňam tanamaýany ýok. Haýsy dükana barsak: «Zoýa, seni hoş gördük! Näme gerek bolsa aýt, ýer gazyp tapyp bermelem bolsa, biz taýýar» diýýärler. 21-nji sentýabrda Zyýadanyň doglan güni. Şony bellemek üçin et gerek boldy. Etem haýsy dükana barsam, ýok. Onsoň Zyýadanyň özüne aýtdym. Ol elime hat ýazyp berdi-de: «Ataşyň ýanyna bar» diýdi. Onuň aýdan zawmagynyň ýanyna bardym. Ol haty okap: «Etiň gürrüňi bolmaz!» diýip, sygryň jylka ýerinden bäş kile mugt berip goýberdi.
– Bu aýdýanyňam dogrudyr. Hany, sen aýt, ýegen, ýolumyz düşüp şähere barsak, myhman alyp biljekmi? Muny soraýanymy geň görme – diýip, Orazyň daýysy gobsundy. – Allanäme toý tutduňyz. Onda arkaýyn oturyp, tanşyp bilmedik. Biziňem gelnimizi synlasymyz gelýär. Ony özüňem getirenok. Arada ejeň ýüküni tutup, siziňkä gitdi. Şo günem dolanyp geldi. «Näme boldy?» diýsemem, aýdanok. Ýöne aglap otyr. Ýeri, biz barsak, myhman alyp biljekmi?
– Ejem tualetde nähili oturmalydygyny bilenok. Muňa Zyýadanyň gahary geldi. «Daýza, bu ýeri oba däl. Gaty arassaja boluň. Obanyň samsyk adamlaryna meňzäp ýörmäň» diýdi welin, ejem şony gaty görüp, zut gaýtdy. Zyýada dogry aýdýar. Şäherde özüňi gaty medeniýetli alyp barmaly. Obadaky ýaly däl.
Tamy dolduryp oturan adamlaryň kän oturyp mazasy bolmady. Hersiniň bir işi ýadyna düşdi, hoşlaşyp, turmak bilen boldular. Oraz olar bilen hoşlaşyp, ýene gürrüňe başlady:
– Bir gün Zyýada bilen dükana bardyk…
– Hany, ogul, bir saklan. Saňa maslahat bar – diýip, öýde del adam galmansoň, Ýolbars aga ogluna ýüzlendi. – Sen şeýdip ýörjekmi?
– Nädip?
– Oba dolanaýsaň nädýär? Önüp-ösen ýeriň.

Dowamy bar ☘️
9
87
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.