alma___
10.12.2024 20:22
2 bölûm

Sat bolup.
öyüne gaydyar,
Mahmyt pälwan ertesi toý diýlen
güni gijesi bilen kän oýlanýar. Nähili
bolarka? Bir maşgalany çörekden kesmek gowy däl. Ýurduň abraýyny hem
goramaly. Onsoňam Mahmyt pälwan
bilden bir tutansoň, bilgeşleýin ýykylyp
bilermikä? Munuň özi gaty gelşiksiz
hereket, tutuş märekäni oýnamak ahyry! Ol o ýanyna, bu ýanyna kän ag-
darylyp, gije uklaman, daňyny atyrýar.
Ahyry şol pursat hem gelip ýetyär.
In uly baýraga Mahmyt pälwan bilen
ol ýurduň baş pälwany çykýar.
Pälwanlar tutluşýarlar. Mahmyt pälwan garşydaşynyň guşagyndan elini
geçirýär-de, ony göterip ýanbaşdan
aylarly bolanda, düýnki garry mama
ýadyna düsyär. Garşydaşyny emaý bi-
len ýerde goýýarda, iki dyzyny yere taşlayar.
Şa saşertini üýtgetmese, men ýykyldym
diýip, boýun alýar.
Hywa hany ot gysymlan yaly, zöwwe ýerinden galyar:
- Yykylan bolsan, gözüme görünme!
Mahmyt pälwan toýda uly baýraga
cykyp, ömründe ilkinji gezek öz erki
bilen garşydaşyndan ýenilýär. Hemi-
Şeler ony gözügidijilik bilen garayan
nazarlar ugradýardy. Bu gezek bolsa..
Mahmyt pälwan dagda gezip yörkä,
uçut gayadan bir at uçup gaydypdyr.
Onuň üstünde adamam bardygyny gö-
ren Mahmyt pälwan çalasynlyk bilen
aty tutmaga ýetişipidir. Atlynam, üs-
tündäki adamy hem ynjytman, usullyk
bilen ýere düşüripdir. Ol asyl Hywanyň hany bolsa nätjek. Han gaýdyşyn
Mahmyt pälwanyňn atyny münüp gaýdypdyr. At hem uzaklardan öz eýesini
tanapdyr-da, uçutdan özüni goýberipdir.
Han öz halasgärine:
- Günämi öt, pälwan! Seniň näme
üçin dyzyħy yere taşlanyňy eşitdik.
Halk patyşanyň pälwanynyň önünde
goýan sertinden habarly eken. Sen
ýykylan boisaň hem ýeňdin. Yör, ýurda gideli diýipdir.
Nökerlerin ugratmagynda ýüzüni
Türkmenistana tutan iki sany atly
ümmüldeșip, ýola düşüpdir.

GARAGUM 12/2015
6
56
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.