Köreken / hekaýa 2-nji bölüm– Ogluňyzyň bagtyna guwanman, gynanýaňyz. Maňa Zyýadasyz bir günem ýaşaýyş gerek däl. Ol meniň üçin hemme zat. Eşidýäňizmi, hemme zat. Şoňa öýlenmesem, özümi öldürerin. Alla kessin, çynym, özümi öldürerin. Men oňa nädip ýetdim, bilýäňizmi siz?! Bileňzok. Siziň göwnemeýändigiňizi eşitse, ol näme diýer? «Ata-eneň-ä samsyk eken» diýer. Ýok, ýok. Şu günüň özünde sawçylyga baryň. Zöhre daýza: «Galyň gerek däl» diýdi. «Toýy welin gowuja geçireris, özem restoranda» diýdi. Eşidýäňizmi, toýa Zyýadanyň kakasynyň, ejesiniň ähli tanyş-bilişleri barar. Bilýäňizmi, olar nähili beýik adamlar? Zyýada olar bilen arkaýyn gürleşip bilýär. Hiç çekinenogam. Olar Zyýada: «Zoýa, okuwyňy gutrdygyň, seni hökman ministrlige işe alarys» diýýärler. Zyýada-da: «Men ýeke däl» diýýär. Zyýada olar bilen arkaýyn, çekinmän gürleşýär. «Seniň adamjygyňa-da ýer taparys» diýip, degişen bolýarlar.
– Wah, oglum, o gelnimiz biziň obada ýaşap bilmez ahyryn.
– Biziň obada nä körümiz bar? Zyýadanyň özem şeý diýýär. «Tozana garylyp ýörüp bolmaz» diýýär. Goý, oba adamlary oba gowy diýip, öz göwünlerini asyrlarboýy aldasynlar ýörsünler. Nämäniň gowudygyny özümiz gowy bilýäris diýýär. Zöhre eje-de: «Toýdan soň size hökman kwartira alyp bereris» diýýär. Biziň aýratyn jaýymyz bolar.
– Näbileýin-dä – diýip, Ýolbars aga uludan demini aldy. – Hana, Gurban garajanyň ogly sekiz ýyl şäherde kwartirant bolup otyr. Jaýly bolmak kynmyş şäherde. Gurban garajanyň oglunyň öz agzyndan eşitdim.
– Nämäniň gürrüňini edýäňiz-aý, kaka. Zyýadanyň kakasynyň nirede işleýändigini bilmeýän ýaly gürrüň edýäňiz. Ýolbaşçy adamlaň ýanynda o zatlar dagy «witjik». Zyýadanyň kakasynyň dostlary: «Zoýa, geregiň jaý bolsun!» diýşip durlar-how. Zyýadanyň özem: «Aýratyn jaýymyz bolmasa ýaşamarys. Mamaş dagy hökman jaý tapyp bererler» diýýär. Onsoňam Zyýada ýene bir zat diýdi.
– Goý, goý, gürleme – diýip, Ýolbars aga elini daldalatdy. Nämedir bir zada gahary gelen bolarly, esli wagtlap içini hümledip oturdy. Wagty bilen köşeşip bilmedi. – Adama maňlaýyna ýazylandan gaçyp gutulma ýok. Maňlaýymyzda näme bar bolsa, görübereris.
Toý güni Ýolbars aga ähli dogan-garyndaşyny ýygnap şähere gitdi. Ýöne olary toý gidip duran restorana goýbermediler.
– Obadan aryp gelensiňiz. Onuň üstesine-de oturgyçda oturmak sizi ýadadar. Şonuň üçinem, sizem bir ýerde isleýşiňizçe, obada edilişi ýaly edip toý tutuberiň – diýdiler.
Ýolbars aga saklanyp bilmedi:
– Oglumyz bilen gelnimizi bir göreliň ahyryn hiç bolmanda.
– Olara häzir turmak bolmaýar. Toý ýaňy başlandy.
– Dünýäde bolmaýan zat ýok. Gelsinler!
Oraz geldi: ol gaharyna ýarylaýsam diýýärdi. Ýolbars aga muňa ümsem berip durmady:
– Hany, gelnimiz?
– Şeýle boljagyny öňem bilýärdim. Masgara ediň meni! Zyýada-da: «Kakaň dagy masgara edäýmese» diýýärdi. Aýdyşy ýaly-da boldy. Näme, beýle sürlenişip dursuňyz? Restoranda oturara ýerem ýok. Siz gaýdaýsanyzlaň.
– Biz indi oglumyzyň toýuna-da gatnaşmaly dälmi?
– Gatnaşmaly. Ýöne üst-başyňyz nähili? Şo çölde geýýän eşikleriňiz bilen gaýdyberipsiňiz. Restorana galstuksyz goýbermeýärler. Aý, masgara etjekdigiňizi bilýädim-le.
– O nähili masgaraçylyk? Bu näme diýdigiň seniň? Köp aýtdyň-la şol bir sözi?
– Men-ä sizi kakam, hossarlarym diýip görkezmäge-de utanýan.
– Ýolbars, gel, darykma. Bir ogluňy şäherlilere ogullyga beräýenmişiň-dä. Jany sag bolsa bolan ýeri. Käte-käte aýlanar durar – diýip, Orazyň daýysy Ýolbars aga töwella etdi. – Tüweleme, Durdy jan hem ýetişip gelýär. Şoňa obada toý ederis. Hany, giňräk bolsana!
Giň boldular.
Dowamy bar