awadan
10.12.2024 12:34
Köreken /hekaýa 1-nji bölüm
Wah, göwne ýetmegiň ýokdugy gursun! Bir zada ýetip, edinip göwnümi hoşladym diýseň, ertesi gün göwnüň başga bir zady küýseýär. Oňa-da, teý, tükenme ýok. Onda-da ýaşlykdan köp zada hantama bolup ýaşan bolsaň, hiç zadam oňarmadyk bolsaň. Dünýäň zady saňa gerek. Belki, tapylyp dursa, dünýäň zadam azlyk eder?!
Oraza-ha azlyk etdi.
Orazyň ýaşlygy hantamaçylykda geçdi. Gurply biriniň ogly täzeje eşik geýse, oňa gözi gitdi. Özüniňem şeýle eşik geýnesi geldi. Illeriň öýünde gazan atarylsa, öz öýlerinde-de gazan atarylmagyny isledi. Biri maşyn münüp geçse, kakasynyň hem özüne maşyn alyp bermegini isledi. Isläniňde näme?! Üýtgeýän zat ýok. O zatlara kakasynyň puly ýok. Ol gol doly çagalaryny hor-homsy etmän ekläp-saklap ýörse – bolany. Olaryňam hemmesi iýjekden-geýjekden. Oraz mekdebi gutardy. Ony okuwa ibermeli. Onuň üçin pul gerek bolar. Birki ýyldan soň aýagynam duşaklamaly bolar. Oňa-da birgiden pul gerekdir. Ondan kiçileri hem ýetişip gelýär.
Oraz ýokary okuw jaýyna okuwa girdi, okap başlady. Obadan gelen ýigit. Ol bu ýerde öň görmedigini gördi, öň eşitmedigini eşitdi. Onuň ökjesi ýere degmedi. Ol diňe ökjesi ýere deger-degmez bolup gezdi. Dünýäde şondan bagtly adam ýokdy.
Sebäbimi?
Onuň bilen şeýle bir owadan gyzlar okaýardy. Özem onuň ýaly gözel gyzlar dünýäniň hiç bir künjeginde-de ýokdur. Ana, şeýle owadan, näzeniň gyzlaryň iň owadany Oraz bilen ýanaşyk oturýar. Şäherli gyz. Elini sowuk suwa urmandygy näzikliginden, reňklenen uzyn barmaklaryndanam, «tyrk-tyrk» edip, täsin ýöreýşindenem duýlup dur. Şeýle owadan gyza öýlenip bolsady! Onuň gar ýaly ak, näzijek ellerinden tutsaň! Mähirli, ala gözlerine tä ganýançaň seretseň! Bilýäňizmi, ol gözeliň ady näme?! Zyýada.
Dogrudanam, ol ähli gyzlardan zyýada! Oraz diňe Zyýada baradaky oý-pikirler bilen ýaşady. Zaýadany düýşünde-de gördi, huşunda-da. Oňa her näme edibem bolsa ýaranasy geldi. Oturyp-turan ýerinde-de Zyýadanyň gürrüňini etdi. Ol hakda näme bilýän bolsa aýtdy. Bilýän zady judabir köpem däldi. Şonuň üçinem ol uly bolmadyk şol bir jümläni gaýtalap ýördi.
– Zyýada maňa: «Oraz, gel meniň ýanymda oturaý!» diýdi. Onuň kakasy trestiň iş dolandyryjysy. Ejesi baş lukman. Zyýada kakasyna-da, ejesine-de: «Haýsy ýigidi halasam, öýe getirerin» diýipdir.
Zyýada Orazyň içki pikirini aňan ýaly, oňa ýakynlaşdy. Bir gün kino gitdi, öýüne çenli bile gitdi. Bir günem Orazyň garaşany boldy – Zyýada ony kakasy, ejesi bilen tanyşdyrmaga äkitdi:
– Ine, meniň halaýan ýigidim! – diýdi.
Ata-ene sesini çykarmadylar. Orazyň daşky keşbini synlanlary bilen oňman, gözleri bilen onuň içine giräýjek boldular. Ata-enesiniň kimdigini, näme işleýändiklerini çintgäp-çintgäp soradylar.
Institutda olar barada gürrüň etdiler.
Ýigitleriň birnäçesi:
– Orazyňky çüwdi! Zyýada nebsim agyrýar. Şeýle owadan, näzeniň halyna, şäherli halyna, çopanyň ogluna durmuşa çykjak bolýar – diýdi. Olaryň bolşuna ýagşydan-ýamandan zat diýmän ýylgyranlaram boldy. Olar nämä ýylgyrdy? Näme üçin ýylgyrdy? Ol ýylgyryşlarda nähilidir bir syr bar ýalydy. Ýöne ol nähili syr? Ol syry biljek bolanam tapylmady, bilenem aýtmady. Oraza onuň, asyl, geregem ýokdy. Oňa diňe Zyýada gerekdi.
Toý güni ýakynlady.
Orazyň kakasy, ähli zada kaýyl ejesi bu toýuň tutulmagyny göwnemediler. Ata-ene iki ýerden:
– Oglum, her kim öz deňini gaşasa ýagşy. Seniň göwün beren gyzyň saňa taý däl, guda boljagymyzam bize taý däl. Ol gyza är bolmak saňa başartmaz, oglum. Ol şäherli. Näme, oňa mynasyp ýigit şäherde ýokmuka? Sen obaly, sada ýigit. Saňa onuň bilen ýaşaşmak gaty kyn düşer. Goý, ol çagalykda bile oýnap-ösenine durmuşa çyksyn. Saňa-da obadan belläp goýan gyzymyz bar. Şoňa öýermekçi – diýdiler.
Oraz öýkeledi:
8
108
gokgi
10 Dekabr 2024
Dowamyna sabyrsyzlyk bilen garaşýan
alma___
10 Dekabr 2024
Dowamyna garaşýan 👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.