enes_∞
10.12.2024 09:24

Üç günden gyş! Bulary bilýäňizmi?❄️❄️❄️
Gyş pasly kimler üçin iň ýakymly pasyl bolsa, kimler üçin ýylyň iň erbet möwsümi. Bu her kimiň garaýşyna bagly. Käbir adamlar aýaz, mymyjak gar we gara bürenen landşafty halaýarlar, käbirleri bolsa gyşyň diňe sowugyny görýärler. Iň gyzykly ýeri bolsa, dünýä ilatynyň ýarymy diýen ýaly ömründe hiç wagt hakyky gary görmändir.

Gyş — biziň ýurdumyzda dekabr, ýanwar we fewral aýlarynda myhman bolsa, günorta ýarym şarda gyş iýun, iýul we awgust aýlarynda düşýär. Astronomik hasaplamalar boýunça gyş 21-nji dekabrdan 21-nji marta çenlidir.

Taryhda gyş hökümdarlaryň buýrugy bilenem gelipdir. Nädip diýýäňizmi? Fransiýa koroly Lýudowik XIV tomusda konkide typmak isläpdir. Hiç hili meselesiz Wersal köşgüniň töwereginde duz we şekerden taýýarlanan «gar» meýdançasy peýda bolupdyr.

Moskwada iň uly gar parçalary gyşda däl-de, ýazda ýagypdyr. Bu 1944-nji ýylyň 30-njy aprelinde bolupdyr. Birden ýagyp başlan garyň tozgalary düýeguşuň ýelegine meňzäp, adamyň egni ýaly uly eken.

Ýewropaly sosiologlar ilatyň arasynda geçirilen barlaglara görä, täsin netijä geldiler — gyşda doglanlaryň 100 ýaşa ýetmek mümkinçiligi beýlekileriňkiden 16% köp eken. Mundan başga-da, gyşda doglanlar berdaşly we sport söýüji bolýarlar.

Gar tozgalary adamyň barmak yzlary ýaly, biri-birinden tapawutlydyr. Köpýyllyk gözegçilikleriň dowamynda meňzeş tozga tapylmady.

Ynsanyň eline düşen iň uly gar tozgasynyň diametri 38 santimetre deň.

Gyşy halamaýan adamlar seýrek duşýar, emma ondan gorkýanlar hem bar. Olar sowuga çydamsyz bolup, gardan we hatda buzdan gorkýarlar. Psihologlar muny kionofobiýa diýip atlandyrýarlar.

❄️☃️
11
250
geldiyevna
12 Dekabr 2024
@Miss_Minnosh❤️, Salam Dünýä, şükür gowy, gowmy özüňem?
PILOT👮‍♂️✈🛩
11 Dekabr 2024
2025 yylam yakynlap gelýami
PILOT👮‍♂️✈🛩
11 Dekabr 2024
mena halamayan gyşy
agzamen2
11 Dekabr 2024
@geldiyevna, Meñ oýmüzdäkileriñ name dahyly bar barde prosta degişme aydylyar alasamyk heleyi DH nirindenäýi sen maşgalañ bilen tanyşasym gelýarda yaman kyn gorman mümkün bolsa hiyczatdan çekinmeyin bolsan mana adresini bersene
Miss_Minnosh❤️
11 Dekabr 2024
@geldiyevna, Salam gowmy gelneje howa seyle bolmaly😁
geldiyevna
10 Dekabr 2024
@Miss_Minnosh❤️, üns berme joram, belki ol agza öýlerindäki aýal-gyzlardan çen tutup aýdýandyr
Miss_Minnosh❤️
10 Dekabr 2024
@agzamen2, manysyz
agzamen2
10 Dekabr 2024
Geljek 2025 Aýal gyzlarmyzyñ baýramy ... Nädip diýýäñizmi!? Geljek ýyl ýylan ýylyda🐍😂
enes_∞
10 Dekabr 2024
@alma___, 👍👍
alma___
10 Dekabr 2024
❄❄ gyşyñ gyşa meñzemese, ýazyñ ýaza meñzemez ( nakyl )
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.