awadan
08.12.2024 17:42
Kim günäkär? / hekaýa soñy
Hanym ikinji stakana ep-esli arak garyp mejburlap diýen ýaly içirdi. Özi hem garşylykly içmekden lezzet alýardy. Nahardan soň ikisi hem stola geçip oturdy. Filiz hanym bir aýagyny beýlekisiniň üstüne atyp otyrdy, öňi ilkli haladynyň aşagy biline çenli açylypdy, butlary mermer sütün kimin görnüp, daşyna çykyp durdy. Şeraba öwrenişikli däl Nejati ýarym serhoş bolupdy. Bulaşyk aňy bilen hanymyň budyny, owadan bedenini synlaýardy. Bu ýagdaý hanymyň islegini artdyrýardy, islegleriniň çaltyrak amala aşmagyna howlugýardy.
Filiz hanym Nejatiden gyz tanyşlarynyň bardygyny, ýokdugyny, olar bilen nämeler gürleşip, nämeler edýändigini sorady. Nejati gyz tanyşlarynyň bardygyny, olar bilen adaty zatlary gürleşýändigini aýtdy. Filiz hanym olar bilen söýüşip, söýüşmeýändigini soranda Nejati biraz utanyp «ýok» diýdi. Bu jogapdan soňra Filiz hanym her ýetginjegiň söýüşmelidigini, ilkinji teklibiň we hereketiň ýigit tarapyndan bolmalydygyny aýtdy. Eger hiç kime aýtmasa, öz aralarynda galsa söýüşmegi öwretmek isleýändigini aýdyp elini Nejatiň boýnuna atyp, ýylgyryp beýhuş ediji gözleri bilen içine giräýjek bolup ýüzüne seredip başlady. Ikisiniň gözleri bir ýere geldi, Nejatini özüne çekdi, ýüzüni ýüzüne basyp, kellesini elleriniň arasyna salyp sypap, myçgylap başlady. Az salymdan soňra özüne ýelmeşdiren Nejatini seresaplyk bilen özünden aýryp gözlerine garady, çydap bilmän dodaklaryna ýapyşyp sormaga başlady.
Nejati ömürinde ilkinji gezek başyndan geçirýän bu işiniň düýşdügini ýa-da huşdugynam aňşyryp bilenokdy. Özünden geçip hanymy durky-düýrmegi bilen gujaklaýardy. Ýarym ýalaňaç bolan Filiz hanym Nejatini hem öz elleri bilen çykaryndyrdy. Huşundan gidäýjek ýagdaýa düşen Filiz hanym Nejatini elleri bilen südürdedip diýen ýaly düşege eltdi. Hanym myhmanyny ol gije ugratmady. Bu pursat ikinji gezek eline geçmejek ýaly Nejatini gujaklap gana-gana ogşady, ogşady…
Daň atdy, oýandylar. Nejati az-kem darykýardy emma Filiz hanym onuň darykmazlygy üçin elinden gelenini gaýgyranokdy. Ertirlik edindiler. Nejati dükany açdy. Birnäçe gün soňra Tahsin obadan dolandy. Işlerine dowam etdiler. Nejatiň öýe gideninde giç gelmegi, sagatlap öýde galmagy, Filiz hanym dükana gelende Nejati bilen gereginden artyk aladalanmagy Tahsiniň ünsüni çekýärdi. Bir gün Nejatini öýüne ugradanynda ýene-de gijigensoň özem öýüne ugrady. Gapyny açyp sessizlik bilen otaga girdi, olary wejeralygyň üstünde ele salansoň däli-telbä döndi. Çübüsindäki sapançany çykaryp gözüni gyrpman ikinsi bir oka tabşyrdy…
***
Bu hekaýany başyndan soňuna çenli diňlän Nury aga ornundan galdy, daş-töweregine garanjaklap:
– Lailahe illallah! Ýa Allam azdyrmaweri. Şeýtanyň şerinden goraweri!…
– Nury aga, Alla näme üçin azdyrsyn? Alla bu ýalançylary näme etsin?
– Toba diýeweri oglum, Alladan bidin hiç närse bolýan däldir.
– Nury aga, bular öz aralarynda ylalaşyp göwün solpundan çykypdyrlar. Sen muňa Alladan diýýärsiň. Bu näme sebäpden Alladan bolsun? Günäkär Allamy?
– Oglum, Alladan däl-de kimden?
– Kimden bolsun, pula kuwalaşyp aýalyny ünsden düşren Tahsinden.
H. Esat ÝAWUZTÜRK
Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI
12
142
wolf
9 Dekabr 2024
Aÿaly gũnãkãr, özine erk edip bilmedik biwepalykdan başga zat etmez
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.