awadan
07.12.2024 18:01
Kim günäkär? / hekaýa 1- bölüm
Tahsin tüçjar bir söwdagäriň golastynda işleýärdi. Birnäçe ýyldan soňra işi ymykly öwrendim diýip özbaşyna bir dükan açdy. Otuz bäş ýaşan hem bolsa heniz öýlenmändi. Kellesinde diňe iş bilen pul bolandygy üçin öýlenmegiň pikirini hem etmeýärdi. Dükanyň garşysyndaky binaň ikinji gatynda bir hanym ýaşaýardy. Kämahal penjireden daşaryny synlan mahaly Tahsini görýärdi. Filiz hanym görmeksiz däldi. Otuz ýaşlaryndady, durmuşa çykmadykdy. Oňa söz aýdanlar kän bolupdy, emma göwüni kap dagynda bolany üçin hiç haýsyna razylyk bermändi. Ýaşy geçdigi saýyn ruhy çökgünlige düşýärdi. Ähtimal bu ruhy çökgünligi sebäpli penjireden gören adamyny halan bolmagy mümkin. Garybam däldi. Özüçe plan biçdi. Tahsiniň dükanyndan bir zatlar almaga ugrady. Ony ýakyndan synlansoň has-da halady. Şondan soňra dükandan aýagy kesilmeýän boldy. Söwdasyny uzaga çekdirip Tahsin bilen gürrüňleşýärdi, arasynda ýylgyryp Tahsinde täsir galdyrmaga dyrjaşýardy. Bu ýagdaý uzaga çekmedi, ikisiniň arasynda söýgi döredi. Filiz hanym kämahal hyýala çümýärdi «Dünýä injek çagamyz gyz bolsa, iň abraýly okuwda okadaryn. Okap uly derejelere ýetewersin, men ýaly garry gyz bolup galmasyn» diýýärdi. Soňra agtygyny oýlardy «Ol mawy gözli, gara gaşly çagajyk maňa el çarpyp ýylgyrsa nädip çydaryn» diýip öz göwün köşgünde güllerden güllere ylgaýardy.
Bu ikisi durmuş gurdylar. Durmuşlarynyň ilkinji ýyllary gowy geçdi emma Tahsiniň juda ýadaýanlygy sebäpli aýalyna känbir üns bermedi, aralaryna sowuklyk aralaşdy. Aýalyň ärinden bitmeli işleri bardy, emma Tahsin bu ýagdaýlaryň pikirini hem etmeýärdi. Her wagt dükana gelýän Filiz hanym ol ýerde işleýän owadan ýigide, Nejata göwün berdi.
Filiz hanym dükandan alan zatlaryny göterip bilmejekdigini aýdyp, Tahsine Nejatiden ugratmagyny haýyş edýärdi. Öýe gelen Nejatini Filiz hanym derrew ugradanokdy. Nejatide erbet niýet bolmasa hem Filiz hanym onda duýgy döretmäge synanyşýardy. Hanymyň bu islegini amala aşyrmaga amatly pursat döredi.
Tahsin obadaky agasynyň öýlenýän oglunyň toýuna gitmekçidi. Birki gün obada galmakçydam. Işeňňir, öýüne belet, eli egri däldigine ynanýan Nejata dükany ynandy, hemem her wagt öýüne gerekli zatlary eltegmegini, aýalyna kömekleşmegini tabşyrdy. Bu tabşyrkdan soňra Nejati her gün agşam hojaýynynyň öýüne gidip gerek zatlarynyň bardygyny ýokdugyny soraýardy. Filiz hanym Nejatini içeri girizip az-owlak işiniň bardygyny aýtdy. Nejati elmydama işini dynansoň gidýärdi, emma bu sapar öý hanymy ony ugratmady. Öýde ýeke özi bolansoň gorkýandygyny, gijräge çenli ýanynda galmagyny haýyş etdi.
Filiz hanym howaň yssydygyny bahanalap, ýüregim gysýar diýip, başga otaga geçip, eşigini çalyşdy. Göwüsi açyk, öňi ilkli halat geýdi, haladyň ilkleri hem ýarsyna çenli açylandy. Filiz hanym Nejati bilen gürrüňleşýärdi, hemem agşam nahary üçin saçagy bezeýärdi. Iki käse bira doldurdy. Biralara arak hem gardy. Nejati näderejede galmak islemese hem näbelli bir duýgy oňa galmagyny buýurýardy. Filiz hanym biranyň işdäni açýandygyny aýdyp içmegini isledi.
Ömürinde şerap içmedik sada Nejata biraň tagamy biraz ajy duýuldy, ýöne halandygy üçin stakany boşatdy.

dowamy bar
11
116
beghanym
8 Dekabr 2024
Biwepalyk bolmasady adamda
alma___
7 Dekabr 2024
👍👍
alma___
7 Dekabr 2024
👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.