Men bada-bat dörtýaşly bolup doguldym…/ monolog-hekaýaMen Wanýa özüni ümsümje alyp barmagy haýyş edip ýalbarýardym, onuň ýanyndan aýrylman diýen ýaly oturyp, onuň öýde nämede bolsa bir zady döwmezligine, zaýalamazlygyna seredýärdim. Eger-de ol bir zady döwäýen ýagdaýynda-da, muny ejem aňşyrmaz ýaly etmek isleýärdim.
Wanýa bilen bolsa hemişe haýsam bolsa bir hadysajyk bolup geçýärdi.
Jigim el-hal ýöreýärdi, aýajygyny süýräp alýardy, eljagazy bolsa düýbünden işlemeýärdi. Ol hemmeje zady elinden gaçyryp, döwýärdi, ejem bolsa muňa heziller edip gülýärdi-de, ony bagryna basýardy.
Örän bahym men Wanýa-da öýümizden kowulmak howpunyň abanmaýandygyna akyl ýetirdim-de, biderek howsala düşmegimi bes etdim.
Indi men her bir boş minudymy ejemiň ýanynda geçirmäge ymtylýaryn. Biz ejem bilen sagatlap bileje oturyp, ol-bi zatlar hakda gürleşýäris.
Ýadyma düşýär, bir sapar üýşüp otyrkak, ejemiň joralary öz çagalary dünýä inende olaryň boýunyň, agramynyň näçe bolandygyny, olaryň öz bäbejiklerini birinji gezek nähili keşpde görendiklerini ýatlap ugradylar.
Şol pursat, meniň aýagymyň aşagynda ýer opurylyp, düýpsüz girdap emele gelene döndi. Men özümi gaplan duýgulardan ýaňa hatda dem almagam unutdym.
Ejem bolsa ýylgyrdy-da diýdi: “Mişajanym 3800 gramlyk, 52 santimetrlik bolup doguldy. Maşajanym 3200 gram we 47 santimetr, Wanýajanym 2700 gram agramlyja, 45 santimetrlik boýjagazly, Lilýajanym bolsa 2100 gram hem 44 santimetrlik bolup dünýä indiler”.
Soňam ejem, birinji gezek bizi görende, biziň nähili gowuja, mähremje bolup özüne görnendigimiz hakda-da, özüniň nähili duýgulary başyndan geçirendigi hakynda-da gürrüň berdi.
Men ejemiň aýdýanlarynyň hakykat bolmagyny şeýlebir küýsedim, şeýlebir küýsedim welin, gaty bahym bu ajaýyp ertekiň çyndygyna ynandym, şondan soňam özümiň ajy ýatlamalarymyň ornuny şol erteki bilen çalyşdym.
Ejem bolsa, meni edil bäbejik ýaly dolap, ýygy-ýygydan huwwalaýardy.
…Şu pursatlara aşykdym.
Hatda häzirem, haçan-da meni nämedir bir zat tolgundyrsa, ejemiň ýanynda oturýaryn-da, onuň elini gysýaryn, şonda-da düşünýän, meniň üçin ejemiň şu mährem ysyndan, mähirli ýylgyryşyndan, aladaçyl nazaryndan mähriban hiç zat ýok.
Özem, geň galaýmaly, men nirede bolsam-da, haýsy pişe bilen meşgullansam-da, meniň gözümiň öňünde ejemiň gözleri.
Olar şadyýan bolup bilýär, gussaly, begençli ýa-da howsalaly, ýadaw ýa-da uçgun syçradyp duran mähirli… Ýöne olar hemişe bize aşyk!
Ejem hemişe maňa buýsanç ýa-da alada bilen garaýar… emma hiç haçan biperwaý ýa-da gyjalat bilen seredip bilmeýär.
Men, has dogrusy, biziň hemmämiz biziň mähriban ejemize meňzejek bolup, çyr-çytyr.
Şonuň üçinem, Zemin üste hemme çagalara öz ejeleriniň şeýle gözlerini hemişe görüp durmaklaryny arzuw edýäris.
29.10.2021 ý.
Soñy