Tayler
05.12.2024 11:06
Gitmäkäň diýipdiň: "hiç zadam bolmaz,
bilmediň-ä entek söýgim dadyp sen"
Sen bilmersiň,
ýöne nam-nyşan galmaz,
Bir mahalky Ependi deý bälçikden.

Setirlem tukat bor, gülip gezsemem
Ajy gussa bilen geçer aý, günim.
Sen bilmersiň, süýji iýip ýazsamam
Süýji goşgusy deý bolmaz Aýgüliň.

Paňkellämem aýdar - seniň kemdigiň,
Goýmasam-da ony bar ýere belläp.
Sen bilmersiň, emma bolar endigim
Ýataryn her gije kirpigi ölläp.

Kem-kemden "çöp" borun,
giň bolup girer,
Owallar ylaýyk bolýan eşigem.
Sen bilmersiň, menden hemmeler irer,
(Göwnümi göterjek bolýan pişigem)

Wagtam bize bakmaz, ugruna uçar
Ýaşym uly eder, umyda:m kiçi...
...Sen bilmersiň,
Bilmersiň sen hiç haçan
Söýmändim men seni unutmak üçin...!

Ylham Gurbanaly
6
42
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.